01:20 Eljernon üçin güller / 6 | |
Exclusive ELJERNON ÜÇIN GÜLLER / 6 (dowamy) 3 aprel. Robinzon Kruzony okap gutardym. Oňa soň näme bolanyny bilesim geldi ýöne Kinnian hanym kitap şeýle gutarýar diýdi. NÄME ÜÇIN. 4 aprel. Kinnian hanym maňa çalt öwrenýäň diýdi. Hasabatlarymy okadyda uzak wagtlap sesini çykarman maňa seretdi durdy. Sen gowy adam entek muny hemmelere görkezersiň diýdi. Näme sewäpden diýdim. Birden beýleki adamlaryň özal pikir edişiň ýaly gowy däldiklerini biläýseň oňa üns bermegin hem gynanmagyn diýdi. Sen Taňry tarapyndan şeýle az berlen biri ýöne beýnisi bolubam ony ulanmagy bilmeýänlerden has köp zat edýäň. Olaryň hemmesi meniň akylly hem gowy dostlarym diýdim. Olar meni gowy görýärler hem diňe ýagşylyk edýärler. Şonda oň gözüne bir zatlar gaçdy we ol tualete tarap ylgaşlap gitmeli boldy. Klasda oturyp oňa garaşdym hem Kinnian hanym nähili mylaýym aýal edil ejem ýaly diýip pikir etdim. Ejem maňa elmydam gowy hem rehimli oglan bolmaly diýerdi. Her wagt seresap bol ýogsa adamlar özlerine erbetlik edersiň öýdüp saňa ters düşünerler diýerdi. Soň ejemiň gitmeli bolany ýadyma düşdi meni bolsa birnäçe günläp goňşymyz Lerua hanymlarda galdyrdylar. Ejem hassahanadady. Kakam ejemiň hassa däldigini uly bir zat ýokdugyny yzyna gelende oglan ýada gyz jigi getirjekdigini aýtdy. Bile oýnar ýaly oglan jigi isleýän diýdim hem näme üçin maňa gyz jigiň gerekdigini bilemok emma ol gurjak ýaly owadandy. Ýöne köplenç aglaýardy. Hiç haçan asla ony ynjytmadym. Ony ýatylýan otagda sallançakda ýatyrdylar we bir gezek kakamyň gorkma Çarli oňa erbetlik etmez diýenini eşitdim. Ol gülgün ýüzli posalajykdy hem aglak bolansoň hiç ýatyp bilmezdim. Bir gezek olar aşhanadakalar menem krowatda ýatyrkam ol aglady. Ýerimden turup ony gujagyma aldym köşeşdirmek üçin ejemiň edişi ýaly yralap başladym. Ýöne ejem ylgap gelip elimden aldy hem şeýle bir batly urdy welin men krowadyma ýykylyp gitdim. Soň gygyrmaga başlady. Oňa gaýdyp eliňi degiräýme. Sen oň bir ýerini agyrdarsyň. Ol entek kiçijek. Ýanyna golaý geläýme. O wagtlar bilemokdym ýöne indi pikir edýän welin ol näme edýänimi bilmejek derejede akylsyz bolanym sewäpli oňa bir ýaramazlyk ederimden gorkan bolmaly. Şu wagt muny ýatlaýan welin ýüregim gysýar sewäwi nädip men beýle bir balajyga ýaramazlyk edip bilerin. Dogtor Ştrausyň ýanyna gidemde hökman bu zatlary oňa aýdyp berjek. 5 aprel. Bu gün, oturyň, nämedigini, öwrendim, bu, guýruklyja, nokat (,) we Kinnian, hanym, munuň, örän ähmiýetlidigini, aýtdy, sebäbi, dürs ýazuw, kadasyny, gowulandyrýanyny, hem, otury, dogry, ýerinde, goýmasaň, kän pul, ýitirip, bolýanyny, aýtdy, men, işläp, az owlak, pul, ýygnadym, hem, fonda, tölemek, hem, nädip, oturyň, pulumy, gorap, saklamaga, kömek edenine, düşünemok, Ýöne, otury, her, kim, ulanýar, senem, ulan, diýdi,,, 7 aprel. Men oturlary ýalňyş goýupdyryn. Bu punktuasiýa. Kinnian hanym maňa sözlükden uzyn sözlemlere seredip olary dogry ýazmagy we sözlemegi öwrenmelidigimi aýtdy. Näme tapawudy bar eger sözlemi iň soňy okap bolýan bolsa diýdim. Ol seniň sowatlylygyňy görkezýär diýip jogap berdi şonuň üçinem indi ýazylyşyny we aýdylyşyny bilmeýän sözlerime serederin. Hasabat ýazmak kän wagtymy alýar ýöne göwnüme bolmasa men gitdigiçe has köp zatlary ýatda saklamaga başlaýan. Punktuasiýa sözünem sözlükden tapdym. Kinnian hanym nokadyňam punktuasiýa bolýanyny ýöne ondan başgada kän belgileriň bardygyny aýtdy. Ähtimal ol hemme nokatlaryň guýrukly adynyňam otur bolmalydygyny aýtmakçy bolýar öýdýän. Ol; maňa, olary? sazlaşdyrmaly! diýdi: Maňa) nähili, sazlaşdyrjagymy! görkezdi; indi, men? bu! belgileri – ýazyp, bilýärin! Kadalar( gaty? kän; ýöne men! olary ýat; tutaryn: Mähriban: Kinnian! hanymdan, näme; sorasam? mydama: jogap? berýär. ine, onuň şu! häsiýetini – gowy görýärin: ol, geniý! Menem” onuň, ýaly: akylly? bolasym, gelýär! Punktuasiýa, belgileri? bu – gaty, gowy: zat! 8 aprel. Nähili mahaw ekenim! Onuň aýdanlaryna düşünmändirinem. Geçen agşam grammatika kitabyny okadym, onda ähli zat düşündirilýär. Asyl Kinnian hanymam edil şu zatlary kelläme guýjak bolan eken. Men ýary gije oýandym, şonda kelläm durlanyp ähli zat aýdyňlaşdy. Kinnian hanym maňa plato çykanlygymy aýtdy. Bu belent baýyryň üstündäki düzlük ýaly bir zat. Punktuasiýa belgileriniň nämä gerekdine akyl ýetirenimden soň, ýazan hasabatlarymy başdan-aýak okap çykdym. Eý Hudaý! Durşy bilen ýalňyş! Kinnian hanyma ähli ýalňyşlary düzetmek isleýän diýdim, ol hem şeýle jogap berdi: – Professor Nemur olaryň hiç bir ýerini üýtgetmek islemeýär. Şonuň üçin öz ösüşiňi görer ýaly ýazgylaryňy özüňde saklamaga rugsat berýär. Çarli, berekella saňa! Muny eşitmek ýakymly. Sapakdan soň Eljernonyň ýanyna gitdim, onuň bilen oýnadym. Indi biz öň barmaşak üçin ýaryşamyzok. 10 aprel. Meniň ugrum ýok. Bu bir lukmanyň bejerip biljek derdi däl. Ol dert içimde, gursagymda. Ýüregim goparylyp aýrylan ýaly içimde boşluk bar. Bolup geçen zatlar şeýle bir ähmiýetli welin olar barada sessiz galmak mümkin däl. Bugün birinji gezek işe gidesim gelmedi. Galdym, gitmedim işe. Düýn Jo Karp bilen Frenk Reýli meni oturylyşyga çagyrdylar. O ýerde gyzlar kän eken, Jimpi we Erni hem olaryň arasynda. Wiski içenimde erbet bolanymy entek ýadymdan çykaramok, şol sebäpli hiç zat içmejegimi Jo aýtdym. Şonda ol tagamy geň bir stakan koka-kola berdi. Men oňa kän bir ünsem bermedim. Biz biraz şatlanyp, keýpimizi kökeltdik. Jo: – Ellen bilen tans et, - diýdi, – ol saňa öwreder. – hem gözüni gypdy, hamala gözüne bir zatlar gaçan ýaly. Ellen: – Oňa azar berme – diýdi. Jo arkama kakdy. – Bu meniň gardaşym Çarli Gordon, meniň gowy dostum. Ol kelleli oglan - ony ulaltdylar, indi ol kyn maşynda – hamyr garyjyda işleýär. Onuň biraz şatlanmagyny isleýän. Eýsem munuň nämesi erbet? Meni oňa tarap itekledi. Saz çalyndy, bizem tans etmäge başladyk. Bir minudyň içinde üç gezek ýykyldym, näme üçindigine düşünip bilmedim. Mydama biriniň öňe uzadan aýagyna büdüräp gidýädim. Myhmanlaň bary hahahaýlap bizi synlaýardylar. Haçan-da ýykalamda olar has beter gülýärdiler, menem olar bilen bile gülýän. Ýöne dördünji gezek ýykylamda, men gülmedim. Aýaga galmakçy bolamda Jo itekläp goýberdi, men ýene ýykyldym. Ýokaryk bakdym, onuň ýüz keşbini göremde içim gysylyp gitdi. Gyzlaryň biri gülküden ýaňa demi-demine ýetmän: – Haýran galaýmaly - diýdi. – O, Frenk, dogry aýdýan ekeniň, onuň deňi-taýy ýok - diýip Ellen içindäkini daşyna çykardy. Soňam üstüni ýetirdi: – Eý, Çarli, miwe iýsene, - diýip alma uzatdy. Dişledim, emma alma hakyky däl eken. Şonda Frenk: – Aýtdyma size, iýer diýip! Diňe şular ýaly kemakyl plastmassa alma bilen hakykysynyň tapawudyny bilenok - diýdi. Jo üstüne goşdy: – Ýagyşyň ýagyp ýagmaýanyny barlamaga çüňke iberişimizden bäri men beýle hezil edip gülmändim. Bir wagt kiçikäm, goňşy çagalaryň özleri bilen gizlenpeçek oýnamaga rugsat berişleri, eşşi boluşym ýadyma düşdi. Barmagymda ona çenli on gezek sanap, gözlemäge başlaýardym. Tä garaňky we sowuk düşýänçä olary gözleýärdim, soňam öýe gaýtmaly bolýardym. Men hiçisini tapmandym. Frankyň aýdanlaryndan soň maňa hemmesi düşnükli boldy. Şo taýda-da, Halloronyňkyda-da bolan zat meňzeş. Görsene, Jo we şepeleri nämeler edipdirler... Üstümden gülüpdirler. Beýleki oglanlaram – şeýle. Men ýatyryn, olar ýokardan aşak maňa bakyp hahahaýlap gülýärdiler, gülýärdiler... – Seretsene, onuň ýüzi dym-dyzyl. – Gyzarypdyr. Çarli gyzarypdyr! – Ellen, oňa näme etdiň? Ony hiç beýle görmändik! – Bäh, Ellen, ony gowy edip bejeräýipsiň-ä! Näme etjegimi, nirä seretjegimi bilemok. Birden özümi çyplak duýdym. Meni hiç kim hiç haçan tapyp bilmez ýaly gizlenmek isledim. Jaýdan ylgap çykdym. Ol birnäçe dälizli uly öýdi. Lift ýadyma-da düşmändir, basgançaklary gözläp kösendim. Soň esli wagtlap köçelerde aýlandym ýördim. Diňe keýp etmek üçin meni ýanlary bilen äkidýändiklerini ozal kelläme-de getirmändirin. Indi bilýän, «Çarli Gordon bolmagyň» nämedigini. Men utanýan. Gije Ellen düýşüme giripdir, onuň tans edişi, maňa gysmyljyramasy. Haçan-da oýanamda, düşegim öl we hapa bolupdyr. (dowamy) © Daniel KIZ Terjime © MANGO ----- Eljernon üçin güller / 1 Eljernon üçin güller / 2 Eljernon üçin güller / 3 Eljernon üçin güller / 4 Eljernon üçin güller / 5 | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |