Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:58
Men jüýjämi gowy görýän...
MEN JÜÝJÄMI GOWY GÖRÝÄN...

(ulular üçin aýdymjyk)

Gowy görýän-ä, gowy görýän,
Men jüýjämi gowy görýän!
Şonuň üçin iým berýän,
Şonuň üçin suw berýän...

Ýene ýagşy ulalar,
Ýumurtga berer olar.
Heýjan-elek, jan elek,
Her gün iýem heýgenek...

Käte içjek çiginem,
Köp güç bereri ýaly.
Gatap giden içimi
Gowja süreri ýaly.

Iýjek irden gaýnadyp,
Ýatar garna iýmerin.
Ertirligmi gaýgy edip,
“Näme iýsemkäm?!” diýmerin.

Gowy görýän-ä, gowy görýän,
Men jüýjämi gowy görýän!
Şonuň üçin iým berýän,
Şonuň üçin suw berýän...

Öz agzymdan artaýsa,
Özgelere satsam nä?!
Guzlamasyn goýsalar,
Gazanjygma atsam nä?!

Kä salsam howurpeçe,
Kemsizje buglajak kä...
Ýa içi jüýjelije
Ýagly palow näderkä?!

Ýanyndan nan ýanaman,
Ýöne iýjek çişlik men.
Iýjek käte günortan,
Iýjek köplenç giçlik men...

Iýsin alsa, biljek kän,
Yzyn üzmän geljek kän.
...Men jüýjämi gowy görýän,
Hiçkime-de berjek däl...
Bölümler: Goşgular | Görülen: 75 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 02:33, 21.03.2023
Gatap giden içimi
Gowja süreri ýaly.

senna ýapragy ýamman gowy içiňi sürýä...

---
Iýsin alsa, biljek kän,
"Ysyn"- bolaýmasyn şu ýerde?
avatar

Старая форма входа
Total users: 203