Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

17:24
Hoş geldiňiz girelge

HOŞ GELDIŇIZ GIRELGE

Aýtjak zatlarym diňe dizaýnerlere degişli däl, belki-de herkese-de peýdaly bolup biler. Aýtjagymy aýtmakam ýokarky suraty, esasanam marketiň wyweskasyny synlaň.

Has gowy görner ýaly ýakynyndan synlaň.


Suratda "Täjir" market. Iki gapysy bar; biri girelge, beýlekisi çykalga üçin.
Gapylarynyň üstündäki ýazgyny okalyň:
"HOŞ GELDIŇIZ GIRELGE" we "TÄJIR MARKET ÇYKALGA".
Her zadyň niýetlenmesi, wezipesi bolýar. Bu suratdaky wyweskanyň hem niýetlenmesi markediň adyny görkezmek we gelip-gidýänlere girelgäni we çykalgany görkezmek.
Gelýänlere "Hoş geldiňiz" diýmek we bu ýeriniň "Täjir marketdigini" gaýtalap aýtmak gerek däl...

Wyweskalarda simmetriýa saklajak bolup ýalňyşylýan ýerleri hem bolýar.
Oňa mysal – "Gül zemin" söwda merkezi.



"söwda dynç GÜL ZEMIN alyş merkezi" diýmegiň ýerine ilki "GÜL ZEMIN" yzyndanam "söwda, dynç alyş merkezi" diýilse dogry bolardy.

Bu ýalňyşlyk hemme ýerde gaýtalanýarmy?
Ýok. dogry ýazylan ýerlerem kän.
Mysal üçin: "Türkmenistan kino-konsert merkezi".


"Parahat" toý mekany, "Watan" kinoteatry... – bu binalarda hem dogry ýazylan.
Umuman, aýtjak zatlarym şular.

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 158 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
0
1 Мango • 18:11, 26.07.2024
uzyn-uzyn aýdasym geldi welin, başarmadym...
avatar
0
2 Reňk • 18:44, 26.07.2024
Jenap Mango meniňem hacandan (obadan şähere gelenim) bäri kellämi gorjayan pikri aytdyňyz.
,,Dynç alyş Arkaç söwda merkezi,, ,,Dynç alyş Daşkent seýilgähi,, we ş.m.
Bu sorag meň kellämi henizem gorjaýa. Näme ücin beýlekä?
avatar
0
3 Мango • 19:02, 26.07.2024
"Arkajyňam" şeýini şeýtdiren ekenler-aý. :-(
avatar
0
4 Reňk • 19:07, 26.07.2024
Arada şeýlekin aýlanaýyn diýdim weli şeýdenlerne gözim duşdi
avatar
1
5 sussupessimist • 19:35, 26.07.2024
Ýoldaky ukazatellerde strelkaň gapdalynda "Bokurdok" diýip duransoň, hiç zady geňem göremok.
Dizaýn üçin diýip, ýazgyny iki tarapa goýandyrlar, ol düşnükli. Häzir käbir metbugat neşirlerinde-de dizaýnerleriň garaýşy döredijilik işgärleriniňkiden has ýokary goýulýar. Dizaýnere gerek diýilse, eserem, makalanam kesip bilýärler. 
Ýöne Täjir'de bir tarapynda "Hoş geldiňiz" diýlip ýazylanyna görä beýleki tarapynda: "Hoş gitdiňiz" diýip ýazmalykenler))
Ýa beýleki wariantlar:

"Puluňyz gutardydämi? Ine,
ÇYKALGA",

"Mundan girmeli däl, bu
ÇYKALGA",

"Dizaýnere tekst gerek:
ÇYKALGA"
avatar
0
6 Мango • 10:21, 27.07.2024
näm diýsegem sowet dizaýnerleri professionalkenleraý.
ýazgyny ýerleşdiriişlerem, ulanan şriftem bet.



(ozalky Mir kinoteatry, häzirki Parahat toý mekany. aşgabat.)
avatar
0
7 Мango • 10:31, 27.07.2024
2-ä. Hormatly Reňk.
teswiriňize ýaňlyşlyk bilen minus basdym.
düzetjek bolsamam "eýýäm ses berdiň" diýip dur.
bagyşlaň.
avatar
0
8 Reňk • 13:12, 27.07.2024
Teswir 7-ä. Zyýany ýok ;)
avatar
0
9 Seýrаn • 13:22, 27.07.2024
Talyp döwrümiz, 2-nji kurs bolsun gerek, awtobusly gaýdyp gelýädik, birdenem aýnadan şular ýaly binaň ýa edaraň adyna gözüm düşdi: TÜKRMENMALLARY. Ýanymdakylara görkezdim, her kim soň seredip gördi, hezil edip tutuş awtobus bolup gülüşdik.

Öňüne ýa yzyna bir zatjyklar goşaýmaly ekenler. Ahyry içinde işläp ýören biriniň Kellesine gelendir-dä, 2 hepde soň 5 setirlik ownuk ýazgy bilen üýtgedipdirler adyny . 

Şu dizaýn meselesini juda professionallara ynanmaly. Sowet döwrüniň Miri ýaly. Ýogsam, şo bir zat, indiwiduallyk ýitip barýar. Umuman adamlarda-da. Jeren daýza pahyr bolsady, öýkünere adam tapmazdy. Goşgularam meňzejek bolýar biri-eýlekisine. 

Garaz, Söwda dynç - hoş geldiňiz - girelge.
avatar
0
10 sussupessimist • 16:23, 29.07.2024
Hehe, howwa, şu makalada-da agzalyp geçilýär.
Kä ýerde henizem üýtgedilmändir öýdýän...
avatar
0
11 Sag • 12:06, 03.08.2024
Obýezdnoý köçä giräýmäň onda dagy
avatar

Старая форма входа
Total users: 203