Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:53
Aşyk bolsaň bol, ýöne çilme!

Döredijilik adamlaryna, hususan-da şahyrlara mahsus bolan bir häsiýet bar. Haýsydyr bir galamdaşynyň ajaýyp goşgy döredenini görüp, şahyryň kemsinmegi adaty ýagdaý we gowy alamat. Şol bir wagtda-da gowy ýazylan goşga aşyk bolmagy onuň estetiki-emosional duýgularynyň sagdynlygyndan habar berýär. Edil şu meseläniň negatiw ýagdaýa ýol açmak tarapy-da bar. Men şol negatiwligiň gürrüňini etjek bolýan.
Gowy goşgyny şahyr çalt tanaýar, goşgy öte gowy bolsa, ajaýyp bolsa, özi bilmän oňa aşyk bolýar. Onsoň günlerde bir gün ýaňky aşyk bolan goşgusynyň bir setirjigi onuň öz goşgusyna geçýär. Şahyr muny bilmän etse, täsirlenmek diýilýär, bilip etse, çilmek bolýar, muny edebiýat ogurlygy diýip atlandyrýarlar. Soňky diýýänim köplenç başlangyç awtorlarda kän gabat gelýär. Haýsy bolanda-da, bular gowy alamat däl, täsirlenmegem, çilmegem hiç bir jähtden utuşly bolmaz, bähbit getirmez.
Ýöne, näme, goşgy kän, goşgy ýazýan ondanam kän. Onsoň özüňden öňkini gaýtalamak, täsirlenmek, meňzeşlik, setir ogurlygy häli-şindi onda-munda çykyp dur. Men şahyr däl. Ýöne şu keselden gutulmak üçin köp okamaly diýip pikir edýän. Okap-okap, özüňi tapmaly, gözlemeli, eksperiment etmeli, sözüň edebi manysynda yzygiderli hokga çykaryp durmaly, kämilleşmeli!
Aýdylmadyk pikir tapjak gümanyň ýok, ýöne görüş ukybyň we beýan ediş usulyň hiç kimiňkä meňzemese, setirleriň hem kimdir biriniňkä meňzär öýdemok. Muňa edebiýatçylaryň dilinde öz ýoluňy tapmak diýilýär. Meň bu diýýänim jedelli mesele bolmagy-da mümkin. Sebäbi şu meseläniň başga bir irnik tarapy bar. O-da şahyrlaryň ruhy ýakynlygy, bir sredanyň çägindäki meňzeş dertleri, töweregindäki atmosferanyň basyşy we beýlekiler. Her niçik-de bolsa, dürli şahyrlardaky meňzeş setirler bilen oňuşmak kyn.
Men aşakda halypa şahyrlardan käbir mysallary getirmekçi.
Atajan Annaberdiýewiň “Batyl goja” goşgusy şeýle setirler bilen gutarýar:

Gömüp giden minalaryn duşmanyň
Tapman şindem gözläp ýören ýaly ol.
(Çydamyň çägi 19 sah.)


Atamyrat Atabaýewiň “Kör” diýen goşgusy bolsa şeýle setirler bilen gutarýar:

Göýä mina agtaryp ýör
Zemine dürtüp hasasyn.
(Dowamat dowam 94 sah.)


Mysal getirilen goşgularyň ikisiniň gahrymany hem uruşda göz şikesini alyp, görmekden mahrum bolan. Ikisiniň-de başdan geçirýän duýgusy meňzeş. Ýagny, hasasy bilen mina gözläp ýören ýaly. Obýekt meňzeş! Detal meňzeş! Ahyrynda pikir hem meňzeş! Aýratyn bellik: goşgularyň ikisi-de jedelsiz gowy çykypdyr.
Setir meňzeşligine käbir mysallar:

Suwy gaýmaklapdyr Aýyň nurundan
(A.Atabaýew. Dowamat dowam. 92 sah.)

Akar gaýmaklapdyr Aýyň nurundan
(M.Babanazarow. Güller deňzi. 5 sah.)

Göz ýaşyna ýuwup barýar ýüzüni
(I.Nuryýew. Gündogarly. 10 sah.)

Göz ýaşyna ýüzün ýuwup barýardy
(M.Babanazarow. Aşyk Aýdyň. 29 sah.)

Men seni ýitirip, özümi tapdym
(A.Atabaýew. Gumsagat. 116 sah.)

Seni ýitirdim-de, özümi tapdym
(M.Babanazarow. Güller deňzi. 21 sah.)


Şeýle mysallar başga-da kän. Hemmesini agzap oturmagyň geregi-de, manysy-da ýok. Goşgularyň haýsynyň öň, haýsynyň soň ýazylandygy barada tebigy sowallaryň hem dörejegi ikuçsyz. Ýöne onuň näme ähmiýeti bar? Maksadym – kimdir biriniň başga birinden setir alandygyny paş etmek däl-de, şeýle ýagdaýyň gaýtalanmazlygyny ýanjamak. Ýogsa, mysal getirilen goşgulara at dakar ýaly däl. Awtorlary hem tanymal, halypa şahyrlar. Şeýle-de bolsa, setir meňzeşligi lapyňy keç edýär.
Eger bir şahyryň “Bagda güller açyldy” diýen setirini başga bir şahyr “Açylypdyr bagda güller” diýip, özüçe üýtgedip alan bolsa, onuň gürrüňini edip oturmagyň-da hajaty bolmazdy. Çünki beýle tipiki setirler biziň edebiýatymyzda bir ýa iki däl, sanardan has agdyk. Üssesine-de olarda täze, şireli söz düzümleri gaýtalananok, dyňzap duran duýgy ýa heser ýok. Olar ýönekeý hem adaty peýzaž suratlandyrmasy.
Ine, şu günüň başlangyç awtorlarynyň we ýaş şahyrlarynyň dykgat etmeli meseleleriniň biri! Gowa gowy diýmeli, gowa aşyk bolmak hem aýyp däl, tersine, oňlanylmaly ahwalat. Ýöne ony gaýtalamakdan ägä bolmaly, meňzeşlikden gaça durmaly!
Bir uly şahyry halypa tutunmak peslik däl. Halypanyň döredijiligi şägirdiň taplanmagynda ähmiýetli resurs. Okamaýan, öwrenmeýän, diňe öz ukybyna bil baglaýan we ezeli zehinine artykmaç baha kesýän, halypasyz awtoryň igläp, ömürboýy kagyz zaýalap geçýändigi barada edebiýatyň taryhynda näçe diýseň mysal tapyp boljak. Edil şonuň ýaly-da, halypasynyň edebi obrazlaryny, şireli detallaryny, tilsim-tärlerini köre-körlük bilen gaýtalaýan galam eýeleriniň hiç bir babatda üstünlik gazanyp bilmändigi barada hem ýeterlik deliller bar.
Ykbalyny galama baglan, şygyr senedini ömrüniň manysyna öwürmäge töwekgelçilik eden awtorlar bilip ýa bilmän setir alan bolsa, derrew bir alajyny görmeli, ýa-ha goşgyny ýyrtyp ýok etmeli, ýa-da meňzeş setirleri üýtgetmeli! Şu talap söz sungaty bilen çynlakaý iş salyşýan her bir adama degişli.
Ýazan zadyňy ýyrtaýmak aňsat iş däl, eýsem-de bolsa, iň bolmanda ertirki gün döräýmegi ähtimal kölegeli gürrüňleriň bolmazlygynyň hatyrasyna özüňe gazaply daramaly!
Göräýmäge ownuk gürrüň ýalydyr. Ownaýan bolmagymyz hem mümkin. Ýöne özüm-ä ýokardaky ýaly meňzeşlikleriň tarapdary däl.
Elbetde, prefraza bolsa, başga gürrüň.

19.07.2013ý. Mary.

Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Edebi makalalar | Görülen: 124 | Mowzugy paýlaşan: Pegas | Teg: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
1
1 Sylapberdi • 15:41, 28.12.2023
Gowy makala bolupdyr. Hazirki çilýän şahyrlar hakda hem aýtmaly eken.
avatar
0
2 Seýrаn • 22:37, 28.12.2023
Umumanam hazirki gunlerde hem bar bolsa yazaymaly. Yokarda mysal-da getiripdir.
avatar
0
3 Kyyas • 22:54, 28.12.2023
Birinji mysal mende kän,
avatar

Старая форма входа
Total users: 203