Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

09:25
Gel, ...

GEL, ...

Gel, kirlän ýüregimi ýuw,
Gel, kerebni aýyr köňlüň.
Ýigrimi alty ýyllap diňe
Gündiz ýaşap, gije öldüm.

Gel, kemimi ýüzüme bas,
Gel, bar aýbym ile buşla.
Öz-özümden baý utanýan,
Meni tananlara duşsam.

Gel, şygrymy şygyr saýman,
Gel, sazlaşmadyk setirme.
Indi gaýdyp huşdan gitsem,
Özümi dünýä getirmen!

Gel, üzülen umydymy,
Gel, sapak deý düwüp bilseň.
Durmuşda kän ýigrenildim,
(Oňat bordy öwüp bilsem).

Gel, aglamak aýyp dälkä,
Gel, ses etmäge, Mähriban!
Meni çakdylar, adamlaň
ýylandan beter zähri bar.

Gel, ölen agama meňzäp,
Gel, öweý bolsaňam kabul!
Doglanda çyn betbagta,
Gargyş deý siňenňe, sagbol!

Gurbanmyrat Saryýew.
09.12.2023ý
Bölümler: Goşgular | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Lacrymosa | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
2
1 Lacrymosa • 09:33, 11.12.2023
Okaň-a myny: biziň ilde sadaja oba zenanlary nähili şahyr ogullary dogurýarlar! Eneler gurt dogurýandyr biziň ilde!
Şu wagt ,,Öwünjeňlige göwünjeň" sindromym gozgaýa-da.
Jemlemesini täzeledesim-ä gelip dur weli...
avatar
1
2 Medicall • 10:02, 11.12.2023
hawaa, jemlemesinde näşükirlik bar ýaly duýulýar, sözler bilen oýun etmeli däl!!! emma goşgy welin özüne bendiwan edip bilýän derejede "goşguda kime Gel, diýenem bolsa tizden-tiz barsyn...' diýesiňi getiriiip dur. Ajaýyp!
Gurbanmyrat jigimize bu ýerden dogaýy salamlarymyz bolsun! Bizem Edebiýat Kafesinde saňa garaşýandyrys jigim! Iň gowy arzuwlarymyzy kabul edeweri!
avatar
0
3 Мango • 14:05, 11.12.2023
Men çakdylar, adamlaň
ýylandan beter zähri bar.

(Meni...???)
avatar
0
4 aygull • 17:01, 11.12.2023
Ne oldy beýle?
avatar
0
5 sussupessimist • 19:45, 11.12.2023
ile buşla diymegi, bir tuysli, kapyya üçin ulanylan yaly dälmi? Ya-da beyle däl bolsa, il seniň aybyňa begenmelimi? Ile ondan näme peyda? Marginallyk diyjek bolsaňam, marginallary iliň garayşy gyzyklandyryamyka beri?
Soňundaky "sagbolam" goşgudaky sazlaşygy döwyän yaly
avatar

Старая форма входа
Total users: 202