Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:47
«Sary» reňki nirden tapdyň?!

SARY REŇKI NIRDEN TAPDYŇ?!

«Sary» reňki nirden tapdyň?!
«Bugdaýreňk» bolaýsadyň-da...
Kysmatymy ýerden tapdym,
Asmandan geläýsediň-dä.

Sary «gaş», sary «kirpikleň»,
«Goňrumtyl» bolaýsady-da.
Saçlaryňy «gara güller»,
Gysymlap bogaýsady-da.

«Birmeňzeş» bolup geçmänjik,
Bap-başga «dogaýsady-da».
Meni bu mähelle geňläp,
Dünýeden kowmaýsady-da.

«Söýgim» ýüregimi däl-de,
Ýüregňi «diläýsedi-dä».
Şeýleräk «söýgiň» bardygnam,
Ýakynlaň biläýsedi-dä.

Iki-ýeke goşgujygym,
«Kalbyňy» sünjäýsedi-dä.
Muňa «janym» güwläp-güwläp,
Öň-soňky «ynjaýsady-da».

Takdyryň gara galamy,
Täzeden ýazaýsady-da.
Meniň şu mynajadymy,
Biribar syzaýsady-da...

© Gurbanmyrat SARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 153 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 3.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 21:20, 28.04.2023
Sözler näme üçin goşadyrnakda?
avatar
0
2 Saryýew • 22:03, 28.04.2023
Mango, aslynda bu goşguda liriki gahrymanyň söýen şahsyýeti bilen arasyndaky gapma-garşylygyň syry aýdyljak bolunýar. Her bentde goşa dyrnajyga alyp, şol sözleriň üsti bilen diýiljek bolýany aýtmaga synanyşdym. Eger-de ünslüje okasaňyz-a, goşga düşünermikäňiz diýýän. Halys düşünilmese, onda meniň işimiň pyrrykdygy:(
avatar
0
3 Kyyas • 08:24, 29.04.2023
Söýen gyzyna aýdýan bolsa, onuñ ähli zadyna aşyk bolunýardy. Sary bolsa sarylygyna aşyk bolup saryjam diýmeli. Ös söýgüliñden nä4azyçylyk bildiren ýalymy?
avatar
0
4 lirika • 10:26, 29.04.2023
Bu gosguda gözüme ilen üýgesik zad-a bolmady.
Birje sorag: Näme üçin köp gosgulañda (su saýtda paýlasan gosgularyñdan çen tutsam) sary reñk, umuman, sarylyk diýen düsünje gosgularynyñ içinden eris-argaç bolup geçýär?
avatar
0
5 Saryýew • 21:40, 29.04.2023
Ol meniň iň ullakan syrym!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202