23:32 Iki ses | |
Okap täsirlenen bir ýazgynyň täzeden işlenmesi. Özüm üçin edipdim. Siz bilenem paýlaşmak isledim. Bu iki sesi diňläň. IKI SES Bu jennetiň sesi: -Eý, Rebbim! Eçil maňa wada edenleriňi. Men taýyn indi. Taýyn: otaglarym, ýüpek-hüllelerim, merjen hünjülerim. Taýyn: kümüş, altynlarym, tagty-rowanlarym düşeklerim, gap-gaçlarym, münere ulaglarym, içgilerim, bal, süýt we suwlarym. Ählisi taýyn. Ýerine ýetir wadaňy, mynasyplary iber-ä indi, Rebbim, şatlandyr meni. Bu jähennemiň sesi: –Ýene ýokmy? Doýamok! Bukawlar, zynjyrlar, alawlaýan ot, gyrmyzy köz. Iriň we ganly köller köpeldikçe köpeldi. Zyňyldy kenara kül bolan beden. Et ördi süňke Azap täzeden. Ses gelýär jähennimiň düýbünden: -Käşgä, dünýä dolansak täzeden! -Käşgä, aýdylanlara gulak assadyk! -Ýalbarýan! Bir günlik derdimi ýeňlet! Perýat yzyna perýat Zebani meleginiň ýüzi elhenç. Süýrenýär zekat bermedik dört aýakda, iýmiti iriň, zakgun. Ine, köz ýuwudýar ýetim malyny iýen. Agyr ýüke çydaman iňleýär amanada hyýanat eden. Agzy gyşardy pitneçiň dili hem perişan. Töhmetçi Zalym Bularyň halam ýürek gyýyjy. Göbegi boýundan uzyn, ne turýar, ne oturýar, puldan pul gazanan süýthor. Haramy saýgarmadyk porsy läş iýýär täzesi barka. Batga batýar dat edip iňleýär zynagär... Bu jähennemiň sesi: –Ýene ýokmy? Doýamok! © MANGO. 2010 Surat: Ieronim BOSH. «Dowzah» kartinasynyň fragmenti. | |
|
Ähli teswirler: 17 | |
| |