Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:12
Aňladabilmeýän

AŇLADABILMEÝÄN

Eşdebilermisiň şygyrlarymdan
aglasam nalyşymy?
Uzadarmysyň eliňi ýüzüme
sylmaga gözýaşymy?
Aýdymlaň şeýle şirin,
sözleň ýetersizligin
bilmezdim bu derde düşmeýinçäm.
Her zady aýdabilinýän
bir ýeriň barlygyn bilýän.
Ýakyn baranym aňýan..
Ah, aňladabilmeýän.

© Orhan WELI

***

ANLATAMIYORUM

Ağlasam
Sesimi duyarmisin misralarimda?
Dokunabilirmisin ellerinle
Gözyaşlarima?
Bilmezdim
Şarkilarin bu kadar güzel
Kelimelerinse kifaýetsiz olduğunu
Bu derde düşmeden önce
Bir yer var biliyorum
Her şey söylemek mümkün
Epeyce yaklaşmişim
Anlatamiyorum.

© Orhan VELI.
Bölümler: Terjime eserler | Görülen: 111 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Orhan Weli Kanyk, mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 6
avatar
0
1 Мango • 03:17, 01.07.2023
bu goşgynyň terjimesini Pero hanym "Gynansam-da, terjimäni kimiñ edenini anyk bilemok" diýip goýupdy.

DÜŞÜNDIRMEK KYN

Aglasam
Sesimi eşidermiñ setirlerimden?
Syparmyñ gözýaşymy
Elleriñ bilen?
Bilmezdim
Aýdymlaryñ owazyn
Sözleriñ jowahyryn
Bu derde duşmazdan öñin.
Bir ýer bar,bilýärin
Herki zat aýtmak mümkin
Epeý ýakynlaşypdyryn
Düşündirmek kyn.

---
soň bizem terjimä höweslendik (synanyşdyk).
avatar
0
2 Medenyet09 • 10:17, 01.07.2023
Haýsy Peroň goýany
avatar
0
3 Medicall • 15:55, 01.07.2023
Postdaky terjimäni okañda öñ @Peroñ goýan terjimeçisi näbelli terjimedäki türkmen sözleriniñ ýalñyş ulanylany açyk bildirýär. Sagboluñ!
avatar
0
4 Pero • 10:02, 03.07.2023
Mango kaka, bu terjimäñiz juda ajap bolupdyr. Sözleriñ heñleriniñ owazlaşyşy diýjekmi,manysynyñ yzarlanyp bilnişi diýjekmi,garaz gaty gowy.
avatar
0
5 Мango • 11:11, 03.07.2023
ýadyňyza düşse düşýändir... bu terjimä siz sebäp bolduňyz, Pero hanym.
terjimeden türkçe ys gelýä diýenlerem bolupdy.
hakly ýalam, ýöne ol sözlere türkmençe däl diýibem bolmaýa.
kä bir sözleri söz düzümini az ulananymyz bilen olara türkmençe däl diýmelem dälmikä diýýän.
"eşdebilermisiň, aýdabilinýän, aňýan, aňladabilmeýän...." ýaly sözlerden ys gelýä diýipdiler :-)
ýöne ulansak bizki borda, şö dämi?
avatar
1
6 Pero • 09:58, 04.07.2023
"Şö,şö" :))))Ýöne siziñ geçen gezekki terjimäñiz başgaçarakdy. Muny hasam kämilleşdiripsiñiz!
avatar

Старая форма входа
Total users: 202