Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:46
Gurbanlyk

GURBANLYK

Men bu ýylam aňsadyny ederin,
Gaýratym çatanok kynyna...
Başaramok...
Oňaramok çalmagy
nebsimiň damagyny.

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 228 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.9/9
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
-2
1 Medenyet09 • 11:55, 01.07.2023
Berlen ýyldyzlary aýyrjak boldym welin bolmady
avatar
2
2 Мango • 12:49, 01.07.2023
Azar edinme aýyrjak bolup.
Ine, Güneş dogar welin Ýyzzyl görünmez.
Biraz sabyr et :-)
avatar
0
3 Medenyet09 • 13:02, 01.07.2023
Bähbit bolsun gynanamok 3,5 ýyldyza nesip etsin
avatar
0
4 Medenyet09 • 13:03, 01.07.2023
5 setiriň
avatar
0
5 Medicall • 16:40, 01.07.2023
5000 mañyz tapdym bu goşgudan
avatar
1
6 Aksary • 00:31, 02.07.2023
Gowy oylanma bolupdyr.òmrüñ bolsun.
Ýöne nämçün añsadyny etjekdigini aýdandan soñ "başaramogy" sygdyrmagy artykmaç bolup dur
avatar
2
7 Мango • 14:08, 02.07.2023
Elmydam bolşy ýaly bu ýylam aňsadyny etjek, kynyna gaýratym çatanok - diýýä gahrymanymyz.
Aňsady näme, kyny näme?
Gep gurbanlyk, gurban etmek barada.
Aňsady - goýun gurban kesip, il-güne tagam iýdirmek.
Kyny, gaýraty çatmaýany, başarmaýany, oňarmaýany bolsa - nebsiniň damagyny çalmak (nebsini terbiýelemek).

Daş we iç şekil barada gürrüňi dowam edip bolar.
Mysal üçin biz musulman hökmünde daş şekilimizi derrew oňaryp bilýäs - bu kyn dal.
Tahýa geýýäs, tesbi sanaýas, “elhamdulillah, estagfirullah….” diýmäni öwrenýäs.
Metjide-de gidýäs. Emma jumadan çykan badymyza hiç zat bolmadyk ýaly “ejeň-bajyň-doganyňly” gürrüňlerem edip bilýäs, gybat edýänimizem aňşyramyzok. Içiňi düzetmek - ine bu kyn. Nebisli ýeri, terbiýeli ýeri - kyn.

Türkmen bolmagam, türkmen görünmegem kyn däl. Şekile girmek - mesele däl. Emma, türkmen häsiýetini özüňe ýuguryp bilmek - ine bu kyn.

Adam bolmagam şeýle. Adam şekiline girmek - aňsat. Adamçylyk häsiýetlerine ýugrulmak - kyn.

Ybraýym pygambere-de aňsat bolandyr öýdemok Alladan gelen emri ýerine ýetirmek.
Näme-de bolsa ýaşynyň soňunda diläp alan söýgüli Ysmaýyly… Göz öňüne getireniňde endamyň tikenekleýär. Ysmaýyla aňsat boldumyka pyçagyň astyna ýatmak.
Emma, hemmesi synagdan geçdi. Allaha baglylygyny subut etdiler. Allah-da olardan razy boldy. Gurban goýun bilen çalşyldy.

Musulmanlar üçin agyr bolan bir söweşden gaýdyp gelýärkäler Pygamberimiziň aýdan sözi bar:
- Öňümizde agyr bir söweş bar.
- Bu söweşdenem agyrmy, ýa Resulallah. Ol nähili söweş?
- Nebsimiz bilen söweş.
Bu wakanyň manysyna üns beriň.
Ymmatyna nebis bilen söweşiň bardygyny duýdurýar.
Ol söweş bu günlerem dowam edýär. Biz diri boldugymyzça, soňky deme çenli bu söweş dowam eder.

Hawa. Kyn düşýär nebis terbiýesi.
Her ýyl bolşy ýaly men bu ýylam aňsadyny etdim, goýun satyn aldym, gurban kesdim.
Kynyna welin gaýratym çatmady…
Başarmadym...
Oňarmadym… çalmagy nebsimiň damagyn.
avatar
0
8 sylapberdimuhamov • 21:24, 02.07.2023
Höwri köp bolsun diyyalermi? Gowy eken aforizm ýaly edil
avatar
0
9 Мango • 23:42, 02.07.2023
Öňem biri “sag bol aýdasym gelýär, ýöne aýtjak däl” diýip degişerdi.
Seniňkem şoňa meňzeşräk boldy: “höwri köp bolsun diýýälermi?” diýýäň welin….
“Höwri köp bolsun diýilýär, ýöne diýjek däl” diýen ýaly :-)
Hoş sözüňe minnetdar, Sylapberdi kaka.
avatar
0
10 @Baýram_Bejidow • 11:33, 16.06.2024
Añsadyñ kabul bolsun!
Kynyñam başyna barylar-la nesibede bolsa...
Tüweleme diýesim geldi.)))
avatar
0
11 Seýrаn • 21:11, 16.06.2024
Birden çalyp goýber, bismillasyz zatsyz. Aňsat bolar. Hiç kim iýmeýän bolsa, etini paýlamaýan bolsaň. Berekella Mango.
avatar
0
12 Pero • 22:15, 17.06.2024
Kabul bolsun gurbanlyklar! Indiki ýyllara saglyk bilen ýetirsin!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202