Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:28
Dizaýn meselesinde täzeliik. Ýok bolsun nagyş
DIZAÝN MESELESINDE TÄZELIK. ÝOK BOLSUN NAGYŞ

Adamlar bara..... ýok, adamlar diýip köp adamyň günäsine galmaýyn....
Şu bara, men bara köp okamagy halamok.
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan.
Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň.

Bir pikir kelläme geldi.
Şu bara, biziň bara... daş-töweregimizi gurşaýan zatlary gysgajyk ýazgylar bilen bezäp çyksaň.
Ana bara, şonda bara, menem beýleki adamlar ýaly kä bir zatlary okardym.
Mysal üçin adam çilim otlanjak bolup spiçkasyny eline alýar welin her çöpünde bir nakyl ýazyk.
Okaýar we otlaýar çilimini.
Tüssejigini asmana göýberip nakyl barada pikir edýär.
Şondan soň onuň kellesi gowy işläp akyly köpelýär.



Naharyny iýip oturka – hem iýýä, hem nakyllanýar.
Ýa-da kofe içjek bolýa welin çaşkasyndan, tarelkasyndan nakyl okaýar.




Stulda oturmaka oturmakdan iş bitmejegini ýatladýan ýazgy okaýar.

Myhmançylygy uzaga çeken myhmanyň öňüne “Myhmanyňky üç gün, üç günden soň göçgün” ýazgyly saçak ýazýaň. Aýda-ýylda seýrek gelýän hormatly myhmana “Myhman ataňdan uly” ýazgyly saçak ýazýaň...

Umuman daş-töweregimizi gurşaýan predmetleri owadan nagyşlar bilen bezemän owadan sözler bilen bezesek näderkä?
Ýa adamlaryň ýüregine düşdigimiz bolarmyka?


© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 9
avatar
1
1 Medicall • 10:24, 23.12.2022
Gowy pikir, nakyllaşyp akyllaşybermeli edipsiñiz:))
Ýöne oturgyja ýazmaly nakyl akyl bolman ýatymy nämmi::)

Meselem, men hokman oturgyçda oturmasam işläp bilmeýän, ýagny men hasapçymyşym, kassada oturýamyşym, ýa kompda uzakly gün işlemeli hünärmenmişim, ýa-da raýatlary kabul etmeli birimişim, onnoñ ayak üstüne komp işläp bilmen uzakly gün, rayat (hassa) ýüz tutsa, menem ony duran ýerimden garşy alyp ugratsam bolmayandan boljak bolar durar-da. Garaz oturgyçly nakyl akyla agram berjek bolupbaty.
avatar
0
2 Medicall • 10:29, 23.12.2022
"Ýok bolsun nagyş" erbet edip aýdypsyñyz-la :D adyna ilki känbir üns bermändirin, soñ gaytadan okadym welin, elini galgadyp, ýumrygyny düwüp, sesine bat berip gygyryp duran ýaly eken ady :D
avatar
0
3 Мango • 12:24, 23.12.2022
Toýda otyryp dular.
10 bolup bir stoluň daşynda.
Nahar getirdiler.
Birinji tarelkadaky ýazgy: Iýip doýmadyk, ýalap doýmaz.
Ikinjidäki: Süýjü-süýji iýmäniň ajy-ajy gärirmesi bar.
Üçünjide: Myhman sorap iýmez.
Dördünjide: Halwany hekim iýer, şallagy ýetim.
Bäşinjide: Sopy sogan iýmez, tapsa gabygyny goýmaz.
Altynjyda: Myhman islänini iýmez, bolanyny iýer.
Ýedinjide: Akmak myhman öý eýesine hödür eder.
Sekizinjide: Bir zuwala aş bişirdim, myhmany atdan düşürdim.
Dokuzynjyda: Çagyrylmadyk myhman süpürilmedik ýerde oturar.
Onunjyda: Köp ýatan myhman özüni ýigrendirer.
Iýdiler, içdiler, doýdular.
Oturan on kişiň ulysy diýdi:
-"Ulynyň diýenini etmedik uwlar". Hany, bolan bolsaňyz turalyň.
Beýlekisi:
- "Adam gulagyndan iglär". Biraz gümür-ýamyr edip oturaýjakdykda.
- "Gürrüň süýji, samança ýok güýji". Gowusy turaly.
- Dogry aýdýan. Turaly. "Oturmakdan iş bitmez, garry mama diş çykmaz".
- "Garny doka, bela ýok". Garn-a doýurdyk. Turybersegem bolýa.
Turdylar.
Gitdiler.
Ýollary ak bolsun, ýoldaşlary — Hak.
avatar
0
4 Мango • 12:37, 23.12.2022
Bir gün içiýananyň biri (batyrlyk üçin) içipdir-de ol "nakylly-akylly" telerkeleri çym-pytrak edip döwüşdiripdir. Hemem bogazyna sygdygyndan gygyrýamyş:
-ÝAŞASYN NAGYŞ! ÝAŞASYN NAGYŞ!
Köşeşensoň oturyp aglapdyr:
-Wah, ozallar güllije çäýnek-käselemmiz, tabaklammyz bolardy. Bar zady ýok etdiler. Diňe nakyl, diňe akyl.... Ýadadymow. Bu dizaýnerlere ýüz berildi welin, ýüziň düşdiler-ä how.
Soň täzeden bat alyp, goňşy obaň gap-gaçlaryny döwmäge gidipdir.
avatar
0
5 Mekan • 23:52, 23.12.2022
Şoñçüyn два в одном edäymeli: nagyşly nakylly. Maslahatly biçilen don gysga bolmaz.
avatar
0
6 Nurdаn • 19:33, 28.12.2022
Şu ýerde bir zady bellemek isleýän. @Mangonyñ kimdigini tanamok, real belki ýanymyzdaky adamlaryñ, tanaýanlarmyzyñ biridir. Emma onuñ real kimdigi öñem belläp geçişim ýaly gyzykly däl, bilmek barada hiç hili pikir edemok. ýöne kimem bolsa sungata bolan, onda-da dizaýn, žiwopis, poeziýa barada düşünjesi beýleki sungatlardan çuñrak ýaly görünýãr. Şu saýta promo (saýtyñ başynda goýulýan suratlary saýt üçin, okyýjylar üçin täze ýyl suratlary işläp @Mango bize ugradypdyr. Bizem öz gezegimizde @Mango köp sagbolsun aýdýarys! Alla ýalkasyn, täze ýyldaky ähli arzuwlarñyza ýetirsin Beýik Alla,maşgala bagty, işleriñ rowaçlygy, şowlulyk hemrañyz bolsun, Mango dogan!
avatar
0
7 Pero • 09:20, 19.04.2023
Heh,Mango akga, bir zatlar tapaýýañyz:). Gowy pikir.

Irizýän myhman bn gadyrly myhmana ýazylmaly nakyllar gülkimi tutdurdy. Şeýdäýseñ diýip gözöñüme gelip gitdi.:)
avatar
-1
8 Merw • 04:57, 19.08.2023
Örän gowy pikir ýöne şol nakyl edilmeli bolsa mümkin öň ederdilermikä diýýän. Gören ýerde nakylly dizaýny ediberseň ulag sürijilerinde ýol hadysalaram köp boljak ýaly nakyl okajak bolup... Ýada lukmanlaryň sprisinde ýazaýsaň keselbent adam heläk bolmagam ahmal. Bilmedim otly çöpde gowy bolardy. Ýöne olam käbir gözü küteklere boljak däl. Onsaňam çilim çekmek gadagana bolan çekýänlerem gizlenip çekjek bolup nakyl hakda pikirlenmäýmeseler
avatar
0
9 Pegas • 10:30, 19.08.2023
Beýle edilse, nakyllaram adaty bir üns berilmeýän zada öwrüler.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203