Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

02:40
Triptih. Ömrüň üç pursady

TRIPTIH. ÖMRÜŇ ÜÇ PURSADY

sagda –
eljagazlar
üst-üstüne,
sag el çep el üstüne...

çepde –
üst-üstüne,
eller dyzlar üstüne...

ortada –
barmak barmaga bagly,
eller göbek üstüne...

ah, eller, eller,
erksiz eller...

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 108 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.0/6
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
2
1 Mekan • 05:54, 27.03.2023
Sag, çep, orta.

Kyýam, tahyýýat, merhum.

Dogdy, ulaldy, öldi.

Üç günlük dünýä.
(Bäş günlük diýip arkaýyn bolup ýördüm-dä)
avatar
1
2 Мango • 06:40, 27.03.2023
Aý ýok. Edil o diýýäniň däl.
Ýöne şeýle pikir edesiň gelse, edibermeli.
Surata her kim özüçe düşünýär, hormatly üç günlük däl-de bäş günlik myhman :-)
avatar
1
3 Mekan • 07:18, 27.03.2023
Mutnyý görýän gözüm bilen kartinany synlaýan. Namaz okap okap oturan biri görünýä. Ilki kyýamda dur.

sagda –
eljagazlar
üst-üstüne,
sag el çep el üstüne...

Näme üçin sagda, näme üçin el däl-de eljahaz ony bilmek üçin mudryý göz gerek. Olam mende ýok (mudryý görkezýän aýnek çyksa alynjak)

Soñ ýa rükuda ýa tahyýýatda

çepde –
üst-üstüne,
eller dyzlar üstüne...

Näme üçin çepde, meñçüýn düşnüksiz.

Iñ soñunda

ortada –
barmak barmaga bagly,
eller göbek üstüne...

Durmuşda kän gören kartinam: aýaklañ başam barmagy bagly, eller göbek üstünde (olañam başam barmagy bagly), daş töweregi adamly (olam ortada). Bir döşündäki pyçak ýok.

Üstesine eller erksiz.

Innem soñky bent ikinji rekagadyñ kyýamy ýaly bolup dur. Ondan beter fantaziýam ýok.
avatar
1
4 Pero • 07:55, 27.03.2023
Myhman, oýlanmañ adyna seretseñ,oña ölüm girmeýär...
avatar
1
5 Pero • 08:00, 27.03.2023
Sagdaky eljagaz çagañky
Çepdäki el garrynyñky
Ortadaky el orta ýaşdaky adamyñky
belki...belki
avatar
0
6 Bagabat • 08:41, 27.03.2023
Anekdot.

Ependi toýa barypdyr. Agzam sakgyçly. Soň saçaga nahar äberilipdir welin, Ependi sakgyjyny çykarypdyr-da, burnuna ýelmäpdir. Tabakdaşy muny halamandyr:
-Ependi, sakgyjy agzyňdan çykardyň. Desterhanyň üstünde arassaja ýerde goýaýmaly ekeniň. Ony burnuňa ýelmäýdiň-le.
"Bissimylla" bilen nahara başlan Ependi saçakdaşynyň gatyrganmasyny jinnekçe-de piňine alman, jogap beripdir:
-Nä wagt nä zamana! Şoň üçinem garybyň maly gözüniň alnynda bolsa ýagşy.

Umuman bu henegiň bu goşga dahyly näme?
Meň pikirimç-ä ol çakdan aşa minimalizmleşdirilipdir. Her näme-de bolsa eser okyjy üçin ýazylýar. Awtoryň aýtmakçy bolýan zadyny ýormak üçin okyja iň bolmanda üçdür-ikidir "açarjyk" tekstiň düzümine girizilse ýagşy. Ýogsa tükeniksiz wariant seçegi emele gelýär.
Şoň üçinem eser okanymyzda biz ýaly “garybyň maly”, ýagny okaýan eserimize düşüner ýaly onuň matalynyň “keýwordy” (açarsözi) “gözümiziň alnynda”, ýagny “burnumyzyň ujunda” bolsa ýagşy :-).
Ýorgudynyň wariasiýasy köp eserlerde bolsa, wariantlaň haýsyny saýlasaňam ýalňyş ýaly bolup dur.
Bu bolsa iýesiň gelip ölüp barýan süýji naharyňy märekede öňüňde goýaga-da, ýaňybir dadan dessiňe-de: "Hany, myhman töwir et!" diýip ony alyp gidilendäki ýaly duýgyny döredýär.
Özüm bilen bolan waka:
Irräkdi (Allajanlarym, ýalňyşmasam, 1999-njy ýylyň maýy bolaýmasa). Türkmen dili we edebiýat mollumym obadaky mekdebimizde edebiýat birleşmesini gurap, dürli ýerlerden şahyrlary, ýazyjylary çagyrardy. Onsoň biz ýaly, ýaňybir "ýazmak" diýilýän närsäň gyrajygyny elläp görýän sümüklijelerem şol birleşmäň ýygnaklaryna baryp, gürrüňdeşliklere gatnaşýardyk. Her kim ýazanja zadyny okaýar. Goşgy, hekaýa, ulurak göwrümli eser bolsa ondan bölekleri. Soň uly-kiçi diýmän her kimem okalan zat hakda öz pikirini aýdýar. Onsoň menem nä "näme nämeden galsa nämesinem kes nämesinem" diýlişi ýaly, ýazan zadymy okan bolup berdim.
Düşünmediler.
Düşünmeýänlerinem "ýüz görüp gapyrga syryp oturman" göni ýüzüme aýtdylar.
Ýaşulular-da.
(Dogrusy, şomat gözüme şeýle garry bolup görünýändirler-dä. Häzir ýadyma salýan weli, köpüsi meň şumatky ýaşymdan kiçem eken-laý. Passanjyklar :-)).
Onsoň menem nä, ýaşlyk maksimalizmi tankyt ýassygy bilen dumly-duşumdan "güpüledýänlerine" gatyrganjak bolýandan bolan boldum ("çalaşşa" diýäýin, ýogsa çalaja dag-a däldi-laý şomad-a, olary gözümde okum bolsa urjakdandym). Onsoň "gorkan öňürder edipmi" ýa-da sammyk gahara berlipmi, ýaňky ýaşululara hüňürdän boldum:
-Jypbakaý-jyn (şörde: "çypbakaý-çyn" bolmaly) sungatyň nämdigine wa-a-pçe düşünmän ýatyňňyz-aý, adamlar!
Şonda şo wagtlar "Güneş" žurnalynyň redaktory bolup işleýän, halypalarymyň biri, obadaşym Şadurdy aga pahyr (Şadurdy Çarygulyýew) teýenelije gülümsiredi-de, şeý diýdi:
-Düşünmesek düşüner ýaly ýaz-da-how, jan inim! Bi seň ullokon kelläňde nämmardygyny biz nä düýşürgäp bilelimi?! Hijimizem Agaýunus peri däl-ä-how, seň aýdasyň gelýänini dyrnagymyza seredip gurra taşlap ýorar ýaly. :-).
Şodur-da, şodur, başardygymdan azda-kände düşnükli ýazjak bolýan.
Olam başardýarmy, başartmaýarmy?
Hudaý bilsin.
avatar
0
7 Medicall • 16:18, 27.03.2023
Menem-ä Meňliň kommenti bilen ylalaşasym geliiip dur, ýöne ýene sorag döreýär: näme üçin namaz bile okalyp duran bolsa hereketler deň däl?! başga syr bar ýaly..

Ah, eller, eller
erksiz eller..

diýmek eller erki ýüregiň ygtyýarynda ýaly..
avatar
1
8 Kyyas • 21:05, 27.03.2023
sagda –
eljagazlar
üst-üstüne,
sag el çep el üstüne...

çepde –
üst-üstüne,
eller dyzlar üstüne...

ortada –
barmak barmaga bagly,
eller göbek üstüne...

ah, eller, eller,
erksiz eller...

Nähili düşünseñ bolaýjak ýaly. Ortada ellerini baglap duran (başlyk ýa şoñ ýaly) Sagda we çepde eller erksiz eller, el çarpyşmalar el galdyrmalar, dyzynda goýup diñlemeler. Garaz ýalynjañlyk etmeler
avatar
0
9 Kyyas • 21:07, 27.03.2023
Stolda ellerini gowşuryp oturan başlygyñ kabinetindäki adamlaryñ bolşy göz öñüme geldi...
avatar
0
10 Мango • 21:42, 27.03.2023
- çagalar! indi bolsa minimalizm zalyna geçeli. ine bu ýerdäki triptihi synlaly. sag tarapky bölekde akyllyja kiçi ýaşly çagalaryň üst-üstüne goýan eljagazlaryny synlaýaňyz.
çep tarapky bölekde hem akyllyja ullakan adamlaryň dyzlaryna goýan ellerini synlaýaňyz.
merkezi bölekdäki kartinada bolsa akyllyja, barmaklary daňylan merhumy synlaýaňyz.
çagalar! suratçy bize näme diýjek bolupdyr? biz her wagt nähili bolmaly ekenik?
– a-kyl-ly-ja!
– berekella!
diňe çagalaryň içinden bir çaga: haçana çenli akylly bolmalaý, haçan garagollyk etmeli. öleňseňom eliňi daňan bolup..., näme, daňmasaň garagollyk edäýer öýdýälermi-kä – diýip pikir edipdir. içinden. hem "ah, eller, eller,
erksiz eller..." diýipdir hiç kime eştdirmän.
şondan bärem garagollyk edýän ýokmuş.
avatar
0
11 Мango • 21:53, 27.03.2023
adam doglanda göbegi kesilýär, gidende göbeginiň üstünde elini goýup gidýä.
başda kesilip, agyrdylan ýerini tutup gidýän ekeni-dä adam pahyr – diýip kommentariýa ýazypdy LP, bir wagt...
avatar
0
12 Mergenowna • 00:28, 28.03.2023
L.P çyn aýdypmy???
avatar

Старая форма входа
Total users: 203