13:04 Uýalaryma | |
UÝALARYMA Gül ýüzüňiz gördüm, derdim ýeňledi, Dünýäm giňäp gitdi—sizi diňledim. Soňky döwür... Näme boldy, bilmedim? Kesildi-le bizden aýajyklarňyz— Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... Maşgala. Öý-ojak. Naçar yhlasy... Ömür örňedikçe düşünýäň hasam. Siz—garyp enemden galan mirasym, Aýapdym, ýene-de aýajaklarym— Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... Men sizi ýatlaýan, daranda gussa, Giň howlyň haýry nä ýüregiň gyssa? Durmuşda büdresem, nädogry bassam, Özümden öňürti uýaljaklarym— Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... Deň bolmaň siz, gyýa bakmaň öwrülip, Onsuzam ýalňyşlar sanjy böwrüme. Bir päkize süýtdenmidir göwnüňiz, Sähelçe ynjytsam, uýajaklarym— Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... Ömür ötýär, aladasy, aly kän, Öwrüm-öwrüm, ötlem-ötlem ýoly kän. Gör, bu ýyllar ýegençiler ýaly däl, Diňlemez, çekdirip uýanjyklaryn, Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... “Dogan!” diýip, derdim aňlajagym siz Ýene gelip, göwnüm awlajagym siz. Başujymda bozlap aglajagym siz, Bir gün uka gitsem... oýarjak bolup... Uýajyklarym, wah, uýajyklarym... Annamuhammet KIRŞENOW | |
|
Ähli teswirler: 2 | |
| |