Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

23:50
Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün

RUHUMY BAR ZATDAN BOŞATDYM ŞU GÜN

Ruhumy bar zatdan boşatdym şu gün
Başymda-da alada ýok, söweş ýok.
Ömrüň galan menzilini sanmaga
Hem ony söýmäge zerre höwes ýok.

Indi sabry-kararym ýok çykmaga
Meýlis keýpi bilen säher düze-de.
Düýn obada jaýlap gaýtdym ejemi,
Şu gün geldim siziň şäherňize-de.

Tukat, soňsuz görnen bu gijeleri
Birmahal hilesiz geçirjekdim men.
Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip,
Şu gün şonuň üçin ejir çekdim men.

Oňat işleň başynda-da durmadym,
Durmadym ne gohdan, ne jeňden daşda.
Belki, şoň üçindir ýagty dünýede
Söýen ýokdy meni ejemden başga.

Siziňem şäherňiz ýaranok maňa,
Meger bärde uzak durmasam gerek.
Gözlemeli borun nämedir bir zat
Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek.

O belli, ýüregmiň boşan künjüne
Söýgi, mähir gerek gyş dolmaz ýaly.
Onsoňam dost derkar ýa bir ýürekdeş,
Ölemde meýdime guş gonmaz ýaly.

© Kakamyrat ATAÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Kakamyrat Ataýew | Рейтинг: 4.3/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 5
avatar
0
1 Мango • 00:00, 10.03.2023
haladym.
"...ýagty dünýede Söýen ýokdy meni ejemden başga".
ejeler başga. olar gaz balasynam, garga balasynam şeýle bir söýýäler... olaryň söýgüsi başga.
jemleme-de gowy.
gamgyn goşgy, ýöne gamgynlyk normasy artdyrylmadyk, ýagny, has beter gamgyn etjek bolmandyr.
göwünden çykan setirler.
avatar
0
2 Medicall • 15:19, 10.03.2023
"düýn gowy dostumyň kyrkyny sowdum,
Bu günem bir toýda boldum tamada" diýýä Çary aga-da
avatar
0
3 Medicall • 15:26, 10.03.2023
Öleňsoň-a dirikäň dost bolmasalaram, ýürekdeş bolmasalaram "guş gonmaz" ýaly jaýlan tapylar, "dost" "ýürekdeş" esasy dirikä gerek adama.
avatar
0
4 Medicall • 15:27, 10.03.2023
Öň okamandym, gowy goşgy paýlaşanyňyza sagboluň, MANGO!
avatar
0
5 LegLek • 16:53, 15.02.2024
Ömrüň galan menzilini sanmaga
«Sanmak» «Sanamak» manysynda ulanyljak bolundymyka?
Beýle bolsa, awtor öz «Söz ýoýma keseli» makalasyndaky pikirine özi «dönüklik» eden ýaly.
Şeýle setirler başga-da bar eken:
*Şu gün geldim siziň şäherňize-de
*Ýeňles-ýeňles duýgulardan ýeňilip
*Siziňem şäherňiz ýaranok maňa
*Ýitiren, tapmadyk zatlarma derek
*O belli, ýüregmiň boşan künjüne
avatar

Старая форма входа
Total users: 203