23:27 Gyzlar galasy (pýesa) II-nji perdäniň dowamy | |
GYZLAR GALASY II-nji perdäniň dowamy XI-nji görnüş M a m a n h a n bieln G a r a s a ç e n e ýaraly gyzlara kömek edýärler. Gyzlar uly eňşeşik bolup aglaşýarlar. G a r a s a ç e n e ( M a m a n h a n a ýüzlenip). Ýitgi barmy? M a m a n h a n . Üçüsi (gözüniň ýaşyny süpürýär.)... Sekizisi—ýaradar... Pöwrizäň aşyk ýigidi wepat bolupdyr. Göwheriň ýüzüne tyg ýara düşdi, anha ýüzi sargyly. Bir gzyzmyz ýesir düşdi. G a r a s a ç e n e . Kim? M a m a n h a n . Tumar. Yza tesjek bolanymyzda onuň aty ýaralanýyp,yza galýar. Tumar atyndan düşüp, gapdalyndan çapyp barýan gyzlaryň biriniň atynyň syrtyna bökmek üçin ylgaýar, aýagy daşa degip büdreýär. Oňa kömege ýetişer ýaly elimizde ne gylyç bar, ne naýza bar. Eglensek hämmämiz ele düşjek. Tumar görgülijik bolsa: “Meniň üçin eglenmäň, gaçyň!” diýip gygyrýar. (Agalaýar. Köşeşensoň.) Men ony ertiriň özünde boşadaryn... kellämi goýaryn welin... G a r a s a ç e n e . Goý hany, gahar şeýtandyr, oňa uýsaň ähli tutan işiň puç bolar. “Töwekgeliň endişe bilen işi bolmaz” diýselerem, ýedi ölçäp bir kesmeli-de, bu işde diňe sowukganlylyk blen hereket etmeli. Uruş pidasyz bolmaz, ýöne her bir uruşyň yzy parahatlyga ýazýandyr. Alla jan, şol günlerem geläýedi! M a m a n h a n . Bu gün ne o tarap, ne bu tarap ýeňdi. Indi iki garşydaş hem özlerini dürseýänçäler goranyşa geçerler. Biziň gyzlarymyz oklary gutarýança gaýduwsyz söweşdiler. Duşman gala girenimizi görendir, indi ol dek ýatmaz. G a r a s a ç e n e . Düýn siz gideniňizden soň, Gün dogan badyna, ho günki “derwüşler” jerçi sypatyna girip gelipdirler. Galada yns-jynsyň ýoklugyna ynanman, galaň içine girip gördüler, ýene aýlanjykdyklaryny aýtdylar. Albassyny hem olaryň yz ýany bilen kowup goýberdim. M a m a n h a n . Gyzlar, ýaralylara kömek edýäniňizden galanyň meň ýanyma geliň! (Gyzlar üýşenden soň.) Ertir iň wajyp we iň haýyrly meseläni çözmeli—Tumar doganymyzy bendilikden boşatmaly. Çopur hanyň didebanlary onda-munda sümsünişip ýörler. Ertiriň bir wagtynda olar galamyza-da aralaşmaklary mümkin. Biz olary ýesir alyp, tä Tumar bilen çalşylynýança girewde saklarys. Olaryň geçäýjek ýerinde bir bölegimiz gorag esbaplarymyzy doly geýinip, ykjam ýaraglanyp, halka gurap, bukyda gizlenmeli. Atdan agdarmak üçin syrtmaklaryňyz hökman ýanyňyzda dursun. Ýene bir bölegimiz dabara barýan ýaly, iň owadan köýneklerimizi geýip—bezenip-beslenip didebanlara tötänden sataşan bolarys. Bu toparyň elinde suw küýzeden başga ýarag bolmaz we onuň gyzlary didebanlara al salyp, bukyda ýatanlaryň üstüne elter. Ertir kim ýarag dakynmaly, kim bolsa suw küýze götermeli—ony özara maslahatlaşyň. (Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) XII-nji görnüş Ç o p u r h a n y ň çadyry. Çadyrda handan başga S e r k e r d e we onuň jansyzlary—jerçiler, gapyda—Ý a s a w u l . “ J e r ç i l e r “ dyzlaryna çöküp, hana gören-eşidenlerini gürrüň berýärler. B i r i n j i j e r ç i . Hut öz gözüm bilen gördüm: galaň içinde janly-jandar ýok I k i n j i j e r ç i . Asla iňlär siňek ýok. Bir garry, derwezeban kempiri gördük, başga adam garasyna duşamzok. Ç o p u r h a n . Siz galada entäp ýörkäňiz, galadakylar bärde, söweş meýdanynda biziň pyýada goşunymyzy elesledip ýörler. Örän ýowuz daradylar. Henize çenli, meň heleýlerden peçana düşen ýerim ýokdy. Siziň goýberen hataňyz maňa gymmada düşdi. ( Ý a s a w u l a .) Bu hepbesiz nadanparazlaryň el-aýaklaryny gandallap, zyndana oklaň, olaryň tepbedini ertir okaryn. ( Ý a s a w u l “jerçileri” öňüne düşürip äkidýär.) ( S e r e k e r d ä ýüzlenýär.) Ertir Gün guşluga galanda, ikisinem görene göz edip, dara çekiň! ( S e r k e r d e başyny egýär.) (Çadyra kürsäp, A l b a s s y girýär, dyzyna çöküp, maňlaýyny ýere goýýar). Bir çemçe ganymy geçiň, merhemetli han aga! Ç o p u r h a n . Ýeri, sen näme şum habar getirdiň?! A l b a s s y (Başyny galdyryp). Şum däl, hoş habar. Maman han şu gün Gün dogmanka, gyrnaklary bilen galany taşlap gaçyp gitdiler. Ç o p u r h a n . Seni näme üçin diri goýupdyrlar? Olaryň hataryna geçen-ä dälsiň-dä?! A l b a s s y . Ýalan sözleýän bolsam, lal açaýyn, goý meň ýüzümi heýwere tutsun. Şu güne çenli saňa ak ýürekden hyzmat edip gelendirin. Ýeke howandarym diňe sensiň han aga, men naçara rehimiňiz insin... (Möňňürip aglaýar.) Ç o p u r h a n (gapydan giren Ý a s a w u l a ). Zyndana, şu günki ýesir düşen esger gyzyň ýanyna taşlaň. (A l b a s s a ýüzlenip.) Ertire çenli haýsyňyz diri galsaňyz, şoňa adalatly Biribaryň rehim etdigi bolar. A l b a s s y (aglap hanyň aýagyna ýykylýar). Han aga, jan aga! Gaplaňyň öňüne okla welin, meni arwahyň öňüne bir oklama! Gowusy hanjaryň bilen dogry ýüregimden ur, ölsemem öz eliňden öleýin. Iller ýaly men hem öz mazarymda rahatja ýataýyn. Ol ýabanylar diňe adam eti bilen iýmitlenýärmişler-ä... ( Ý a s a w u l ýeňsesinden südenekledip äkidýär. Şerraýlap,çakyr sesini bilen gygyrýar.) Waý, agalar menden razy boluň-uw! Meni jähenneme äkidip barýalar... S e r k e r d e (baş egip). Günämi ötüň, merhemetli hökümdarym! Ç o p u r h a n . Aýdyber! S e r k e r d e . Aýallaryň mekirligi biziň jansyzlarymyzyň paýhasyndan üstün çykdy. Iki gezek hem aldawa düşdiler. Ýöne sömpüldäb-ä gaýtmandyrlar, käbir wajyp maglumatlary hem getiripdirler. Olar galaň derwezebany bilen ysnyşypdyrlar, ony satyn hem alaýan ýalylar. Galany zabt edenimizde olaryň kömegi gerek bolmagy mümkin. Şonuň üçin,”Ýarym güne ýaryş ýok” diýipdirler, olaryň jezasyny birneme gijikdiräýseňiz nähili bolarka?! Goý, olar bagta töwekgellik edip, iň soňky synaglaryndan geçip görsünler. Ç o p u r h a n . Oýlanyp görerin. XIII-nji görnüş Gündizlik. Dört sany gyz eginlerine suw küýzelerini atyp, gülüşip-degişip gelýärler. Bularyň öňüne Ç o p u r h a n y ň didebanlary böwet bolýar. B i r i n j i g y z (gapdalyndan gelýän jorasyna gysmyljyrap). Waý eje! (Gaçjak bolup synanyşýar, didebanlaryň biri onuň öňüni kesýär). I k i n j i g y z (egnindäki küýzesini ýerde goýýar). Salam edermen ýigitler! Siz o gyzy geňirgemäň, onuň erkek göbeklä birinji gezek nazary düşüp duryşy, aljyran bolýar-la. B i r i n j i d i d e b a n . Salam gözel gyzlar! Siz haýsy bagyň güli, haýsy bagyň bilbili? Ü ç ü n j i g y z . Bizde bag näme işlesin, gül näme işlesin. Biziň gülşeni bagymyza hazan urdy bilbillermiz uçup gitdi... Biziň bagbanymyz indi Maman han, biz onuň çorylary. Galaň guýysynda suw bar hem welin, (Ýaýkanjyrap, tumşugyny ýokary galdyryp, gözlerini süzüp, M a m a n h a n y ň bolşuny şekillendirýär.) “Men çeşmäň suwuny içesim gelýä” diýen bolup, bizi ho-ol allowarradaky çeşmä ugradýar-da. Zalym... D ö r d ü n j i g y z ( D i d e b a n l a r y ň birine näz bilen ýüzlenip). Eý, dor atly ýigit! Suw içesiň gelýärmi? I k i n j i d i d e b a n (uzakdan). Hawa. D ö r d ü n j i g y z (näz bilen). Gel-dä onda, suwsaýanyň çynyň bolsa! (I k i n j i d i d e b a n ylgaşlap gelýär-de, D ö r d ü n j i g y z y ň küýze saklap duran ellerini ykjam gysymlap sypdyrman, küýzäni başyna çekýär. Suwdan ganandan soňam gyzyň ellerini sypdyranok.) D ö r d ü n j i g y z . Waý bu oglanyň eliniň gyzgyndygyny! Elimi goýber-ä, indi! I k i n j i d i d e b a n ( D ö r d ü n j i g y z y ň daşynda pyrlanyp durşuna, tolgunyp gepleýär). Keýijegim, meniň ýüregimem edil elim ýaly gyp-gyzgyndyr, ynha elläp göräý! (Gyzyň aýasyny alyp kükreginde goýýar.) D ö r d ü n j i g y z . Hakyt-da, munuň gürsüldäýşini! ( D i d e b a n a gysmyljyraýar. D i d e b a n gyzy garsa gujaklaýar, gyz onuň gujagyndan sypyp, ýuwaş sesi bilen.) Men-ä bärde utanýan... Seredip durlar... (D i d i e b a n gyzyň elinden tutup äkidýär.) I k i n j i g y z ( B i r i n j i d i d e b a n y ň gulagyna çawuş çakýan gürrüňlerini diňläp durşuna, näz edip). Goýsana oglan! (Ha-haýlap gülýär. Biline goýlan D i d e b a n y ň eline çalaja kakyp goýberýär.) Waý, häzir eräp akýan... (Kellesini D i d i e b a n y ň egnine goýýar. D i d e b a n gyzyň bilinden gujaklap äkidýär.) Ü ç ü n j i d i d e b a n ( B i r i n j i g y z y ň ýanyna baryp, şelaýynsyraýar.) Adyň näme, Aýyň bölejigi! Agzym kepäp gitdi-dä, suw beräý-dä! B i r i n j i g y z . Aýbölek. (utanan bolup küýzeli elini d i d e b a n a uzadýar, beýleki eliniň bilegi bilen ýüzüni ýapýar.) Me içiň... ( D i d e b a n gyzyň elindäki küýzäni zyňyp goýberýär-de, gyzy garsa gujaklap, ýaňagyndan öpjek bolanda, gyz “Waý” diýip çaşan bolýar. D i d e b a n ony göterip alyp gidýär.) D ö r d ü n j i d i d e b a n ( Ü ç ü n j i g y z y ň alkymyna gelip). Men seni düýşümde gördüm-dä. Ü ç ü n j i g y z (näz bilen). Goýsana oglan! D ö r d ü n j i d i d e b a n . Hawa, çypbakaý-çynym... Ü ç ü n j i g y z (üşerilip). Waý, bir-ä gelýär... D ö r d ü n j i d i d e b a n (yzyna gaňrylyp). Hä-ä, o biziň serkerdämiz-laý. Ü ç ü n j i g y z . Men şol adamdan gorkýan-da... (Elini d i d e b a n y ň egnine goýup, gysmyljyraýar.) Meni şu taýdan äkidäý-dä! ( D ö r d ü n j i d i d e b a n gyzy göterip alyp gidýär.) D i d e b a n b a ş y (hasanaklap gelşine). Eý, siz nirä ýitirim bolduňyz? Atlar diýen edenog-a, tanaplaryna towsuşyp durlar. Suwdan ganan bolsaňyz, derrew atlanyň! (Daş-röweregine göz aýlaýar.) Dym-dyrslyk-laý bäri... (yzyndan iki sany esger gyz gelip depesine hanjaryň sapy bilen urup seňseledýärler-de süýräp äkidýärler.) XIV-nji görnüş M a m a n h a n , esger gyzlar we agyzlary esgi dykyly, güýlinen D i d e b a n b a ş y d i d e b a n l a r y bilen. M a m a n h a n (küýzeli gyzlara). Sag boluň gyzlar, iş bitirdiňiz! Siz indi gala dolanaýyň, agşama çenli ýaraglarňyzy, esbaplarňyz y, atlarňyzy häzirläp goýuň! Şu gije harasat gopmagy ähtimal.(Küýzeli gyzlar gidenlerinden soň, D i d e b a n b a ş y ň gabadynda çommalyp oturşyna oňa ýüzlenýär.) Ýaşasyň gelýärmi? ( D i d e b a n b a ş y başyny atýar.) Häzir agzyňdaky dykyny aýyraryn welin, samsyk soraglaryňy bermän, meni üns bilen diňle, bolýarmy? ( D i d e b a n b a ş y “razy” manyda başyny atýar.) Maňa seň janyňam derkar däl, malyňam. Ýokarda, baş serkerdäňiziň çadyrynda näme gep-gürrüň bar? (D i d e b a n b a ş y gözi bilen ýoldaşlaryna ümläp, dymýar. Esger gyzlara yşarat edýär, olar güýülen d i d e b a n l a r y turuzyp alyp gidýärler.) Ýeri, diňleýän! D i d e b a n b a ş y . Maman han, men Siz hakda rowaýata öwrülen kyssalary diňläp gelýän. Siziň merdanalygyňyz we adalatlylygyz barada-da köp eşitdim. Biziň janymyza kast edilmejigine güwä geçip bilermisiňiz. M a m a n h a n . Biziň bir gyzymyz sizde ýesirlikde, meniň güwäm şol. D i d e b a n b a ş y . Gorkuzjak bolýandyr öýdüp düşünmäň! Siziň başyňyza basym bela inýär. Çopur han ýakyn günlerde Gyzlar galasyny ýer bilen ýegsan etjek diýýär. M a m a n h a n . Ony görübereris. Men siziň hanyňyza häzir nama ýollajak. Namany äkitmeli çaparyňy taýynla, galanyňyz tä şo gyz tussaglykdan boşaýança girewde galarsyňyz. Aýşa, Patma! M a m a n h a n (Patma ýüzlenip). Muny ýesirleň ýanyna äkit. Agyzlaryndaky dykylary aýyryň-da bir owurt suw içiriň. Didebanbaşyň esgerleri bilen maslahaty bar, goý maslahtlaşynlar, belli karara gelensoňlar habaryny ýetir. Içinde köpräk gepleýänleri bar bolsa iki dürre haky bar. (Patma baş egip, D i d e b a n b a ş y n y öňüne salyp äkidýär). Aýşa! A ý ş a . Men bärde, hanym! M a m a n h a n . Meň aýtjak sözlerimiň ýekeje harpyny ýitirmän kagyza geçir! A ý ş a (eline kagyz, döwet-galam alyp, ornaşyp oturandan soň). Gulak asýan, hanym! M a m a n h a n . Şu namany ýollamak bilen siziň bäş sany didebanyňyzyň bize ýesir düşendigini habar berýän. Esgerlerňizi sizde bendilikde saklanylýan Tumar atly naçarymyza çalyşmak niýetim bar. Eger-de, meniň teklibimi makul bilseňiz, onda gyzymyzy şu namany gowşuran çaparyň ýany bilen goşup goýbermegiňizi towakga edýärin. Didebanlaryň sagat we diri dolanjaklaryna kepil geçýän. Soňky sözüm: eger gyzymyzyň ýekeje dyrnagyna zeper ýetirilen bolsa, menden oňňullyga garaşmaň, günäkäriň gözlerini öz elim bilen oýaryn. Baş serkerdäniň rugsady bilen: Mamajan han, Abdyrahman han gyzy. (Barmagyndaky ýüzügi çykaryp syýadana batyrýar-da, nama möhür basýar.) Bar, didebanlar maslahatyny dynan bolsalar, çaparyny ýola salsynalr! ( A ý ş a gidýär.) XY-nji görnüş Çopur hanyň çadyry. Ç o p u r h a n , S e r k e r d e we gapyda duran Ý a s a w u l . Ç o p u r h a n (gazap bilen elindäki namany ýyrtym-ýyrtym edýär-de zyňyp goýberýär. Gaharly). Sen heleýjik, meň elime bir düş, dünýä ineniňe puşman edersiň! Sen kim bolupsyň maňa, Çopur hana haýbat atarça! Galaňa ýumurtga togaladaryn, ýanyňdaky tulalaryňy Bagdadyň gul bazaryna äkidip satdyraryn, dur bakaly! ( S e r k e r d ä .) Galany şu gije zabt etmeli! Jansyzlaryňy gala ugrat! Gala girjek mahalymyz derwezäň alkymynda itinişip durmaly bolaýmaly. Zyndandaky ýesir gyrnagy sypdyraýalymy?! Maňa şu wagt bir esger gyzyldan gymmatly. S e r k e r d e (başyny egip). Hut şeýle, merhemetli hanym! Ygtyýar özüňizde. Buýruklaryňyzy ýerine ýetirmäge gitmäge rugsat ediň! (Han elini salgansoň, başyny egip çykyp gidýär) Ç o p u r h a n ( Ý a s a w u l a ) . Garawulbaşa aýt: ýesir gyzy boşadyp goýbersinler. ( Ý a s a w u l baş egip çykyp gidýär.) XYI-njy görnüş Ç o p u r h a n y ň bendileri saklaýan ýerzemin-zyndany. Zyndanyň daşynda iki sany garawul aýlanyp ýör, içinde, onuň bir burçunda, sypal boýranyň üstünde T u m a r ýatyr. Zyndanyň beýleki burçunda A l b a s s y saçyny darap otyr. G a r a w u l b a ş y agajyň kölegesinde çaý içip otyr. Onuň ýanyna hanyň Ý a s a w u l y bilen D i d e b a n – ç a p a r gelýär. Ý a s a w u l hanyň permanyny G a r a w u l b a ş a gowşurýar-da, gidýär. G a r a w u l b a ş y . (permany okap oturşyna, garawullara gygyrýar). Eý, bularyň haýsysy Tumar? B i r i n j i g a r a w u l (ylgap gelip, G a r a w u l b a ş y ň öňünde dikelip durýar). Şolaryň biri arwah, beýlekisi ýabany bolmaly, Siziň alyjenabyňyz. G a r a w u l b a ş y . Ony sensizem bilýän. Garrysymyka, ýa ýaşy? B i r i n j i g a r a w u l . Özlerinden soramaga rugsat ediň, hojaýyn! G a r a w u l b a ş y . Bar, sorap gel! B i r i n j i g a r a w u l . (zyndana girýär). Eý, Tumar haýsyňyz bolýar? A l b a s s y . Ýuwaşrak heňkir, ýatan bar. Tumary näme etjek? B i r i n j i g a r a w u l . Hanyň permany bilen tussaglykdan boşadylýar, yzyndan adam gelipdir, garaşyp dur. A l b a s s y . (saçyny çugdamlap ýerinden turýar). Wiý, Tumar-a men bolmaly, hanym. Gökdäki dilegim ýerde gowşaýdy! Meň yzymdan agamjan gelendir, ýör! (Zyndanyň daşyna çykýar.) B i r i n j i g a r a w u l . Ynha şü, “Men Tumar” diýýär. G a r a w u l b a ş y (D i d e b a n – ç a p a r a ýüzlenip). Şumy? D i d e b a n – ç a p a r . Birinji gezek görýän. G a r a w u l b a ş y (B i r i n j i g a r a w u l a). Dyk yzyna! Beýlekini getir! B i r i n j i g a r a w u l (A l b a s s y n y südenekledip zyndana salýar-da uklap ýatan Tumaryň ýanyna barýar.) Eý, Tumar diýilýän senmi? Saňa aýdylýar, kermi ýa sen? ( T u m a ry ň egnini iteleýär.) (T u m a r G a r a w u l y aýagy bielen depip goýberýär). Owarra bolsana, ýerçeken! ( G a r a w u l elindäki aýpaltasyny gaçyryp, diň arkan gaýdýar.) Ölmänkäm ukudan bir ganaýaýyn diýdim-dä... B i r i n j i g a r a w u l (daşaryk ylgap çykýar). Şol ýaşajyk wagşy Tumar bolaýmasa, Siziň alyjenabyňyz. G a r a w u l b a ş y . Daşyna çykar! B i r i n j i g a r a w u l (zyndanyň içine boýnyny uzadyp, T u m a ra ýüzlenýär). Eý geçigaplaň, daşaryk çyk! T u m a r (hüňürdeýär). Müddetim doldy öýdýän... (Zyndanyň daşyna çykýar. Ýagtydan goranmak üçin gözlerini ýeňi bilen ýapýar.) G a r a w u l b a ş y ( D i d e b a n – ç a p a r a ýüzlenip). Şu-la däldir?! D i d e b a n – ç a p a r . Muny hem ilkinji gezek görýän. G a r a w u l b a ş y (närazy äheňde). Tanamaýan bolsaň, tanaýany ibermeli ekeniň. (T u m a r a ýüzlenip.) Adyň näme, geçi? T u m a r. Beýdip göwnüme degjek bolsaňyz asla geplejek däl, tä dara çekýänçäňiz. G a r a w u l b a ş y . Ýeri bolýar, keýigim, adyňy aýdaý! T u m a r. Tumar. G a r a w u l b a ş y . Ine saňa gerek bolsa! Bu hem Tumar. Iki sany Tumar, haýsy göwnüňe ýarasa alyp gidäý! (Gülýär). Gep döwnäp oturjak däl. Men-ä hanyň buýrugyny ýerine ýetirmeli, senem—harydyňy alyp gitmeli.Tanamaýan adamyňy berip goýberip biljek däl. Meselämizi anyklaýançak, garaşmaly bolarsyň, gardaş D i d e b a n – ç a p a r . Meň wagtym çäkli, şularyň haýsy hem bolsa birini äkidip, girewde ýatan ýesirlerimizi boşatmaly. Buýrugy ýerine ýetirmesek, ikimiziň hem başymyzdan sypamazlar, halypa. G a r a w u l b a ş y . Bä-ä, näme etsemkäm... A l b a s s y (gapydan boýnyny uzadyp). Meni iberäý-dä! B i r i n j i g a r a w u l (hemleli). Ýap gapyny, akýal! G a r a w u l b a ş y (B i r i n j i g a r a w u l a T u m a ry görkezip). Muny hem sal içine! (Zyndanyň gapysy ýapylansoň.) Näme diýsene şepe! Gel ikimiz şertleşeli: bije atýas, haýsysynyň bijesi çyksa şony äkidäý. “Bijeli oglan aglamaz” diýipdirler. D i d e b a n – ç a p a r . Birden ol däl bolup çyksa. G a r a w u l b a ş y . Onda yzyňa dolanypjyk ony tabşyrýaň-da , beýlekisini alyp gidýäň. (Bije atýarlar.) Ýaňky geçiň bijesi çykdy! Ana, ýoluň ak bolsun! Sag-aman gidip-gel! ( T u m a ry D i d e b a n – ç a p a r a berip goýberýär.) XYII-nji görnüş Gyzlar galasynyň içi. M a m a n h a n , G a r a s a ç e n e we esger gyzlar bendilikden boşap gelen T u m a r y ň daşyna üýşüpdirler. G a r a s a ç e n e ( T u m a r y gujaklap, ogşaýar). Sag-aman gelipsiň, gözüň aýdyň, balam! Hemme synalaň ýerbe-ýermi? T u m a r . Hawa-la, ene. (gyzlar bir-birden gelip, gujaklaşyp görüşýärler.) M a h y g ü l (galaň diňinde duran ýerinden gygyrýar). Maman hany çagryň! Ýigitler galasyndan wajyp habar gelip gowuşdy. M a m a n h a n ( M a h y g ü l ü ň ýakynyna golaýlap). Aýdyber! M a h y g ü l . Şu gün gije Çopur hanyň ýagysy galamyza çozjakmyşlar. M a m a n h a n . Meniň habarymy iber! Baş serkerdä: häziriň özünde, gyssagly, Gyzlar galasyna iki ýüz atly bilen üç ýüz pyýada goşunyny ibermegiňizi soraýaryn. Maman han. XVIII-nji -njy görnüş Gyzgalaň içinde M a m a n h a n y ň ýolbaşçylygynda harby geňeş geçirilýär. Harby geňeşe, Baş serkerdäniň M ü ň b a ş y s y bilen Ý ü z b a ş y s y gatnaşýarlar. M a m a n h a n . Serkerdeler! Eger rugasat bolsa, Gyzgalanyň goramaklykda öz meýilnamam bilen tanyşdyraýsam. ( M ü ň b a ş y bilen Ý ü z b a ş y razylyklaryny bildirip, başlaryny atýarlar.) Ýüz sany pyýada goşun galaň üstüne, ýaýçy gyzlar bilen bir hatarda ýokardan aşak duşamana ok ýagdyrarlar, pyýada goşunyň ýüzüsi galanyň sag hem çep taraplarynda garym gazynyp, buljumda gizlenip, gapdaldan çozaýjak duşmany serpidirmek üçin taýyn bolup ýatarlar. Goşunyň ikinji ýüzüsiniň ellisi derwezäň gabadynda, galaň ortasynda ullakan garym gazyp, çöp-çalam, gury odun, köne-küşül, keçe-peçe bilen üstüni basyryp, üstüne gum sürerler. (Gamçysynyň ujy bilen ortada ýazylan eýlenen geçiniň hamyna çekilen meýilnamany görkezip.) Galan ellisi derwezäniň gabat garşysynyň diwaryny köwüp, dört atly geçer ýaly yş açmaly. Duşmanyň atly goşuny päsgelsiz galaň içine girer ýaly derweze gulpsuz durar. Galanyň diwarlarynyň iç ýüzünde her ýigrimi ädimden aýal eşigi geýdirilen garantgalar dikiler we olaryň arasynda saman garyşykly ýagly letdeler goýular. Duşmanyň atly goşunynyň bir bölegi giren badyna derweze ýapylar. Üç-dört sany atly gyzlarymyz duşmandan gorkan kişi bolup yşdan çykyp giderler-de, atlaryndan düşüp, tanaplary bilen gala dyrmaşyp, galaň üstündäki ýaýçylara goşularlar. M ü ň b a ş y . Atly goşunyň etmeli işi. M a m a n h a n . Öz atlarymyz pyýada goşuny daşarlar. Bize häzir gyssagly işçi güýzi zerur. Yzy üzülmän geçip duran atlylary görüp, duşman pyglyndan gaýtmazmyka?! Ý ü z b a ş y . Haý näbileýin-dä... M a m a n h a n . Atly goşun duşman gözýetime gelýänçä galaň içinde ýerleşer. Olary gören badymyza, atlylara galaň yşyndan çykmaly diýip buýruk bereris. Daşyna çykan batlaryna olaryň bir bölegi sag tarapa, beýlekisi—çepe ýöneler. Derweze ýapylan badyna atly goşun galaň daşynda galan duşmanyň üstüne döküler. M ü ň b a ş y . Garantgalar bilen ýagly letdeleri düşündir M a m a n h a n (ýylgyryp). Olaryň hersiniň öz eýeleri bar. Derweze ýapylan badyna, ýaýçylar ujy otly oklary bilen, derwezä ýakyn diwaryň we galaň sag-çep diwarlarynyň öňündäki letdelere ot bererler, ýere bagryny berip ýatan garantgalar ör boýuna galarlar. Zähresi ýarylan atlar diňe öňe—garymyň üstüne tarap çapmaly bolýarlar. Garymyň içinde-daşyndaky basgy bolan duşmanlaryň ýekejesi-de ýaýçylarmyzdan sypmazlar. M ü ň b a ş y . Gyssagarada bu ajaýyp söweş meýilnamasy nireden kelläňe gelip ýör. M a m a n h a n . Gala göçüp gelen günimizden, galanyň goragyny, duşman duýdansyz döküläýende, öňünden geçirilmeli çäreleri gündiz küýümden çykman, gije düýşimde gördüm. Garantgalar, letdeler, gala dyrmaşylýan tanaplarmyz, ot atýan oklarmyz—bularyň hemmesi eýýäm näçe ýyldyr öňünden ätiýaç edilip goýlandyr Ý ü z b a ş y . (başyny ýaýkap). Haýp, sen erkek bolup dogulmansyň! Ömür kelläňe gelmejek pikirler! M a m a n h a n . (gülüp). Erkek bolmanyma şükür edýän. Siz, erkekler zenanlaryň serine näçeler ajaýyp oý-pikirleriň gelip-gidýäninden bihabar galýaňyz, onuň hem sebäbi “Uzyn saçlyň akyly kelte” diýilýän ýalňyş düşünjä eýerip, pitiwa bereňzok. (Gülüp.) Käwagtjyk aýallaryňyza-da “hä” diýäýiň! (Hemmesi gülüşýärler. G a r a s a ç e n e gelýär.) G a r a s a ç e n e . Düýnki “jerçiler” ýene geldiler. Biz olary daňyp goýduk. M a m a n h a n . Olara berk düşündiriň: diri galmak isleýän bolsalar, duşman gelende galaň derwezesini açyp bersinler. G a r a s a ç e n e . Bolýar, hanym (Gidýär.) M ü ň b a ş y . Söweşiň meýilnamasyny örän takyk düzüpsiň, kemi ýok. Ýöne... Habaryň bardyr-la Maman han, Baş serkerdäň permanyna laýyklykda, söweşe men ýolbaşçylyk etmeli. Onuň şeýle karara gelenine dogry düşünensiň diýip pikir edýän... M a m a n h a n . (gülüp.) Ýok, saçymyň uzynlygy zerarly doly aňşyryp bilmedim. (Hemmesi bilelikde gülüşýärler.) Elbetde, her bir işde zenanyňam, erkegiňem öz orny bardyr. Bular ýaly möhüm söweşi saňa ynanyp, Baş serekerde dogry netije çykarypdyr. Aldym-berdimli söweşlerde erkek adam gaýduwsyz, gözsüz batyr bolýar, duşmana rehimsiz daraýar, çykgynsyz ýagdaýlarda aljyraman-alňasaman baş alyp çykarmany başarýar. M ü ň b a ş y . Atly goşunyň öňüni meň özüm çekerin, galaň daşyndaky pyýada goşuna ýüzbaşy ýolbaşçylyk eder, Maman han, sen bolsa galaň içindäkilere seredersiň! (Sahnanyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) XIX-njy görnüş Sahna garaňkylanýar. Galaň içinde uruş başlanýar. Galanyň käbir ýerlerinde zenan eşikli garantgalar dikilgi we olaryň arasynda ot ýanýar. Atlaryň kişňemesi, atdan agdarylýan ýaralylaryň ah çekýän sesleri, oklaryň şuwwuldysy, gylyçlaryň çakyşýan sesleri eşidilýär. Bu sesler ýuwaş-ýuwaşdan kesilýär, sahna ýagtylýar. Uruş gala goraýjylaryň ýeňişi bilen gutarýar. Gyzlar bir-birleri bilen, ýigitler bir-birleri gujaklaşýarlar. Billeri gylyçly ýigitler,egni ýaýly gyzlar ýaralylaryny söweş meýdanyndan gyra çykarýarlar-da, olara kömek berýärler. M ü ň b a ş y . Diri galanlar, ýeňil ýaralylar nyzama düzüliň! Agyr ýaralylary sagalýançalar galada galdyrmaly. Duşmandan galan olja at-ýaraglary, harby sülsatlary bir ýere ýygnaň! Garşydaşymyzyň goşunyndan düşen ýesirleri bir ýere jemläň! Bu işlere ýarym salkyn wagt berýän. Serkerdeler, taýynlyk işleri dynan dessine, esasy goşunlarymyzyň ýerleşýän ýerine ýöriş etmeli! M a m a n h a n . ( M ü ň b a ş a ýüzlenip.) Beren kömegiňiz üçin Taňry ýalkasyn! Siz bolmadyk bolsaňyz, duşman bize güzap bererdi. M ü ň b a ş y . Size ýardam bermäge elmydama gaýymdyrys, hanym! Hoş galyň! M a m a n h a n . Hoş. Sag-aman baryň! G a r a s a ç e n e (eli saçakly esgerleriň arasyna aýlanýar, esgerler saçakdaky nandan döwüp, agyzlaryna salýarlar). Aman-sag baryň, goçaklarym! M ü ň b a ş y (esgerlerine). Ýörişiň öňünden ýigrimi atlydan ybarat didebanlar ýöremeli, olayň yzyna pyýada goşun düşmeli. Sülsaty we ýesirleri leşgeriň ortasyna geçirmeli, ýeňil ýaralylary ata mündirmeli, goşunyň yzyny atly goşun çeker! Hany onda ýöräliň! ( M ü ň b a ş y ň goşunlary Gyzgaladan gidýärler.) M a h y g ü l (galaň diňiniň üstünden şadyýan gygyrýar). Gyzlar meni üns bilen diňläň! Ertir Gün çäş berende, Ýigitler galasynyň ýigitleri sapanlary bilen biziň galamyza alma zyňjaklar, taýyn bolup duruň! Her kim öz nesibesini—öz bagtyny gapyp almaga häzir bolup dursun! Gyzlar, öňünden duýdurýan: ýarty alma meniňkidir, kime ýarty alma düşse maňa bersin! (Sahnaň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) XX-nji görnüş Gyzlar galasy. Gyzlaryň hemmesi düzülip, ýokardan gelýän almalary gapýarlar. M a m a n h a n töňňäň üstünden oturan ýerinden ýylgyryp, gyzlary synlaýar. G a r a s a ç e n e her gyzyň ýanyna baryp dileg edýär. A ý ş a . Maňa ak alma düşdi! P a t m a (şadyýan). Maňa-da! Hany, deňeşdirip göreýin! (Deňeşdirip görýär.) Ikisem des-deňje! G a r a s a ç e n e . Öz göwnüňize görä bolupdyr. Belki bu almalaryň eýeleri hem siziň ýürejigiňiz ýaly päkize ýigitler bolaýady! Alnyňyz, bagtyňyz açyk bolsun, balajyklam! (Bir çetde ýüzi nikaply, gamgyn oturan G ö w h e r i ň ýanyna barýar.) Göwher jan, sen näme gamgyn otyrsyň? G ö w h e r . Aý enem, indi meni kim gerekletsin, ýüzi çapyk gyz kime gerek... G a r a s a ç e n e . O nähili “kime”? Hany, seň duşuşýan ýigidiň bar-a! Hä diýmän zyňan almasyny idäp geler. G ö w h e r . Aý, indi ol hem meň çapyk, bedroý ýüzüme seredenden gaçyp gider...(Aglaýar.) G a r a s a ç e n e ( G ö w h e r i gujaklap). Bedroý dagy däl, bir allanäme ýüzüň bar. Hany şolaryň biri at dakyp görsün meň gyzyma! Seň almaň belliklimi? G ö w h e r (aglap oturşyna). Haw-wa-a... Sapagyna hünji dakylan bolmaly. G a r a s a ç e n e . Köşeş guzym. Onuň seni söýýäni hak bolsa, taşlamaz, maňa ynanaý! M a h y g ü l (bökjekläp ýörşüne,elindäki ýarty almany hemmelere görkezip çykýar). Ynha, meň almam! Ýarysy indi gelmeli P ö w r i z e ( M a m a n h a n y ň ýanyna gelip, oňa elindäki almany uzadýar). Hanym, belki bu alma Siziň bagtyňyzyň buşlukçysydyr. Alyň! M a m a n h a n ( P ö w r i z ä n i gujaklap, onuň ýaňagyndan ogşaýar). Ah meniň hakyllyjam! Bu ýöne zyňylan alma däl, bu seniň eliňe tutdyrylan bagtly durmuşyň, ojagyň, maşgalaň. Nesibäňe eýe bol, jiigm! P ö w r i z e . Men bagtymy geçen jeňde jaýladym... Maňa indi şondan özge bagt gerek däl...(Aglaýar.) M a m a n h a n . Wah, meniň dertdeş jorajygym, men bagtymy mundan on dört ýyl owal depin edipdim, şondan bäri gerçegimiň matamyny göterip ýörendirin... (Hamsykýar.) Seň ýaş başyň bar, köşeşersiň, ýatdan çykyşar... P ö w r i z e (hamsygyp oturşyna). Ölýänçäm ýadymdan çykarman... M a m a n h a n . Wah meniň wepalyjam, sen bir men ýaly garamaňlaý bolma-a-a!.. ( P ö w r i z ä n i gujagyndan sypdyrman aglaýar. P ö w r i z e elindäki almany gaçyrýar, alma tigirlenip gidýär. Gala harby lybasly esger ýigitler gelýär.) B i r i n j i ý i g i t (ellerini aýalaryny birleşdirip, agzynyň üstüne goýup gygyrýar). Mahygül! Mahygü-ü-ül! M a h y g ü l . Men bärde! (seýkin basyp ýigidiň ýanyna gelýär. Elindeäki almany görkezip.) Ynha, mende ýarty alma bar! B i r i n j i ý i g i t (ýylgyryp). Mende-de bar edil şolar ýaly ýarty alma. (Jübüsinden ýarty alma çykarýar.) Hany, getir deňeşdirip göreli! (Ýarty almalaryny birikdirýärler-de, şadyýan gülüşip gidýärler.) T u m a r (almasyny G a r a s a ç e n ä görkezip). Maňa al ýaňak alma düşdi. G a r a s a ç e n e . Gyzyl ýüzüň solmasyn, balam! ( T u m a ry ň maňlaýyndan öpýär.) I k i n j i ý i g i t (alňasap). Hünjili alma kimde? (G ö w h e r gyzlaryň arkasynda gizlenýär.) G a r a s a ç e n e . Häzir onuň eýesini taparys. (Gyzlara tarap.) Göwher jan, gel gyzym, meň ýanyma! (Garşylyk görkezýän G ö w h e r i gyzlar iteläp, öňe çykarýarlar.) I k i n j i ý i g i t . Göwher bu senmi? Näme üçin menden gizlenýäň? ( G ö w h e r aglap başlaýar. Gyzlar hem şunjaryşýarlar.) Ýüzüňe nikap geýipsiň-le... ( G ö w h e r möňňürip aglaýar. Köşeşdirjek bolup gyzyň elini eline alýar.) G ö w h e r (özüni dürsäp). Annanyýaz, indi sen menden geçmeli borsuň, sen meni ýadyňdan çykar. Ikimiz hiç mahalam bagtly bolup bilmeris... I k i n j i ý i g i t (ör-gökden gelip). Seň aýdýan sözleriň näme, saňa näm boldy?! Hatarda duran gyzlaryň biri . Onuň ýüzüni gylyç dildi, nikaby şonuň üçin dakynýar. I k i n j i ý i g i t ( G ö w h e r i ň ýüzünden nikabyny aýyrjak bolup elini uzadan-da, G ö w h e r nikabyny özi sypyrýar. Ýigit ellerini iki gapdala serip.) Ba-a-a! Bar bolanymy şu?! ( G ö w h e r i ň elinden tutyp.) Göwher jan, şujagaz sypdyryjyk üçin men senden dönerinmi? Şu günlere nähili garaşanymy sen bilsediň! ( G ö w h e r şatlanyp, pessaýja gülýär. Iikisi bir-birleriniň ellerinden tutyşyp gidýärler.) G a r a s a ç e n e . Men aýytdym-a: hemme zat güla-güllük bolar diýip (Gülýär. Perspektiwada dag darka iki bölünip, onuň arasynda P a r a w b i b i n i ň ruhy peýda bolýar. Hemmeleriň nazary şoňa gönükdirilýär.) P a r a w b i b i n i ň monology: Her bir uruşy ujypsyzja bahana arap, iliň malyna göz gyzdyryp nebsi öňe gidenler, ejize ganym zalymlar başlaýandyrlar. Ençeme müň günäl-u, bigünä adamlar onuň pidasy bolýar, niçe müň çaga ýetim, niçe müň gelin dul galýar. Niçe ýüz oba-şäherler weýran bolup, onlaraça, ýüzlerçe müň adam öýsüz-öwzarsyz galýar. Dünýäde adamzat üçin uruşdan beter jebir-zulum ýokdur, uruşdan zyýat gabahat iş ýokdur. “Daş bilen urany, aş bilen ur” diýipdirler, elmydama parahatçylygyň ýarany boluň! Sanjagyňyzyň baş şygary bitaraplyk bolsun! Goçaklarym, gerçeklerim ýaraglaryňyzy diňe Watanyňyzy goramak niýeti bilen dakynyň! Atlaryňyzy diňe toýa münmek üçin besläň! Sabyrly boluň, gahar şeýtandyr, onuň ugruna ýykgyn eden gabahatlygyň üstünden barar! Namys ölümden ýegdir, maşgalaňyzyň namysyny goraň, mertebesini basgylatmaň, gerçeklerim! Mähriban gelinlerim, söwer gyzlarym sizsiňiz maşgala ojagynyň goragy! Sizsiňiz agzybirligiň özeni! Sizsiňiz maşgalaňyzyň-baş galaňyzyň täji! Sizsiňiz her öýüň göwher gaşy! Ezizleriňize mährem boluň! Goý, her biriňiziň eliňizdäki bäbejik goç ýigit bolup ýetişin! Goý, her biriňiziň eliňizdäki bäbejik serwi boýly gelin bolup, öýleriňizi bezesin! Kişiň baýlygyna göz gyzdyrman, yrsgal-bereketiňizi öz ene topragyňyzdan gazanyň. Baýlygyňyzy, döwletiňizi, şu sähraýy topragyňyzdan taparsyňyz! Ata Watanyňyzy gözlerňiziň göreji deý goraň! (P a r a w b i b i ň ruhy gaýyp bolýar. Sahnanyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdam öçýär.) XXI-nji görnüş Bagtyýarlyk döwriniň zamanasy. Amforanyň içinden başlary gupbaly, eginleri çapraz-çaňňaly, döşleri gülýakaly, elleri bilezikli, barmaklary köken ýüzükli, dabaraly geýinen türkmen gelin-gyzlary çykýar. Sahna çykanlarynda, olar ellerinde hersi bir zat göterip gelýär. Eli täze dokalan halyly gyz halysyny sallançagyň ýanyna ýazýar. Eli bäbekli gelin duldaky sallançaga bäbegini salyp üwreýär. Başy topbuly, eli okaraly gelin üzärlik tütedip ýör, elleri saçakly gelinler pişme paýlaýarlar. Gopuzly gyz gopuzyny çalyp başlandan hatara duran gyzlar läle kakýarlar. B i r i n j i g y z . Gül‑gülüstan Watanym, Bagy‑bossan Watanym, Ömür-baky ýaşasyn Arzuw eýläp ýetenim! I k i n j i g y z . Sazandanyň sazy men, Garaşsyzlyk gyzy men, Bitarap Watanymyň— Bahary men, ýazy men. Ü ç ü n j i g y z . Agaçlar güle geldi, Bilbiller dile geldi, Garaşsyzlyk, Bitaraplyk— Ikisi bile geldi. D ö r d ü n j i g y z . Bu gün depä çykalyň, Depede läle kakalyň, Boýdaş joralar bilen Gülüp‑oýnap bökeliň. B ä ş i n j i g y z . Azat ömür sürýäs biz, Öňe tarap barýas biz, Agzybir halkym bilen Altyn asyr gurýas biz. A l t y n j y g y z . Ak ýollary guralyň, Azat-erkin ýöräliň, Bagtyýarlyk döwründe – Ýaýnap döwran süreliň. Ý e d i n j i g y z . Ala dagyň arçasy, Mawut-begres parçasy, Atam-enem gül bolsa, Men olaryň gunçasy. B i r i n j i g y z . Tahýa tikdim bellije, Salan nagşym güllüje, Gel, boýdaşym, Akjagül, Läle aýdaly bileje. I k i n j i g y z . Açyk biziň bagtymyz, Şadyýana wagtymyz, Töwerege nur saçýar, Aşgabat paýtagtymyz. Ü ç ü n j i g y z . Akyşar‑a, akyşar, Gyzyl daşlar çakyşar, Meniň joram Bahargül, Gelip darak kakyşar. D ö r d ü n j i g y z . Gapymyzda kejebe, «Un sep!» diýdim ejeme, Bela‑beter degmesin, Agama, gelnejeme. B ä ş i n j i g y z . Ilerimiz dagmydyr, Üsti kese bagmydyr, Gaýradan gelen guşlar, Daýym-daýzam sagmydyr. A l t y n j y g y z . Läle kakasym gelýär, Oýnap bökesim gelýär, Eziz käbäm ejeme Içim dökesim gelýär. Ý e d i n j i g y z . Oýnalyň-a, oýnalyň, Şatlanalyň, ýaýnalyň. Gahryman Arkadaga Uzak ömür diläliň! (Sahnanyň yşygy ýuwaş-ýuwaşdan öçýär.) Perde ýapylmaka, A l y p b a r y j y Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň başlygy, Türkmenistanyň Gahrymany, Gurbanguly Berdimuhamedowyň eserlerinden alynan jümleleri okaýar: “Nesillermiz öz pederleriniň halallykdan galdyran binasyna buýsanmalydyr. Nesiller bagtyýar durmuşda ýaşasyn!” 5) “Goý, asudalyk, abadanlyk ýaşasyn! 6) “Zeminiň ýüzünde asuda durmuş höküm sürsün!”7) “Mähriban ata-babalarymyzyň bize galdyran adalat ýoly dowamat-dowam bolsun! ”8) Oýunyň soňy 1), 2) Gurbanguly Berdimuhamedow “Mertler Watany beýgeldýärler”, Aşgabat, TDNG, 2017 ý. (272 sah.). 3) Gurbanguly Berdimuhamedow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýarlar”, Aşgabat, TDNG, 2017 ý. (33 sah.). 4) Gurbanguly Berdimuhamedow “Enä tagzym—mukaddeslige tagzym”, Aşgabat, TDNG, 2018 ý. (70 sah.). 5) Gurbanguly Berdimuhamedow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýarlar”, Aşgabat, TDNG, 2017 ý. (17 sah.). 6) ) Gurbanguly Berdimuhamedow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýarlar”, Aşgabat, TDNG, 2017 ý. (245 sah.). 7) Gurbanguly Berdimuhamedow “Mert ýigitler gaýrat üçin dogulýarlar”, Aşgabat, TDNG, 2017 ý. (9 sah.) 8) Gurbanguly Berdimuhamedow “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi”, Aşgabat, TDNG, 2020 ý. (281 sah.) ©Kakajan Balkanow 2021 ýyl. | |
|
Ähli teswirler: 0 | |