17:45 Degişme äheňde | |
DEGIŞME ÄHEŇDE Bir bakyşda meni dyza çökerdiň— söýginiň permany örän zor eken. Haçjasyz, nogtasyz, ýüpsüz kökerdiň— Älemde şeýle geň güýç hem bar eken. Boýnum burulmaz hiç, çöksem-de dyza, Bu babatda entek men juda gedem. Ýöne aşyk bolsaň owadan gyza, Erkiň gidýär, aklyňam ýitýär eken. Garaşaryn seniň soňky hökmüňe. Dag ýarmalam bolsa men mydam taýyn. Bu sözleri diýerinmi erkime, Hürsekläp durmasa yşkym her daýym. © Kakajan BALKANOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
0
| |