18:26 Türkmen dogan-dostlugy | |
TÜRKMEN DOGAN DOSTLUGY Oguz hanyň goýan öçmez mirasy— Adaty, edebi, milli lybasy, Ýagşy niýet bilen yhlas-myrady, Gadymdandyr türkmen dogan-dostlugy. Gorkut ataň ündewinden, öwdünden, Ene hüwdisinden, peder pendinden, Bir goşawuç altyn alyp hersinden, Ýugrylandyr türkmen dogan-dostlugy. Merdana ýigitleň piri Görogly, Duşmana ýüzbe-ýüz durandyr dogry, Aslyňa buýsangyn, eý türkmen ogly! Seň bilendir türkmen dogan-dostlugy. Berkarar döwletde bagtlydyr ýoly, Bir döwleti gurdy Pyragyň ili, Türkmen—Garaşsyz hem Bitarap indi, Nur saçýar Şahyryň dogan-dostlugy. Gowşut handyr, Nurberdi han, Keýmir kör, Atdan düşmändirler, geýip demir don, Şan-şöhraty henizlerem gezip ýör, Türkmen hanlarynyň dogan-dostlugy. Il-günimiň paýhasyna sygynýan, Bagtyýarlyk döwrümize guwanýan, Ýyldan-ýyla berkäp, pajarlap ösýän, Ýaşasyn halkymyň dogan-dostlugy! Garaşsyz, Bitarap dogan-dostlugy. © Kakajan BALKANOW | |
|
Ähli teswirler: 0 | |