Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:41
Ol özüni gözleýär

OL ÖZÜNI GÖZLEÝÄR...

Bu geňem bolsa, şeýle. Ol özüni gözleýär. Ýöne hiç tapanok. Ýadynda welin, şular galypdyr:
Eline galam berlen, ýüregi ýaşlyk joşgunyndan doly oglan. Özem obaly. Modany kowalap, il bilen aýakdaş geýinmek asyl pişesi däl. Şonuň üçin daşky keşbi oba ýigitleriniňkä meňzeşdir. Bar küýi edebiýata aralaşmak, çeper döredijilige berlip, ahyrky menzile ýetmek. Soňky diýeni mümkinem däl welin... Saçlary çagalykdan galan buýrarakdyr. Orta boýdan, horjadyr. Gözleri içine çöküp duranlardan bolmasa-da, şoňa golaýdyr. Gözüniň şol wagtlar-a görşi peselip başlapdyr. Belki, ine, şunuň üçinem ýiten bolmagy ahmal. Ýörejek ýoluny saýgarman, azaşaýdymyka?!
Onuň kalby poeziýanyň mylaýym howasyndan dem alýardy şol wagtlar. Megerem, bu sähraýy oglan bolandygyndan şeýledir. Oba – sähraýy ýer. Onda giňişlik bar. Özem aňyrsy-bärsi görünmeýän giňişlik. Poeziýa-da şeýle. Oňa aralaşyp azaşmagam bar, aýňalmagam bar. Kämilligem bar, täsinligem. Ýoly saýlamak ýene-de özüňe bagly. Ol bu ýerde ýiten bolmagam ahmal...
Durmuş – okuwçy sany näbelli, mugallymy ýeke-täk mekdep mysaly. Onda synaglar juda köp. Olara her menzilde taýyn bolmaly. Geçeniň ýa geçmäniň, köplenç, ýyllaryň ötmegi bilen bilnip galýar. Adamlara baha-da goýulmaýar. Goýulsa-da, ony aýtmaýarlar. Durmuş mekdebiniň MUGALLYMAM ýalňyz. Biz ONY hiç haçan görmeýäris. Ýöne bardygyny, bize sapak berşini, öwredişini duýýarys. OL juda kämil, sahy, jomart, sabyrly, geçirimli, giň we gahryman... Megerem, ol durmuş mekdebinde uklap galandyr. Baryň, ony oýaryň!..
Uniwersitet – ýaşlygyň ýaz möwsümi. Ol ömrüniň üýtgeşik ýyllaryny şol ýerde geçiripdi. Hemme zat hezil. Ýelginlik, hyruç, dälilik, asudalyk, söýgi... Hiç kim ondan hiç zady geňlemeýär. Ýaşlyk barysyny göterýär, özüne gelişdirýär. A onuň bolsa, şol bolşy. Kitaplary ýa gazet-žurnallary daşyna üýşürip, irkilip galaýmak endigi bar. Kitaphanalara baryp, kitaplaryň içinde ýitip gitmegem daşda däl. Megerem, ol şo-ol kitaphanalardan gaýtmagy unudyp, henizem oturandyr... Ýokary okuwy tamamlamagy islese-de, uniwersitetden gaýtmagy kyn gördi. Talyp oglan-gyzlardan doly howly. Okuwa howlugyp barýan talyplaryň umumyýaşaýyş jaýy. Fakultetiň kitapdan dolup duran kitaphanasy. Irki ýyllardan bäri hereketde bolansoň, bu kitaphanada, gör, niçik ägirt ýazyjy-şahyrlar okap geçendir. Ençeme kitaplaryň sahypasynda el yzyny galdyrandyr. Kitaphana girse, şol şahsyýetleriň ruhuny duýýardy ol. Olaryň nazary kaklyşyp, häzirem sesi eşidilip duran ýalydyr onuň göwnüne... Kim görüpdir, ol fakultetiň köneje kitaphanasynda nämedir bir kitaby gözledip, henizem nobatda garaşyp durandyr...
Iň soňky gezek ol eli goňur torbaly, başagaý haldady. Has daýawlanypdyr. Durmuş ony birazam bolsa taplapdyr. Aladalydy. Kimdir biri bilen telefonda gürleşip barýardy. Ýüzi gussalydy, gözi ulaldýan äýneklidi. Pikirinde näme bardyg-ha mälim däldi...
Ine, bu zatlary okyjylaryň oňa kömegi ýeter, ony şol halda ýolda-yzda görseler habar ederler diýen umyt bilen gürrüň berdik. Adamçylyk-da. Oňa duşsaňyz, ony özüne gowşuraweriň! Çünki ol özüni gözleýär...

© Gurbanmyrat SARYÝEW.
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 79 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Gurbanmyrat Saryýew | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203