18:21 Nowjuwan gyz | |
NOWJUWAN GYZ Sepeläp dur akja unun çal asman, Çagalar şadyýan zyňyşýarlar gar, Nowjuwan gyz nazaryny aýyrman, Bug tutan aýnadan howla seredýär. Hukugy ýok ylgamaga, bökmäge: ejesiniň sargydyna ol boýun. Ir başlapdyr bukjasyny tikmäge, Gurjakgoş ýygnaldy, goýuldy oýun. Ol indi ulugyz—saçy örülgi, Gar ýaly päkize, hiç bir ýazyksyz. Bolsa-da durşuna “akylyň öýi”, Käýýelipdi daş çykanda ýaglyksyz. Aýnaň ýüzün örtýär gyrawlaýan buz, Çagalaň gülkisem barha daşlaşýar. Juwanlygyň çygryn gäden ulugyz, Çagalygy bilen baky hoşlaşýar. (Indi oňa joşgun ýaşlyk garaşýar). Bugly aýna süýem barmagy bilen, Ýüregniň şekilni çekýär sünnäläp, Soňra peýkam atýar dyrnagy bilen— Köşeşdirýär näzik kalbyn huwwalap. Kakajan Balkanow 2020 ý © Kakajan BALKANOW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |