12:13 Söýgi hakda goşgy ýazyp bermegi haýyş etdiler | |
Söýgi hakda goşgy ýazyp bermegi haýyş etdiler. Hem ol goşgy mundan ozal ýazylan. Söýgi goşgularyna hiç meñzemesin. Men olara düşundim. Beýle goşgy ýazmak üçin şoña görä söýüp gören bolmaly. Ýöne söýgi diýilende Bir ýaş ýigit göz öñümden gidenok. Görmegeýdi Şadyýandy. Baran ýeri ala ýazdy. Gyzlaryñ içinde melek kibi päk, Ezizläp söýeni bardy. Adamlar ol ýaş ýigidiñ şat ýylgyryp ýörşüne Diýerdiler: Aý bu bir aşyk bolan oglan-da. Ýene biri dıýerdi: Ýok, bu öñem diñe gülüp gezerdi. Ynha bir gün ýaş ýigidiñ söýenin, Elinden aldylar, Nesibesi boldy başga biriniñ. Ýigit bolsa şo günden soñ Ýylgyrmady bir gezegem. Gül ýüzüne çekildi külden perde, Derde galan diwana deý, Geziberdi küýlenip. Her gezek söýgi diylende, Şol yaş ýigit düşýär meniñ ýadyma. Sylapberdi Muhamow. 22.03.23.Moskwa | |
|
Ähli teswirler: 7 | |
| |