23:34 Men seni söýäýdim, söýäýdim öýdýän... | |
Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Soňky günler maňa bir zad-a bolýa. Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýa. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Seni seredenden gabanyp ýörün. Käte seň ýanyňda egnimi gysyp, Kä donuma sygman gabaryp ýörün. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Sen maňa birhili ýowuz görünýäň. Men seniň ýanyňa baryp bilemok Hem oňup bilemok saňa görünmän. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Sen meniň elimden gidäýjek ýaly. Juda uly saýyp ýören bu bagtym Birden iňňä dönüp ýitäýjek ýaly. Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Göwnüme sen meni söýmeýän ýaly. Bu zatlary nädip saňa aýdyp bor, Nädip saňa duýduryp bor ahwaly? Men seni söýäýdim — Söýäýdim öýdýän, Soňky günler maňa bir zad-a bolýa. Begenmesiz zada begenip ýörün Hemem sähel zada keýpim bozulýa. © Atamyrat ATABAÝEW Çeşmesi: ,,Dünýä edebiýaty” žurnalynyň 2015-nji ýylyň 1-nji sanynyň 82-nji sahypasy | |
|
Ähli teswirler: 3 | |
| |