Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:24
Ol gitdi
OL GITDI

Gussaly garap bärisin,
Gaty gyssanmaç gitdi ol.
Meni galdyryp çäresiz,
Özem bialaç gitdi ol.

Elinden gitse erk, näme,
Etmezmi, eýse, terk, näme?
Myjabatdan gerk-gäbe ─
Mylakatdan aç gitdi ol...

Galjak bolup synandy kän,
Ynandy kän, gynandy kän...
Uzagam däl, ýakynam däl,
Haýp, han-ha Halaç gitdi ol.

“Bagyşla...” diýdim, “...eglendim”
Bolmady, gury emgendim.
...Galyň paltosy egninde,
Göwni ýalaňaç gitdi ol...
Görülen: 69 | Mowzugy paýlaşan: Bagabat | Teg: Annamuhammet Kirşenow | Рейтинг: 4.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Medicall • 13:36, 18.03.2023
"Galjak bolup synandy kän,
Ynandy kän, gynandy kän...
Uzagam däl, ýakynam däl,
Haýp, han-ha Halaç gitdi ol."
avatar
1
2 Мango • 02:18, 21.03.2023
...Galyň paltosy egninde,
Göwni ýalaňaç gitdi ol...

geýimli egin
ýalaňaç göwün
gyzyklyja...

galyň paltoly egini agzansoň ýalaňaç göwün hasam üşeýän ýaly...
üstünlikler Annamuhammet kaka.
avatar
0
3 Medicall • 02:31, 21.03.2023
Haýp han-ha Halaç gitdi ol - Halawa gitmändir näme-de bolsa, halaja gidipdir, şol Halaja gidýänçi ýerinde han-ha diýip bir bogny artyk alypdyr, hol diýse boljak bolýan ýaly bolup duram, hol diýse daşa giden ýaly bolup ýatar diýip han-ha edip aldymyka Annamuhammet aga.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203