Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:02
Annamuhammet Kirşenow
ANNAMUHAMMET KIRŞENOW

Annamuhammet Kirşenow — 1961-nji ýylyň 10-njy awgustynda, Tejen şäherinde, edebiýat mugallymynyň maşgalasynda dünýä indi. 1978-nji ýylda ol Tejeniň Garaja Burunow adyndaky 2-nji orta mekdebiniň 8-nji synpyny tamamlap, agşamky işçi ýaşlar mekdebinde orta bilim alýar. Eýýäm 4-nji klasda okaýan wagty edebiýat bilen gyzyklanyp ugraýar. Inžener-gurluşukçy hünäri boýunça gaýybana ýokary bilim alýar.
80-nji ýyllaryň başlarynda ilkinji goşgylaryny ýazyp başlaýar. Şol döwrüň meşhur gazetleri Ýaş kommunistde, Edebiýat we sungatda eserleri yzygiderli çap bolýar. Magtymguly, Kerim Gurbannepes, B.Hudaýnazarow, Ahmet Gurbannepesow ýaly türkmen şahyrlarynyň, A.Puşkiniň, S.Ýeseniniň, A.Blogyň eserlerinden täsirlenýär, olary ürç edip okaýar.
1990-njy ýyllar onuň goşgylary «Bahar bulaklary» hem «Söýgi we buýsanç» atly almanahlarda ýerleşdirilýär.
Bu döwürde şahyr öz goşgulary bilen Türkmenistanyň etrap welaýat merkezi gazetlerinde çykyş edýär, türkmen radiosynda birnäçe gezek goşgylary okalýar. Emma 1992-2006-nji ýyllar aralygynda şahyryň döredijiligine böwşenlik düşýär, ol hiç zat ýazmaýar, ýazan zatlaryny hem çap etdirmeýär.
Kirşenow lirik şahyrdyr. 400-den gowrak goşgylaryň awtory. Häzir şahyryň dürli eserleri “Watan”, “Nesil”, “Edebiýat we Sungat”, “Türkmen dünýäsi” ýaly gazetlerde, “Diýar”, “Garagum”, “Zenan kalby” žurnallarynda çap edilýär, türkmen radioýaýlymlarynda yzygiderli okalýar.
Häzirki wagtda şahyr “Dünýä edebiýaty” žurnalynda kyssa bölüminiň müdiri bolup zähmet çekýär. 2011-nji ýylda Türkmenistanyň Prezidentiniň yglan eden Türkmeniň Altyn asyry bäsleşiginiň ýeňijisi – şa serpaýynyň eýesi. Mundan ötri ýazyjy terjimeçilik bilen hem meşgullanýar. Ol Ýeseniniň, Blogyň, Ruben Darionyň goşgylaryny, belli ýapon ýazyjysy Kobe Abäniň "Keseki ýüz" romanyny, Karel Çapegiň, Alberto Morawianyň, Zigfrid Lensiň hekaýalaryny türkmen diline geçirdi.
A.Kirşeniň şygyrlary özüniň çuňňur pelsepewiligi, durmuşylygy, akgynlygy hem-de metafora baýlygy bilen okyjylaryň uly söýgüsine mynasyp boldy.

Çeşmesi: https://tk.wikipedia.org/wiki/Annamuhammet_Kirşen. 18.03.2023ý.
Bölümler: Ýazyjy-şahyrlaryñ, alymlaryñ terjimehaly | Görülen: 72 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Bagabat • 14:03, 18.03.2023
Aýratyn açdym.
avatar
0
2 Мango • 02:09, 21.03.2023
terjimelerinem okap göräýesiňi getirýär.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203