Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:38
Towakga
TOWAKGA

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Sütüni söýgiden,
Kerpiji bagtdan,
Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn.
Asudalyk ornaşsyn üçeginde,
Dolsun süýji sözden alynan batdan.
Reñkläñ ony datly düýşleñ reñkine,
Poluna düşäýiñ pikir keçesin.
Şatlyk sesi ýañ berip diwaryndan,
Gozgalaña salsyn ylham köçesin.
Penjiresi sap duýgydan gurulsyn,
Syrylmasyn perde, men göge bakjak.
Ýagty günüñ yssysyna çoýunsa,
Pejem derkar däldir, bolmañ siz ýakjak.
Gapysyny açyp goýuñ her daýym,
Tanyş-nätanyşdan gizlemäñ ony.
Goý, bezegi ýöntem bolsun,zelel däl,
Hoş niýetler bilen siz bezäñ ony.

Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Gaýry zada tamakin däl, dokmäde.
Azat ediñ ýaramaz gylyklardan
Men içinde zat tapmaýyn dökmäge.
Aýdymlardan gül ekerin,güllär ol
Penjirede küýzejigin goýaryn.
Gaýtalaryn diñlense-diñlenmese,
Biygtyýar synlap durman solaryn.
Sallançak deý törde sallansyn umyt,
Elmydam mähirden dolsun pürepür.
Oýun-baza gyzan körpe mysaly
Töweregin şowhun-şoha büresin.
Orny mäkäm bolsun goja dünýä deý,
Gozganmasyn, ýyllar geçsin,ýel geçsin,
Maña ýaşar ýaly ýeke jaý beriñ!
Ol jaý siziñ ýüregñizde ýerleşsin.

Mahym NURGELDIÝEWA

28.08.20 ý
Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Belki | Teg: Mahym Nurgeldiýewa | Рейтинг: 4.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Belki • 13:39, 08.03.2024
"Towakga" ady
avatar
0
2 Mekan2 • 11:01, 09.03.2024
gowy. bir-ä goşgyň ady, soňam şu üç setirinden galan ýerini haladym

Oýun-baza gyzan körpe mysaly
Töweregin şowhun-şoha büresin.
Orny mäkäm bolsun goja dünýä deý,
avatar
0
3 sussupessimist • 11:29, 09.03.2024
"Pejem derkar däldir, bolmañ siz ýakjak"
"Hoş niýetler bilen siz bezäñ ony"


şu iki setiri tebigyrak ýaňlanar ýaly sazlamaly, ýogsam kapiýa üçin sözleriň ýeri çalşylany gaty tagaşyksyz görünýär.
Ýöne gowy kartinaly goşgy bolupdyr.
Birtüýsli, özümiň "Gara gohum" ýadyma düşüp gitdi. Hamala, şondaky aýalyň aýdaýjak sözleri ýaly.
Ady hem ýerine düşüpdir. Türkmen dilimiz owadanaý
avatar
0
4 Mekan2 • 11:50, 09.03.2024
3-e.
1. (bu iň esasysy) şonyňy paýlaşara çen boldy.
2. şeýle bolsa näderdi?

"Pejem derkar däldir, gurjak bolmañ siz"
"Hoş niýetler bilen bezäñ siz ony"

3. Ady hem ýerine düşüpdir. Türkmen dilimiz owadanaý
birinji sözlemiňde orslaň oruslaň "на вкус и цвет товарища нет", ikinjiňde türkleň "Akılın yolu bir" sözleri aklyma geldi :-)

4. bu ýeri nähili

Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn.
Asudalyk ornaşsyn üçeginde,

ýa şeýle bolsa gowumy

Daş suwagy hyýal bilen suwalsyn.
Üçeginde asudalyk ornaşsyn,
avatar
0
5 ToylyOraz • 16:12, 18.04.2024
Говы язылан экен гошгы, гыз сыпайылык билен озинин ички дунясини беян эдяр.. Меселем Биз эркек болуп коп ерини эркек кишилере кыбапдаш пикирлер билен дузетмек ислеяс эмма эйле этседик гызын гошгусындакы зенан назиклиги гайып болуп билер.. Гошгын камиллик билен зенан калбыны беян эдип билши менин говнуме ярады! Говшак тесвирим ун отунч сораян!
avatar
0
6 Aýgül_Baýadowa • 23:28, 18.04.2024
ToýlyOraz, öňem bir Lacrymosa divip gowy joram bardy şu saýtda. Şolam "gowşak" teswirleri" ýazagandy.  Siz maňa  şony ýatladyp, meni gam laýyna batyrdyňyz...
avatar
0
7 ToylyOraz • 00:07, 19.04.2024
Мм Белки ...
Коплере мензеден улумсылыкдан,
гошажыкда болса Песпаллик ягшы!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202