21:51 Akja pişik bilen hyýaly söhbetdeşlik | |
AKJA PIŞIK Bu gardan-da aşa ak, Gel, öýe gir, daşda galyp üşäýme! ..Aramyzda akja bolup ýaşamak, Bilmedim-dä, saňa ýeňil düşäýse? Belki, gara ýokmaz. Öýüňden örüp, Bimahal ykmasaň, gezmeseň kän bir. ...Saňa—içi-daşy ala bu görip, Goňşy pişikleriň gözi gidýändir... Seret, it janawer ýaz-u-gyşyna, Daňylgy dur! Sen birje gün çydarmyň? ...Ol ähli azaryn öz it durmuşnyň, Boşanaýsa, bir özüňden çykardy... Gör, ýene-de gitdiň etmän diýenmi, Saňa bu baknalyk düşýärmi ýa kyn? ..Seniň erkin hem öte özdiýenli Häsiýetiň meniň hem ruhuma ýakyn... Özelenme “uly” diýip, özgeler, Sen hem ynha, bir gün... sygmarsyň howla. ...Bu mymyjak günler öter, özgerer— Wagty tutup bolmaz syçan dek, kowlap... Merdi-namartjaňyz barmy siziň-de? Nadip tanaýaňyz oňatmy, betpäl? ...Meň-ä her ädimim iliň gözünde, Etjegiňi edip, gömer ýaly däl... Ýadymda däl, okadymmy bir ýerden, Ýa gürrüň berdimi maňa bir kişi? “Eýesiniň ähli yza-derdini, Özüne alýarmyş mähirli pişik...” Her gün meni oýarmagy öwrendiň, Säherler süýkenip, gelip ýanyma. ...Haýyş edýän, maňa beýle höwrügme, Bir derdeser salaýmaýyn janyňa... Lukma diläp, durma bizi gyssabam, Hurş edinýäs bellije bir wagtda. ...Wah, pişigi bolan bolsaň gassabyň, Dokja bordyň... Diýmek, juda bagtly... ..Özüň ýaly bu syrgynda ýokdur-la, Ak zatlara köpüň syny gidýändir. ...Saňa munda birje gara ýokdurman, Ýaşap ýörmekligi arzuw edýärin... It kysmaty ...Olaryň emeni-emenleridi — Eýjejik güjükler ejizdi juda... Bu gün aýra salyp enelerinden, Biri-birindenem etdiler jyda... Ählisini äkitdiler paýlaşyp, Kimsini göterip, kimsin ulagly. Soňra bolsa, göwünlerne jaýlaşyp, Kesdiler olaryň guýruk-gulagny... Janawarlar bildi heniz güjükkä, Aýraçyllyk näme, agyry näme? ...Gör, olara at dakdylar gijikmän, Gaplaňmy, Peleňmi — bir allanäme... ...Ikisi ganjyjak — erkejik üçi, Barysy-da misli ýumak düýrmegi. ...Güjüjekler ýat gapyda ýal üçin, Öwrendiler ýarmagy hem üýrmegi... Soň eşitdik, düşen eken birisi, Alys gum içine — çopan goşuna. Gorap ýörenmişin goýun sürüsin, Gije-gündüzine, ýaz-u-gyşyna... Ikinjiniň aw etimiş hurşy-da, Beýle itler, belki, bolýar gytragam? ..Ol toý-baýramlarda, her it urşunda, Baglanmyş diýýärler tutuş etraby... Üçünji — hiç kime bermändir wepa, Haýp, Aždarmyz ödemändir bu ady. ...Söw-söw ygyp ýörkä gapydan-gapa, Ölüpmiş, iýensoň iýmesiz zady... Megerem, dördünji — diri ýitipdir, Bilýänem ýok, ol görgüliň halyny... ...Bäşinjisi — goňşymyzyň itidir, Yhlas bilen ödeýär öz ýalyny. ...Sekiz ýyldyr, gulluk edýär hojaýynna, Nalaman it durmuşyndan, dat edip. ...Ýaşap ýör ol, käte uýajyklaryn hem beýleki doganlaryn ýat edip... © Annamuhammet KIRŞEN | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |