Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

21:43
Şägirt-halypalyk hakda rowaýat
ŞÄGIRT HALYPALYK HAKDA ROWAÝAT

Gadym zamanlarda bir ýaş ýigit atynyň aýaklaryna nal kakdyrmak üçin ussaň ýanyna barypdyr. Ýaş ýigit ussaň hereketlerini üns berip synlap, düşünmeýän ýerleri üçin sorag baryny ýagdyryp, arasynda ussa kömekleşýärmisinem. Ussa-da onuň soraglaryna ýaltanman, takyk jogap berýärmişin, ýaş ýigidiň berýän kömegine-de garşylyk görkezenokmyşyn.
Ussa işini dynyp, hasaplaşmaly wagty gelende, ýaş ýigit tölemeli bahanyň möçberini eşidip ör-gökden gelipdir:
—Ussa aga, ilden alýan hakyňyzy maňa on esse köp aýdýaň-la! Nallar özümden, onuň üstesine-de, ýanyňyzdan aýrylman ýardam berdim, gaýtam meniň tölemeli pulum özgeleriňkiden arzan bolmaly dälmi näme?! Nyrhyňyzy üýtgeden bolsaňyz öňünden duýduraýmaly ekeniňiz-dä!
—Hawa sen hem mamla—bahany öňünden şertleşmedik: sen-ä soramadyň, men hem aýtmadym. Maňa kömekleşeniňem hak, menden nal kakmagyň syrlaryny öwreneniňem hak. Men seniň ýaly üşükli, bilesigeliji müşderä henize çenli duşamok. Nyrhyň üýtgäniniň sebäbi: ýarym salkynyň dowamynda täze şägirtli boldum—men şu günden şeýläk iýýän çöregimi seniň bilen paýlaşyp iýmeli boljak, indiden beýläk atyň nalyny özüň hem täzeläp bilersiň. Şonuň üçinem senden nyrhyň on esse köpeldilen mukdaryny talap edýänimi geň görme. Ana, nallar nesip etsin, atyň büdremesin, bedewiň toýlarda atbaşçy bolsun!

2024 ý

© Kakajan BALKANOW
Bölümler: Halk döredijiligi, rowaýatlar | Görülen: 171 | Mowzugy paýlaşan: Балканов | Teg: Kakajan Balkanow | Рейтинг: 0.0/0
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 202