17:54 Nar ekipdik seniň bilen... | |
NAR EKIPDIK SENIŇ BILEN Nar ekipdik seniň bilen Ýakasyna suwly salmaň. Ol meň hakydama siňen, Bilmen ony ýada salman. Gam çekýändir o nar şindem Düýn ulalmaga howlugan. Haraý-dalda isläp senden, Garaşýandyr bir gowluga. Ýöräp görmekdir hyýaly, Başynda bolsady kändir. Ýöne olam meniň ýaly Bu dünýä düşünýän däldir. Derdini hiç kim bilmese, Ahmyr ony ýakar bu gün. Ol bozulýandyr diňlese, Aýdymyny akar suwuň. Guşlar bolsa şahasynda Aýralyga aglaýandyr. Dogan! Salmaň ýakasynda Heý bir zatlar aňlaýarmyň? © Kakamyrat ATAÝEW Çeşme:biz.islenen.ru | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |