Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

20:52
Men gülki paýlaýan…

MEN GÜLKI PAÝLAÝAN…

Men bir masgarabaz!
Meniň ýeke-täk,
Durmuşda başarýan, söýgüli kärim —
Uzak gijelerne özümi örtäp,
Ili güldürmegiň gözleýän tärin…

Belki, irde-giçde getir üstünlik,
Bu talapkär mähelläniň synagy.
Goý, gülsünler hezil edip üstümden,
Olaryň şatlygy — meniň sylagym!

Men kelpeň däl, oýnatgy däl, sähne däl,
Uly-kiçiň göwni bilen gopýaryn.
Ýene gelip, bu halasgär sahnada,
Awara kalbyma aram tapýaryn.

Tomaşaça täze oýun-baz gerek,
Täsin hokga gerek, olara günde.
Ýaşap ýörün şeýdip, bolup janserek,
Oýun bilen çynyň aralygynda…

El çarpyşyp, aýalarny aýaman,
Bu halaýyk menden juda razy.
Bilýänem däldirler, dek düýn aýalym,
Taşlap gitdi meni — masgarabazy.

Bardyr kesbim degerli hem saýmaýan—
Il-güni güldürmek öýüdýän ýeňil.
…Men bir masgarabaz, gülki paýlaýan,
Wah, başga başarýan zadym ýok meniň…

© Annamuhammet KIRŞEN
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 Seýrаn • 08:53, 14.12.2023
Awtor bizem bir güleli-dä
avatar
0
2 Lacrymosa • 14:58, 15.12.2023
bäý, bu suratyň gowudygyny! Nobel baýragyny alamda şu kartinany alyp, öýümden asyp goýaryn!
Kirşen agaň goşgusam gowy eken ýöne kartina barada gürleşäýeliň-dä
avatar
0
3 Мango • 15:09, 15.12.2023
şo suraty şu wagt alyp asyp goýup bilmeýäniň Nobel alsa-da asjagyna ynanamok. gysgançlyk Nobelden soň hasam güýçlenäýmese.

maslahat: suraty print etde as koridoryňdan (nämäni mesele edýoň?).
avatar
0
4 Lacrymosa • 15:10, 15.12.2023
Alaýit, Mango daýy diýýän-ä. saýty alahekge soraýandyr öýdýäňiz-dä? Dogry, düşünýäs, ummançylykdyr, ak-da balyk bolubiler, gara-da, ýöne gelip-gelip biz-türkmenleriň gül ýaly murtlak-murtlak lakga diýdi, bekre diýdi öz milli balyklarymyz barka, Голубая-голубая рыба-jyklary çekip, maňlaýymyza ýelmäp, olary tirkeşdirip-tirkeşdirip ýüzdürýäňiz-dä-how! Balyk diýeniň bary bir ugra yňyp ýörmän, yňan ugruna yňyp barman, eýläk-beýläk, aşak-ýokaryk ýüzenem bardyr-a!
avatar
1
5 Мango • 15:15, 15.12.2023
o balyklar agzybirlik bilen çärä taýýarlanýarlar, hemmesi bir ugra ýüzüp. indiki ýyl - agzybir balyklaryň ýyly. hudaý saklasyn, başga ýerlerde balyklar hersi bir tarapa ýüzýämişler...
avatar
0
6 Lacrymosa • 15:26, 15.12.2023
hawa, agzybirje balyklar bolsa gowy, Horowodda-da bary bir ugra aýlanýalar-a, dogry dogry düşündi. agzybirje balyklaryň ne gözi bar, ne gulagy. genial,
O Hormat hatyňyza-da öwrenişjek bolup uzak-uzak seredip otyrýanam weli içim gysýa, özümi internetden oklap, wi-fi-dan asasym geliberýär. Şadyýanyrak taýýarlaňsana-how, Ýeňijileriň komik suratlarynam sudur hilde ýerleşdirip bilerdiňiz-ä
avatar
0
7 sussupessimist • 20:24, 15.12.2023
Ondanam beter, başga suwlarda muň yaly balyklary akulalar, läheňler lak-luk atyar...
Ay, yone bey diyip, konserwirlenen gabyň içindäki yagda gözüni tegeläp yatan biçäre şprot bolmagam yakymly däl.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202