Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:33
Çary Ýegenmyradow hakda ýatlama
ÇARY ÝEGENMYRADOW HAKDA ÝATLAMA

...Uniwersitetiň türkmen filologiýasy fakultetinde okaýardyk. Demir ýoluň gaýra ýüzünde, Ural köçesinde kireýine ýaşaýardyk. Derweze, Büküri, Ýerbent, Diňli, Bokurdak ýaly gum obalaryndan gelen talyp ýoldaşlarymyzam gapdalymyzdaky howluda bolýardylar. Olaryň arasynda goşgy, hekaýa ýazýanlary bardy. Baryş-gelşimiz ýygjamdy. Goşgy okaşardyk. Ýaşlyk göçgünliligi hem dyzmaçlyk bilen jedel ederdik. Bir setiriň üstünde telim sagatlap çekeleşýän wagtlarymyz bolýardy. Öý eýesem käte biziň döredijilik baradaky gyzgyn jedellerimize uruş-gykylykly dawa-jenjeldir öýdüp, gözüni tegeläp, gapydan boýnuny süýndürip, geňirgenip giderdi. Çary Ýegenmyradow bilen men ilkinji gezek, ana, şo ýerde, 1989-njy ýylyň ýaz aýlarynda tanyşdym. Soň onuň bilen “Mir-2” ýaşaýyş jaý toplumynda bir jaýda kireýine ýaşadyk. “Ýaş kommunist”, “Bedew” gazetlerinde bile işledik. Çary Ýegenmyradowyň gysga ömür ýoly çarkandakly boldy. Ol 1966-njy ýylda häzirki Derweze etrabynyň Diňli obasynda eneden dogulýar. Oba mekdebinde okaýar. Gazagystanyň Semipalatinsk oblastynda Sowet Goşunynyň hatarynda gulluk edýär. Türkmen Döwlet uniwersitetiniň türkmen filologiýasy fakultetine okuwa girýär. Ýöne ony doly tamamlap bilmeýär. Dürli ýyllarda “Magaryf” neşirýatynda korrektor, gum içindäki Çürçüri obasynda mugallym, “Ýaş kommunist”, “Bedew”, “Aşgabat agşamy”, “Halk sesi” gazetlerinde habarçy, “Diýar”, “Saglyk” žurnallarynda edebi işgär ýaly wezipelerde işleýär. Şahyr 2010-njy ýylda maşgalasyny hem iki ogluny goýup, aradan çykdy. Çary Ýegenmyradowyň döreden eserleriniň agramly bölegini öz içine alýan ilkinji goşgular kitaby 2015-nji ýylda neşir edildi. Şahyryň ýaşaýyş durmuşy, gün-güzerany, tebigy gylyklary we durmuş prinsipleri onuň döredijiligine gönüden-göni täsirini ýetirýär. Häsiýetine az-kem belet bolanym üçin goşgulary baradaky gürrüňi ýene bir gezege goýup, şahyryň şahsy durmuşyna dahylly käbir zatlary aýdyp biljek. Çary Ýegenmyradow nahar dannap ýören adam däldi. Öler aşy gaýnadylyp, üstüne duz sepilen mekgedi. Çilim çekmeýärdi. Nas atardy. Köplenç gürrüňçilik wagty “Hany, meni geplemez ýaly etseňizläň” diýip, nasly haltajygyna ümlärdi. Aragy halamaýardy. Arpa suwuny göwy görüp içerdi. Şahyr çalt ýöreýärdi, edil şonuň ýalam çalt pikirlenýärdi. Ýöne goşgyny haýal ýazýardy. Setirleri kellesinde aýlap, kän mahal götererdi. Köplenç kagyza bellemeýänligi üçin ýatdan çykyp giden setirlerine gynanardy. Ýöne hiç mahal bellik etmek üçin ýandepder götermedi, asyl ýörite depder tutup, goşgy ýazmady. Goşgyny ýatdan ýazardy, taýyn bolansoň eline ilen islendik kagyza çyrşap goýbererdi. Hiç mahal kitap satyn almazdy, ýa kitaphana barmazdy. Emma gowy kitabyň gadyr-gymmatyny her kimçe bilýärdi. Uçursyz köp okaýardy. Çola gum obasyndaky orta mekdepde okandygyna garamazdan, rus dilini çensiz gowy bilýärdi. Tanyş-bilişleriň, dost-ýarlaryň öýüne ýa iş ýerine baranda gözüne ilen kitaplary sypdyrmazdy. Eline düşen kitabyň hiline okap başlan wagty deslapdan baha bermäge ukyplydy. “Goşgyň nähilidigini başky setirleri aýdyp durandyr” diýerdi. Magtymgulyny köp okaýardy. Bir gezek Magtymgulyň kitabyny elinden düşürmän, gidip nasyny tüýkürip geldi-de: – Aý, ýaman elhenj-eý bi – diýip, kitaby oklap goýberdi. – Bu adam hökman nas atandyr, nas atmasaň, bular ýaly güýçli zat ýazdyrmaýa! Magtymgulyny öwýärmi, nasyň güýjüni mahabatlandyrýarmy, bil-dä bilip bilseň! Magtymgulyň goşgularyny kim bilýä, näçenji gezek gaýtalap okap oturyşyna degişmä salyp: – Her ýerde-her ýerde özümizçeräk şahyr bar-ow! Gör-ä, muny ediberşini! – diýerdi. Mihail Şolohowy, Wasiliý Şukşini, Jek Londony, Sergeý Ýesenini, Nikolaý Rubsowy öwüp, dilinden düşürmezdi. Ýalňyşmasam, Jek Londonyň bir hekaýasynam terjime edipdi öýdýän. Futbolyň ölemen janköýeridi. Ýewropanyň onçakly tanymal bolmadyk futbol klublarynyň oýunçylarynyň atlaryny, köýnekçelerindäki belgilerine çenli ýalňyşsyz aýdyp bilýärdi. Bir gezek özara gürrüňçilikde futbolyň tarypyny edip, bäri-bärde goýmady. – Şu ýerde dünýäň iň güýçli edebiýatçylary oturan bolsa, goňşy jaýdaky telewizoram futbol görkezýän bolsa, gidip, futbol görerdim – diýdi. Futboly gowy görýänem bolsam, men bilgeşleýin onuň kejine gaýtdym. – Ol-a telewizorda ekeni, Maradona bilen Garri Lineker işigimize gelip, pökgi oýnasa-da, meň-ä eger-eger seretjek gümanym ýok – diýdim. – Sebäbi sen futbola düşüneňok! Düşünmersiňem! – diýip, çyny bilen gaharlandy. Çary Ýegenmyradowyň häsiýeti ýumşakdy. Dili süýjüdi. Edebi eser babatda talabedijiligi ýokarydy. Ýöne hörpi pes goşguda ýa hekaýada üýtgeşijek, owadanja setir duşsa, şireli, täsirli jümle gabat gelse, öwgüsini gysganmazdy. Öz derejesini ýagşy bilýänem bolsa, goşgulary bilen öwünip ýörmezdi. Bir goşgusynda “Men öwgä mätäç däl” diýip ýazyşy ýaly, öwgi tamakinçiligi-de ýokdy. Baýrak ýa hormatly at almak diýilýän zatlar onuň düýşüne-de girendir öýdemok. Ýigrenýäni şöhratparazlyk bilen ýaranjaňlykdy. Çary Ýegenmyradow ýazanlaryny çapa hödürläp ýörmezdi. Metbugatda işleýän dost-ýarlary, tanyş-bilişleri goşgularyny diläp alyp çap etdirerdiler. Goşgulary çap edilen gazetleri ýygnajagam bolmazdy. Asyl çap bolmadyk goşgularynam ýygnamaýardy, olary aýap saklamalydyr hem öýtmezdi. Şu babatda onuň biperwaýlygy zadyň çaky däldi. Şu sebäpli onuň ýitip giden goşgulary saklanyp galanlaryndan köp bolmasa, az dälmikä diýýän. Ýasawy geleňsizdi. Durmuşynda üýşüp ýatan elpe-şelpelik ýokdy. Zanny bigeleňlik ony baran ýerinde bir çykgynsyzlyga duçar edýärdi, awundyrýardy, köseýärdi. Iň ýaman ýeri-de, goldaw bermeli, ýardam etmeli adamlar şahyryň tebigatyna aralaşyp bilenokdylar, ýürek sesine diň salmagy başaranokdylar, düşünenokdylar. Düşünmegem islänokdylar. Başdan aýaga hesrete ýugrulan “Bilbilim” atly goşgusynda:

“Başym çaşdy, okuwdanam kowuldym, Ikilik aldym-da dil biliminden”

diýip, ýazanam bolsa, Çary Ýegenmyradowyň talyplykdan çykarylmagyna harby tälim öwredýän ders sebäp bolupdy. Ýogsa, ýürek owazyny bassyr-ýussursyz açyp, beýik pafosda üýtgeşik ýakym bilen saýran şahyrlyk küje, harby tälim sapagy küje? Şular ýaly bolanda “Aý, şahyrdan geň däl-le. Köpüň arasynda ýek-ýarymyna bir gezek göz ýumaýsagam bolman durmaz-la” diýip, geçirimlilik ediläýmesem bardyr welin... Hany, ony etjek? Seň sözüňi alga aljak kişi kim? Hany, çeper söze gadyr goýup, şahyra düşünjek barmy? Şahyryň derdine düşünýän bolsalar, Çary pahyr:

“Düşünmedi garny ýogyn nadanlar
Uly söýgä ykbalymy gatanma”

diýip ýazmazdy. Ýa-da:

“Dünýe giňdir, ahmal ýeter maňa-da
Onuň bir çetinden bir otagly jaý!”

diýen arzuw bilen ötmezdi. Onuň arzuwy arzuwlygyna galdy. Jaý baradaky herdemhyýalynyň başa barmajakdygyna ömrüniň soňraky ýyllarynda onuň özem düşündi.

“Täleýdir, dogan jan, meni
Ýowuz güne höküm eden.
Belki, gowy bor ýüzlensem,
Haýyş bilen hökümede.

Kömek berse, azary-da
Bolmazdy jaýyň-beýlekiň.
Aý, nätjek, men bir geleňsiz,
Ezýete duşdum meýletin”.

diýip, şahyr “Şahsy durmuş” atly goşgusynda bagryny paralapdy. Indi oňa jaýyň geregi ýok. Ýazmaly zatlaryny doly ýazmaga, gursagyndaky aýdymlaryny doly aýtmaga ýetişmän, şahyr kyrk dört ýaşynyň içinde ýer astyndaky jaýyna girdi. Hiç kime dahylsyz, alsyz-hilesiz, dünýäň ahli gowgalaryndan azat, rahat, garaňky jaýa... Öz aýdyşy ýaly, “Keç ykbaly aýdym bilen bezän” şahyryň ömür ýoly barada has köp bilmek isleseň, onuň goşgularyny okap çykmak ýeterlik. Şahyryň ýürek heserine, hesretine, derdine, agysyna, gülküsine, söýgüsine, bütin dünýesine düşünmek bolsa, üşügiňe bagly. Üşügiň bar bolsa, üme düşersiň! Çary Ýegenmyradow 1991-nji ýylda, ýigrimi bäş ýaşlarynda “Bahar – ýüregimiň aramy” atly goşgusynda:

“Meniňem göbegim kesilen eken
Çärýek asyr ozal onunjy martda”

diýip ýazypdy. Ondan bäri ýene bir çärýek asyr geçipdir. Aramyzda diri gezip ýörenliginde şahyr şu ýylyň 10-njy martynda elli ýaşajak ekeni. Ýatan ýeriň ýagty, jaýyň Jennetden bolsun, agam!

Kakamyrat ATAÝEW, Çesme: duralga.ru (öñkärler açylyp, ýapylan saýt)
Bölümler: Ýatlamalar | Görülen: 101 | Mowzugy paýlaşan: BayramberdiGeldimyradov | Teg: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 01:02, 06.04.2023
şahyryň Magtymguly baradaky degişmelerini haladym. :-)
gowy ýatlama bolupdyr. Kakamyrat akgada minnetdar.
avatar
0
2 Pero • 16:23, 06.04.2023
Ýatlamalary diýseñ gowy görýän. Sagboluñ!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203