Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

05:32
Gürrüň ber ejeme...

GÜRRÜŇ BER EJEME...


...Kaka, ýene sen giripsiň düýşüme,
Gowlugadyr, bu elbetde, gowluga.
Bosagada garap durma, üýşenip,
Saçlary agaryp giden ogluňa.

Megerem, bilýänsiň, saňa aýandyr,
Ejemiz hem bu dünýeden gaýtdy...
Eger, ony görseň, meniň bu ýanda,
Aman gezip ýörendigim aýtgyn!

Durmuşda köp zady etdim men inkär,
Ýöne, muňa sen başgaça düşünme.
Ýeri, aýt, kaka, eýgilikmi-kä,
Ejem girenok-la meniň düýşüme?

“Bilýän, biweçlige dolanmajagyn,
Eý görýär aýalyn, çagalaryny...
Unutmaýar aýal doganjyklaryn,
Olar hem idäp dur agalaryny...

Öýeripdir uly agtyjagmyzam,
Oglumyň özünden eşitdim şu gün.
Onuň öňküsinden artykmaç zady,
Gep däl, bir maşgalaň çekýär keşigin...”

Diýip aýt...
Bolmasyn, goý, närazy,
Bilýäň ahyr, onda näme göwün bar?
“Hudaýa şükür...” diý, “Ýagşy...” diý, garaz,
Ynandyr, hiç zada däldigime zar...

Gürrüň ber ejeme... Diý, kaka, ýene—
“Ogluň onda bigänedir öýtme!”
“Gara-başnagaý...” diý, “Öz güni bilen...”
Emma, ak saçlarym hakda aýtma...

© Annamuhammet Kirşen
Bölümler: Goşgular | Görülen: 118 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Мango • 10:55, 14.05.2024
gowy goşgy eken.
"ak saçlar" başda-da agzalýar, soňunda-da.
kakasynyň öňünde ak saçlaryndan birahat bolýan ýaly...
ejesindenem ol ak saçlaryny gizlemek isleýän ýaly...
ýöne "ölä aýan, dirä güman" hem diýýäler.
ejeler-kakalar bizden habarly bolaýmasalar...

---
“Gara-başnagaý...” diý..."
"başnagaýy" düzedäýiň...
avatar
0
2 sussupessimist • 11:27, 14.05.2024
"başnagaý" diýip, awtor ýörite edendir diýip çaklaýan, kä adamlar şeýdip aýdagan
avatar
0
3 Seýrаn • 14:01, 14.05.2024
Gara başyna gaý bolup ýören bolmaly. Onam setire sygdyrmaly soň, ýogsam büdredýär, şeýle-de büdredip dur çalt okamasaň. Ýöne goşgy gowy eken.
avatar
0
4 Мango • 14:11, 14.05.2024
gara başyna gaý = gara-başnagaý = gara başagaý.

“Gara başagaý...” diý, “Öz güni bilen...”
avatar
0
5 Gülkamat • 17:06, 14.05.2024
Salam hemmäñize! Goshgyny menem gaty haladym... Duygularyñy gozgap goyberyär
avatar
0
6 aygull • 17:49, 14.05.2024
Gidenlermiz aman bolsun...
avatar
0
7 Medicall • 20:47, 14.05.2024
Gülkamat, Aleykimsalam:)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202