Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

00:04
Jynlar bezmi ýa-da uly oýun - roman (başy)
JYNLAR BEZMI ÝA-DA ULY OÝUN

Özbek dilinden terjime eden
Kakamyrat Ataýew


Köňüldäki muhabbetiň uçgunyn
Arzuwlarmyň bir künjünde gizledim.
Ol uçgunyň gudratyndan synamda
Dermansyz dert, agyr ýara syzlady.

Gulagma bagt sazy bolup eşdilen
Azan sesin şeýtany diýp oýladym.
Şonuň üçin bagt paýlaýan perişdä
Bor-bolgusyz tymsallary söýledim.

Diňläp, zülplerini oýnap durşuna,
Diýdi: “Bu tymsallaň biderek bary”.
Şu sözleri gulagyma eşdildi:
“Akdym ganly suwda, köp çekdim zary...”

“Ak, akyber – diýdi tymsallar şasy. –
Seniň tagtyň, bagtyň onda garaşýar.
Sary sadyr, ganly suwuň astynda
Gara geýnen janyň şöhlesin saçýar.

Güm bol, şeýtan, basyrgandym... gorkýaryn,
Git! Galkan deşildi, gylyjym syndy.
Göreňokmy? Galmaz günde galyp men,
Soňsuz bela-beter başymdan indi.

Soňky nepes, ahyrky dem, eý, melek,
Gel, bir seret, soňra ýykylsyn pelek!

Çolpan

OWLAKGAPDY

Şo ýylyň güýzi üýtgeşik gözel geldi. Şähere aýlanyp, Gökjedäki täze gurlan tramwaý duralgasyndan çola köçäni syryp öýe gaýtsaň-da, Samarkant Derwezesiniň pagsa diwarynyň suwagyny synlasaň-da, argyn zähmetden soň öz bagyňda gezim etseň-de – gök asmanyň astynda ýaýylyp ýatan ýer al-elwan reňkde. Sarymtyl-gyzlymtyl ýapraklar guraman, şahasyndan tänmän, göýä arassa we asuda howada tä gyşa çenli ygşyldap oturjaga meňzeýär. Görer göze bildirmeýän-de bolsa, şular ýaly durnukly howada we şuglasy öçüp barýan kuýaşyň astynda bilniksiz gussadyr hesret duýulýar. Bu uzaklarda bir ýerlerde ýakylýan guran ýapraklaryň ajy tütüniniň ysymyka?
Kim bilýär...
Abdylla bu gün üzüm agaçlaryny gömmegi ýüregine düwüpdi. Üzüm gömlende üstüni örter ýaly ýylak orlup, bir gyrada üýşürilip goýlupdy. Arada çagalar ot ýakyp, tas ýylak üýşmegini otlan eken. Hernä Hudaý sowupdyr.
Ýaýbaň diregiň aşagynda durka eli üzüm gaýçyly Abdyllanyň birki ýerde söwüt çybygyndan edilen sargynyň üzülendigine, şahalaryň bolsa daňysynyň çözlendigine gözi düşdi. Ol bu geň ýagdaýy nämä ýorjagyny bilmedi: hasylyň aşa köplügindenmi ýa idegiň azlygyndan? Dogrudanam, ne tomus, ne güýz üzümlere öňküsi ýaly seredildi, üzüm şahalaryna agram bary düşendir.
Onuň kejebesi darykdy. Ýumşak howaly alabaharda üzümleriň üstüni açaly bäri dünýäde jynlaryň bezmi başlanan ýaly boldy. Köçede günuzyn orkestriň galmagaly bilen “ura-ura” sesleri. Hadradan tä Orda çenli her binada tagaşyksyz suratlar asylan. Ýere dikilen syrdam agaçlaryň depesinde reňbe-reň baýdaklar. Gijelerine bolsa, ýekelenen, çürtülen sähra otlary ýaly dostlary bir-birden gaýyp bolýarlar. Baýak Gazy Ýunus halypanyň otdan-suwdan gorap ulaldan ogly Tolkun kakasynyň altyn sagadyny alyp geldi, karzyna pul diledi. Düýn bolsa, Çolpanyň biçäre aýaly Katýa hanym gelip: “Siz goldaw hatyny ýazyp beriň, size ynanýarlar-a” diýip aglady. Häzir kim kime ynansyn?! Birehim, bulaşyk zamana. Entek sähra otlaryny ýekeläp, çürtüp gutarmandyrlar. Hezreti Nowaýy aýtmyşlaýyn: “Mazenderan tokaýyna ot düşdi”. Garma-gürmelikde gurysy-çygy bir ýanýar. Ine, onuň özi hem eýerlenen at kimin taýýar. “Çüw” diýilse, eňibermeli.
Şular ýaly gussaly oý-pikirlere bendi bolup, Abdylla üzümleriň düýbünden çykyp gelýän ýaş çybyklary gyrkyp başlanyny hem duýmady. Ol gyşyk ösen şahalary kesip aýyrdy. Häzir çagalary hem jagyl-da-jugul bolşup kömege gelseler oňat boljak. Arman ulusy Habybylla syrkawlap ýatyr, ýogsa, ýanyna gelip, işi biraz ýeňilleşdirerdi. Körpesi, tokarja Masud bolsa kakaçyl. Haçan görseň “Kakam, kakam jan” diýip ýörendir. Orak sorasaň, kesewi getirýän-de bolsa, ol gepe gezek gelende ökde. Kiçi ogly ýadyna düşende Abdylla göwnühoş ýylgyrdy. Häzir merdiwany üzüm dalbaryna söýeseň, bu çaga üçin güýmenjeden başga zat däl, maýmynjyk ýaly dyrmaşyp, derrew depesine çykjak. “Kaka, aý, kaka, üstündäkileri men kesjek” diýip, kiçimanja bagban ýaly bolup, öz eňegine tutjak.
Ýeri, bolýar-da! Bu gün üzümleriň hemmesini kesip, ýatyryp, daňyp, ýylak bilen basyryp gömmäge ýetişmejegi belli. Ertir bar, Hudaý ýol berse, birigün bar... Üzümlerem gömüp ýetişer, gyş sowlup, şabyr-şabyr ýagyşly-ýagmyrly ýaz hem geler, nesip etse, ýene täze baldaklar dürterip çykar... Bir gömler, birem hiç zat bolmadyk dek açylar... “Edebiýatda-da şeýle dälmi?” diýip, Abdylla seňrigindäki der damjasyny süpürip oýlandy.
Ýapraklaryň arasyndan düşýän Gün şöhlesine gözleri gamaşdy, şo pursat şapbat ýaly ýapragyň astynda gizlenip ýatan kiçijik üzüm salkymjygy göründi. “Gyrmyzy-gyrmyzy” diýip, öten ýyl niredendir bir ýerden getirip, eken üzümi. Bu hoşa hem gyrmyzy adyna mynasyp, basyrynyp ýatan ýerinde gyp-gyrmyzy bolup ýetişipdir, tos-togalak üzüm däneleri hem damjadan uly däl, hut oýnawaç üzümiň bar-da. Abdyllanyň ýüregi gürs-gürs urdy. Ençe wagt bäri ýazsam diýip, kalbynda besläp ýören bir kitaby bardy: üç patyşa aýal bolan gözel keniz baradaky hekaýat. Ýapragyň astynda gyz ýaňagy kimin gyp-gyrmyzy bolup gizlenen bu üzüm hoşajygynyň giçki güýzüň bir güni ýalaňaç çybyklaryň arasynda duýdansyz peýda bolmagy Abdyllanyň buýr-bulaşyk oý-pikirlerini ýazyp goýberdi. “Masud, balam, gel bäri!” diýip, öý tarapa begençli gygyrdy. “Birden ajan bolaýmasyn?” diýip, körpe ogluna niýetlän üzüm hoşasynyň iň maýda dänesini golaýda tamamlanan orazadan bäri indi-indi tagam duýup ugran agzyna saldy. Üzüm dänesi tyrsyldap, bal ýaly süýji tagamy Abdyllanyň bütin bedenine ýaýrady.
Şobada kyssany nähili başlajagyny bildi. Ol şeýle bir ajaýyp kyssa bolar, ony okan adam “Öten günleri” hem “Mährapdan çykan içýany” unudar. Häzir köçäň o çetinde ýaşaýan Ahmet Karydan “Badoýe ul-wikoýany” alyp okaýar diýäýmeseň, Molla Alymdyr Magtym Hekim han ýaly alymlaryň işlerini bireýýäm okap çykdy. Hojalygyň oduk-buduk alada-hysyrdylaryny bir ýaňalak edip, şu gyş pejiň başyna geçip, basa otursa, kyssany gümansyz ýazyp gutaryp biljek.
Läliksiredilen tokarja körpesi – kakaçyl ogly öýden çykmanka Abdylla garaşylmadyk ýerden peýda bolan gyrmyzy üzümiň ýene bir dänesini tyrsyldadyp iýdi-de, üzüm salkymjygyny gulagyna gysdyryp, işe girişdi.
Şol aýazly gyşyň 31-nji dekabr güni, täze 1938-nji ýylyň bosagasynda kazyýet işini gozgamazdan, Abdyllany tussag etdiler.

***

Ýok, ol hekaýaty saralan ýapragyň astynda gizlenip, giçki güýze galan üzüm hoşajygyndan başlamady. Abdylla kyssany owlakgapdydan başlady.
Buhara emiri Haýdar hanyň ikinji ogly Nasrulla han Garşyda häkimlik süren döwri owlakgapdy oýnuna tomaşa etmegi juda oňat görýärdi. Ine, bu günem ol özüniň dor aýgyryna münüp, şäheriň çetindäki düz meýdana barýar. Ähtimal, sagrysyna gamçy çalanda ýa buduna gylyç uranda akýan gan göze ilmeýänligi üçin bolsa gerek, Nasrulla han dor atlary halaýardy. Ýany nökerli häkimi gören köpçülik baş egip, tagzym etdi. Nasrulla han özüniň dor bedewine göz gytagyny aýlady. “At-a at jandyr-la!” Ýalyna baglanan geň-enaýy altyn jaňjagazlaryň eşidiler-eşidilmez owazyna demi düşüşenem bolsa, entek gany sowamadyk aýgyr birgeňsi tisginip, üşerilýär. Uýanynyň ýumşak gaýyşyna sadap dakylan, eýeriniň gaşy altyndan, hatda içirgisi-de ak köşegiň ýüňünden edilen keçe... Aýrak her gezek kellesini silkende häkim “Häý, jüre getirmiş!” diýip käýinýär. Onuň zerli haladyny diýseňizläň, hut göreniň gözüni gamaşdyrýar. Sap altynyň üstüne atyň gözi ýaly göwher dakylan guşak tokasy hem guşagyndan asylan gynly gylyjy bu ýere toplanan ähli adamyň emläginden artyk bolmasa, kem däl. “Haý-haý, ne lagly-jowahyr!” diýip, öz-özünden göwni hoş bolup, Nasrulla han oýlandy.
Ine, ýylmanak ýüzli, käte-käte tirpildäp çep gözi çekip duran ýaş häkim giň çadyryň agzyna bardy. Hyzmata gaýym nökerleriň biri derrew at başyny tutdy, dor bedewiň aýagyna duşak saldy. Iki hyzmatkär iki ýandan ýelpewaçlaryna ýapyşdylar. Sesler kiparlap, ümsümlik aralaşdy. Ortada köşgüň aşhana işlerine serenjam berýän hem şu günki ýaryşa beýemçilik edýän bekewül bilen şäher kazysy peýda boldy. Kazy din kuwwaty Buhara emirliginde iman tuguny parladan Mangit hanlygyna we şol hanlygyň şazadasy Nasrulla han hezretlerine uzakdan-uzak salamatlyk diledi. Häkim elindäki gamçysyny silkenden soň, ol ortadan aýryldy. Beýemçi aňyrrakda ýer peşäp, kişňeşip duran atlaryň çapyksuwarlaryna garap, düşündirmäge başlady:
– Birinjiden, bir-biriňizi gysmaly däl, bir-biriňize gamçy urmaly däl. Ikinjiden, atlaryňyzy biri-birine dişletmeli däl, depdirmeli däl. Üçünjiden, ýykylany ata basgylatmaly däl.
Çapyksuwarlaryň bary “Bolýa-da, bolýa!” diýşip, göwünjeň seslendiler. Şo wagt gara atly nökerleriň ikisi ýel dek süýnüp geldi. Olar kiçiräk owlagyň läşini häkimiň duran ýerinden on ädim çemesi aňyrda ýere oklap, gelişleri ýaly, bir dem eglenmän, egin egne berip, köpçülige siňip gitdiler.
Beýemçi bogazyny ýyrtara getirip: “Owlagy göteriň!” diýip gygyrdy-da, derrew gyra çekildi. Şundan soň kyýamat gopan ýaly boldy. Depirjikläp, dyzaşyp duran atlar tozan turzup, öňe okduryldy, märeke, jylawy goýberilen dek güwledi, wagyrdy güýçlendi. Uzakda maslykçy gargalar ürküp, asmana göterildi.
Kimdir biri: “Al!” diýip gygyrdy. Beýlekisi: “Ýapyş!” diýdi. Üçünjisi: “Howlukma!” diýdi. Tomaşa ýygnanan müňlerçe adamyň hersi bir zat diýdi, it eýesini, pişik bikesini tanar ýaly bolmady.
Nasrulla hanyň dor aýgyry ýaryşa goşulan atlaryň pyşgyrmasyndan elheder aldymy ýa gany gyzdymy, ol läşe garaman, öňe okduryldy, depirjikledi. “Häk, jüre getirmiş!” diýip, jylawy goluna mäkäm oran häkim aty saklap-saklamanka iki ýasawul iki tarapdan çykyp, üzeňňä ýapyşdy. Aýgyr temegini ýokary tutup, agzyndan ak köpük saçdy. Onuň ýagyrnysyndan yzly-yzyna gamçy indi. Bu ikarada häkimiň gözüne owlak iläýse nädersiň! Onuň göreni, bir-birini gysyp itekleýän atlaryň sagrysy boldy. Häkimiň ýüregi gürs-gürs urdy. Iki ýasawuly iki tarapa depip, atyny orta salsa, gylyjyny ýalaňaçlap, aralaryna urduryp girse, gamçysyny dişläp, aşak eglege-de, owlagy özi göterse...
Dor aýgyr häkimiň pikirini-zikirini syzan dek, ýene öňe omzady. Eger şo pursat atlaryň döwresinden gulak perdesini ýyrtyp barýan çirkin ses çykmadyk bolsa, kim bilýär, häkimligini-beýlekisini bir pursatlyk unudyp, Nasrulla han özüni döwrä ursa-da, urardy...
Birdenkä atlar gyra çekilişdi, olaryň toýnaklarynyň arasyndan häkim kimdir biriniň owlak läşini däl-de, adam çagasyny topugyndan çekip, ardyna alanyny gördi...
“At basdy, at basdy!” diýen sesler çar tarapa ýaýrady. Beýemçi ortadaky galmagaly kiparlan döwrä tarap howlukmaç gaýtdy. Salym geçmänkä o ýerden bir çapyksuwar owlagy däl-de, dem-düýtsüz atlylaryň birini atyň gerdenine alyp çykdy. Onuň yzy bilen eýesiz galan mele atyň jylawy elden-ele geçip, beýemçä berildi. Beýemçi tagzym bilen häkime garady, häkim başyny atdy. Hyzmatkärleriň ikisi çadyrdan zerli halat alyp çykdy-da, mele atyň arkasyna ýapdy. Beýemçi mele atyň jylawyny meýidi alyp çykan atlynyň eline tutdurdy. Ol atlaryň ikisinem märekäniň dady-perýat sesleri çykan tarapyna ýorgaladyp goýberdi.
Ahy-pygana garamazdan, owlakgapdy gaýtadan başlandy. Indi çetde duran atlylar orta topuldylar.
Mundan bir hepde öň Nasrulla hanyň atasy, Buhara emiri Haýdar patyşa Garşa gelip gidipdi. Bu günem atasynyň weziri Hekim guşbegiden çapar gelip: “Merhemetli hökümdar ataňyz siziň ýanyňyzdan gaýdyp gelensoň, syrkawlady, demi güýçli tebipler her näçe jan etse-de, gün-günden haly teňleşýär!” diýdi. Bu Hekim guşbeginiň: “Takdyra kaýyl boluň!” diýdigidi.
Atasy ylym-bilim diýip, mangitler hanlygyny gowşatdy. Emirlikde bulagaýlyk örç aldy. Bary bir-birini satyp ýör. Samarkant häkimi Döwlet guşbegini hytaý-gypjak çapawullary talady. Şährisabz tarapda Daniýol atalyk birnäçe galany gola saldy. Içerki ýagdaýlardan peýdalanyp, Kokant emiri Omar han Jyzak galasyny halkalaýyn gabady...
Atasynyň haly teňleşýärmişin! Ol bärde wagty şu maslykçy beýemçi bir närse iýdiren bolmasyn! “Bir damjasy aty serreldýän mergimuşym bar!” diýip magtanyp ýördi, aşyna zäher gatyp beräýdimikä? Bu misginsokary soraga çekip, magadyna ýetmeli. Ýeri, bolýar, entek beýleki etsem-petsemleri bitsin!
Şol wagt ýene gykuw sesleri güýçlendi. “Owlak, owlak göterildi!” Dogrudan-da, göteren owlagyna çep tarapdan kimdir biriniň uzan goluny dyzy bilen kakyp syndyryp, o ýerden ýiti dat-bidat sese garaman, ýaş çapyksuwar atylyp çykdy, owlak läşini öňüne alyp, häkimiňki ýaly dor aýgyryny gyssap, öňe okduryldy. Yzyndan atlaryň morydyr garabaýyry, çakyrydyr bozy, ahal-tekesidir gyry kowga başlady. Beýemçi: “Bir-biriňize gamçy çalmaň!” diýenem bolsa, atlylar agzy-burny diýmän, şarpyldadyp, bir-birine gamçy aýlaýardylar. At aty çeýneýär, ýykylan çapyksuwarlar toýnak astynda galyp, gum garbaýar. Ýene-de kyýamat gopana döndi.
Elli ädimlikde öňden barýan dor aýgyryň aýagy çukura gitdimi ýa büdredimi, bady gaçdy. Her tarapyndan bir atly gelip, ony ara aldylar. Ýene tutluşyk başlandy. Emma aty ýadap büdrän-de bolsa, çapyksuwary ökde ekeni, ýaş ýigit owlagyň läşini bererli däl. Gamçyň sapy bilen biriniň bykynyna urdy-da, jylawy derrew çep tarapa çekdi. Dyzy bilen ikinji çapyksuwary eýerinden agdardy. Ýykylan atly birnäçe ädim owlagyň läşinden ýapyşyp süýrenensoň, öz atynyň toýnagynyň astyna düşdi.
Ýylmanak ýüzli Nasrulla han: “Gaýduwsyz!” diýip seslendi. Owlak läşini götermäge mynasyp bolup, bulam-bujarlykdan baş alyp çykan ýigdekçäni biygtyýar özüne meňzetdi. Başga wagt bolanlygynda, esasanam atasynyň ýanynda beýemçini çagyryp, ähtimal, käýinerdi. Ýöne bu gezek nähilidir bir hyýallara berlip, öz ýanyndan ýaş ýigide berekella berdi. Eger atasy emir Haýdara bir zat bolaýsa, Nasrulla hanyň agasy emir Hüseýin, inileri Omar handyr Zubeýr han, Hamza handyr Serdar han dagylar owlakgapda çykan dek tagta topuljaklary belli. Emma owlagy götermäge baýtallar däl-de, toýnagyndan ot syçrap duran üçýaşar dor aýragy münen Nasrulla han mynasyp.
Şeýle pikirler bilen iň bir gyzykly ýerinde tomaşany terk edip, daşynda hozanaklaşyp ýörenlere garaman, häkim atyny köşgüne tarap çapdyryp gaýtdy...

***

Abdyllanyň öz kyssasyny giçki güýzde duýdansyz peýda bolan bir hoşa üzümden däl-de, owlakgapdydan başlarlygy bar ekeni.
Täze ýylyň öňüsyrasy, 31-nji dekabr güni çekistleriň öýe bosup girişleri, “Täze ýyly garşylalyň!” diýip duran çagalaryň dady-perýadyna bakman, ortadaky baýramçylyk desterhanyny agdar-düňder edişleri, kitapdyr kagyzlaryny dörüşleri Abdyllanyň ýadyna owlakgapdy oýnuny saldy. “Ýap-ýaňy “Çüw!” diýlerine mähetdel bolup duran atdym. Indi bu çapyksuwarlar özümi owlak göteren ýaly edip, atyň öňüne basyp gitseler gerek” diýip oýlandy. Pikir edişi ýaly-da boldy, iki eline gandal urup, aglap-eňräp duran çagalarynyň arasyndan sogrup, südenekledip, derwezäniň agzyndaky ýyndam maşyna dykdylar.
Hadra ýetenlerinde Abdyllanyň gulagyna Täze ýylyň şanyna atylýan salýutlaryň sesi we tilagaçdan asylgy radiodan baýramçylyk gutlaglary üzlem-saplam eşidildi. Wah, bu gün demirýolçularyň klubunda çagalary üçin berlen sowgatlary öýde gizläp goýupdy-da! Haltajyklaryň hersinde Moskwadan getirilen süýji nygmatlar bilen birlikde çagalarynyň iň bir halaýan zady – apelsin hem bardy! Aýaly Rahbar hanym çagalary höre-köşe edip, sowgatly haltajyklary paýlap berermikä? Ýa gaýgy-hasrat zerarly ýadyndan çykarmyka?
Abdylla on bir ýyl mundan öň tussag bolup çykanlygy üçin bolsa gerek, özüni gulgula salmady, aljyraňňylyga düşmedi. Şo gezek edilýän adalatsyzlyk zerarly howsala düşüpdi, öretnipdi, köýüpdi. Häzir bolsa, gynanýan zady – çagalarynyň Täze ýyl şagalaňyndan mahrum bolmagy we gyşa niýetlän işiniň arasynyň üzülmegi.
Daşardan kernaýyň, surnaýyň hem-de nagaralaryň çasly sesleri gulaga eşidildi. Her gezek maşyn siltenende eline urlan gandalyň zynjyrlarynyň owazy oňa toýlary ýatlatdy.
1235-nji hijri ýylynyň tomsunda, bir gün ir säher bilen kernaýdyr surnaýyň owazy Kokant şäheriniň petiş howasynda giň asmana ýaýrady. Jarçylar gygyryp, bu gün musulman emiri görmegeý Omar ibn Alym hanyň Gazy hojanyň gözellikde deňi-taýy bolmadyk gyzy Paşşahana öýlenýändigini şäher ýaşaýjylaryna we myhmanlara habar berdiler. Köşkden gussaly aýdymlardyr sazlar eşidildi. Meýdançada halaýyga palaw berildi, köşkdäkilere oňat zyýapat edildi. Bir kemi, toý üç günlük...
Bu toý musulman emiriniň birinji toýy däldi. Şo sebäpli-de ortadan pesräk boýly emiriň özi hem, halaýyk hem üç günlük toýa taýynlyk gördüler. Gülçüler köşge desse-desse gül getirdiler. Süýji nygmatlary bişirýänler gazanlaryny sowatman, halwadyr nabat bişirmek bilen meşgul. Ýesir düşen iki sany ors esgeri salýut atyljak topuň nilini arassalaýardylar. Möminleriň emiri bolsa, gala-şäherleri zabt edip eýelände alyp bilmedik keýpiniň humaryna maýyl bolup otyrdy. On sekiz müň älemde deňi bolmadyk on sekiz ýaşly gözel gyz bu gije onuň aýaly bolmaly! Nowaýy aýtmyşlaýyn:

Haýran on sekiz müň älem görki göz-gaşyndadyr,
Ne ajap ki, serwinäzim on sekiz ýaşyndadyr.

Haý-haý, ony gola salmak üçin ne külpetler görüldi? Indiki gazala bakyň:

Gamyňdan, eý peri ýüzli, jany natuwanym bar,
Hijran hanjary sanjylan ýürekde katra ganym bar...

Bir gün emir Omar han Şährihana öz uýasy Aftab hanymdan habar almaga barypdy. Şol wagt onuň öýünde Şährihan hanynyň akylly we päkize aýaly hem oturan ekeni. Ol emire ýüzlenip şeýle diýdi:
– Siziň alyhezretleriňiz, ýadyňyzda bolsa, Uradepeden Seýit Gazy hojany gazap edip, goş-golamy bilen şu welaýata sürgün edipdiňiz. O kişi häzir şu oturan öýümiziň arkasyndaky külbeleriň birinde hary-zarlykda gün aýlaýar. Ýöne o kişiniň Aýhanpaşşa atly bir gyzy bar, onuň gözelligini wasp ederden sözem, dilem, galamam ejiz. Şahyr aýtmyşlaýyn:

Jemalyn gören gözümden saçylar her demde ýaş,
Gökde ýyldyzlar öçer peýda bolansoň ol kuýaş.

Bu akylly aýal gyzyň şeýle bir tarypyny ýetirdi welin, möminleriň emiri eşiden zatlarynyň dogrulygyna güman edip başlady. Hemmeler dargap, Omar han öz uýasy Aftab hanym bilen galanynda Şährihan şiwesini indi-indi öwrenip ýören ol aýýar melike:
– Hä, howwa, o gyzy menem gördüm, ýüzleri – syrçasy synmadyk aý, gözleri – ýalkym saçýan daň ýyldyzy, billeri balarynyň bili dek inçe, sagrysy bir gujak – diýip, çagalygynda bile diňlän “Müň bir gije” ertekilerindäki sözlerden getirdi. Emiriň ýüregi ersip gitdi. Edil ertekidäki ýaly, bütin durky bilen arzuw-islege bendi boldy...
Ol Gazy hojanyň öýüne bir däl, iki öwre sawçy ýollady, ikisinde-de ýok diýen jogaby eşitdi. Birinjide: “Bu gyz üçin garyndaşlaň biriniň sözüni aldyk, basym toý etmekçi” diýen bolsa, ikinji gezek Gazy hoja öz agyryly ýerini açyk mälim etdi. “Men bir ilinden kowlan, ýarlykly garyp. Möminleriň emiriniň bu eden işi ne-hä adalata, ne-de Şerigata laýyk gelýär. Eger zora daýanyp almakçy bolsa-da, özi bilsin!” diýip, çagalarynyň aglap-eňräp oturanlygyny hem ýatladyp, sawçylary gaýtaryp goýberdi.
Emma welin...
Şu pursat içi garaňky maşyn, birdenkä togtap, Abdyllanyň oý-hyýallarynyň arasyny üzdi. Ýetmeli menziline geläýdiler öýdýän... Ýaňy nämäniň pikirini edip gelýärdi? Hä, çyragy öçen öýde çagalaryna üleşdirip bermäge ýetişmedik bäş sany narynç apelsin barada... Haýp! Ýaş wagtlary ýazan bir hekaýasy bardy. Kakasynyň başyna düşen gorkuly waka hakynda. Ady “Jynlar bezmi”. Kakasyny edişleri ýaly, Abdyllany hem jynlar bendilige alan bolmasyn?
Maşynyň gapysy şarkyldap açyldy-da, daşarda sessiz ýagýan garyň ümsümligini bozup, hemleli ses ýaňlandy: “Kadyry, çyk!” Dört tarapy hem gap-gara bina bilen ýapylan howluda entek adam aýagy basmadyk, kireňsiz, arassa, gök öwüşginli gar ýatyrdy.

romanyñ dowamy-2 bu ýerden oka

© Hamid ISMOILOW

Terjime: © Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 439 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Hamid Ismoilow, Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
1
1 Мango • 11:09, 02.08.2024
bir eseriň içinde parallel ikinji bir eser bar.
gyzykly usul ulanypdyr.
1800-nji ýyllar we 1937-nji ýyllar...
göreli bakaly dowamyny...
avatar
1
2 Мango • 11:14, 02.08.2024
ady barada.
"bezm" bolanda - meýlis, oturylyşyk bolýamy?
jynlaryň oturylyşygy....
---
Bezm kelimesi Türkçe'de "ziyafet meclisi" anlamına gelir.
Farsça bazm بزم  "ziyafet meclisi" sözcüğünden alıntıdır.
avatar
1
3 sussupessimist • 11:18, 02.08.2024
Awtory - özbek ýazyjysy Abdylhamid Ismoil, ýöne bu dokumental ady. Özi kitaplaryny Hamid Ismoilow ady bilen çykarýar. Şu formada ulanylsa dogry bolardymyka diýýän.
Özüm-ä, aýdaly, Gurban Berdi diýip bolýan ýerde Kurban diýilse, ýa Atajan Tagan - Otojon Togon edilse kän bir halamok. Atlar mümkingadar adaptirlenmeli däl. Bu diskussion mesele. Eger ýöne türkmençä diýip sazlaýaňda-da, Hamid Ysmaýylow edilmeli.
Özbekçeden terjime eden - Kakamyrat Ataýew.

Tegde ýazylypdyr, başynda-da bellenipdir, ýöne tekstiň aşagynda bellenilse kem bolmazdy (bellenilen forma görä). :) menem indi admine düzgünleri düşündiren bolýanaý))
Güýçli eser diýdi kän kişi. Kakamyrat Ataň dilem gowy bolmaly. Okap görmeli. Paýlaşýanyňyz üçin sag boluň.
avatar
1
4 sussupessimist • 11:25, 02.08.2024
tesw.2-ä

Jinlar Bazmi - original ady. orsça Пляска бесов.
bezm sözi şo durşuna alynmagy gaty ýerine düşen, meň pikirimçe. Biziň klassiki poeziýamyzda kän ulanylan. Toý-meýlis, keýpi-sapa manysynda.
avatar
0
5 Pegas • 11:29, 02.08.2024
Men doly okadym. Maslahat berýän. Eger gerekliňiz bolsa, elektron poçtadan ugradyp bilerin.
avatar
0
6 sussupessimist • 11:33, 02.08.2024
37-38-nji ýyllar hakda dogruçyl ýazmagyň özi eýýäm ullakan sogap. Bilinmeli hemem has içgin öwrenilmeli tema.
avatar
0
7 Medicall • 12:10, 02.08.2024
@sussupessimist, Awtorynyñ ady barada menem siziñki ýaly pikirde, ýöne: terjimeçi şeýle ulanan eken romanyñ başynda, menem şondan şeyle goýdum, hany Kakamyrat agañ özi nähili pikirdeka at awtoryñ adyny
üýtgetmek barada?
avatar
1
8 Kerim • 19:05, 02.08.2024
Şu saýtda okaýmasak okamagam goýup barýas. Sag boluň! Terjimäniň elektron görnüşi edinip bolsa gowy boljak. Elif Şafagyň "Yşk" romany, Marko Polanyň syýahatyny kitap görnüşinde alyp bolýandyr, oglanlar taýýarlapdyr. Özüm gowy görensoňum aýdaýdym.
avatar
0
9 Kerim • 19:07, 02.08.2024
Wiý, elbetde terjimesi.
avatar
0
10 medi • 17:50, 05.08.2024
Kitapçyda okap başladym. Iki waka gidýär, gitmejek boldy. Täzeden synanşaýyn.
avatar
0
11 medi • 17:59, 05.08.2024
@Kerim Marko Polanyň syýahaty barbolsa okalyla!
merdana822@gmail.com oklasana.

Bir döwür kinosyny gördüm. Gaty gyzykly eken. Sizede görmegi maslahat berýän.
avatar
0
12 Kerim • 19:10, 05.08.2024
Kagyz görnüşi barada aýdypdym. Gyzyklanaýyn, elektron görnüşi bar bolsa oklaýaryn şu salga.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203