Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:02
Ýatyryn

ÝATYRYN

Ine, kölegäm,
boýumy aşdy.
soňra,
Gün ýaşdy.
ýatyryn
garaşyp...

© MANGO
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 123 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 4.4/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 13
avatar
3
1 Bagabat • 13:37, 01.02.2023
Nol bilen eňekleşýä,
Aýna tokurtgaň bendisi.
Aşhanada henekleşýä,
Eneli-ogluň sesi.
Birisi gidirjekden,
Gitmejekden beýleki.
Myşlama gelýär künjekden,
Ortanja ýeň bermeýär uky.
Keýpihon saçýar nur,
Eşek öldüren Gün.
Gara ýere bakyp dur,
Sowuga sülleren gül.
Göwnümde müýn...
Bu gün,
Elime alyp pi:l,
Maksadym işlemekdi irden...
Ajap niýetler ýürekde ölýä,
Üstünden gülýä ownuklar...
Nämetseňem yzyňda galýa,
dirilik, dünýä,
edilmedik gowluklar...
...birazajyk ýataýyn!
Turmaly bolaýmasyn birden...
avatar
3
2 Bagabat • 13:44, 01.02.2023
Kän ýanjalýar: “ömür-ömür”...
Men soraýan: “Nirede şol?”.
Diýýärler: “Tapabilmersiň ömür-ömür”,
Çünki, ynsan – bendi, ömür – garawul.

Çynmy şol?
Zyndanmy ömür?
Ýa bu biriniň owadan gepimi?
Çyn bolsa, Ömür!
Goýber!
Döw-de sepimi...
avatar
3
3 Bagabat • 13:44, 01.02.2023
Ýanmaga bahana ýok,
Ýanmazlyga teselli.
Öňüm ümür.
Ardym görnenok.
Kalbym hyýal bilen keselli.

Äden ädimlem – ýüregme tiken,
Ätmedik ädimlem...
Ondanam beter...
Etmäniň has ýiti gynandyrar eken,
Ýeteniň, tutanyň, ondanam beter...
avatar
2
4 Bagabat • 13:47, 01.02.2023
Älem ynsan bilen gözel?!
Näme üçin?!
Gözelligi syzmak üçin
köňül gerek…
Berildi ol bendesine!
Gözellige düşünmek üçin,
paýhas zerur…
Berildi ol bendesine!
Gözellige aşyk bolmaga
ýürek gerek…
Nirede?!
Älem içre ýaradylan Älemleň
her birinde…
Şoň üçinem kapyýalaşýar
Älem
hem
Adam...
avatar
3
5 Bagabat • 13:49, 01.02.2023
Näme diýjek?!
Şol bir geçilen ýol.
Gözýetimden gözýetime çen,
ykballaň tükeniksiz birmeňzeş sudury…
Çür başynda bolsa kert gaýanyň,
ähli adam-sudurlaň Adam atasy...
Adam dogulýa…
Ýaşaýa…
Garraýa…
Ruh eýlenende
Jennetiň abynda,
Dowzahyň odunda,
Eşret şemalyna serlip,
kakadylsa-da janköýerlik narynda,
Undulypdyr, ony bişirmek,
biperwaýlyk tan-nurunda .
Şoň üçinem, doglanda närza ynsan,
ötüp bilmeýär biparh bolup,
bu bipaýan perwaýsyz dünýäň deňinden…
Jinnege bagryn ýakýa,
dynnyma gynaýa özün,
şatlykda-da aglaýa,
gaýgyda-da seçeleýä gözýaşyn,
gynansyn…
begensin…
hiçisi gursagyna sygmyýa…
belki,
şudyr ýorgudy –
– bu syry ýorulmadyk Älemiň:
Perwaýsyz dünýäni perwaýy bilen oýarmak...

© Öwezgeldi Begliýew
avatar
3
6 Мango • 14:21, 01.02.2023
tüweleme Bagabat kaka...
söz galmady diýmäge...
(bir ýok eken edäýme ýöne. şeýtseň yRza dädirin :-) (ýylgyranyma-da bakma)
avatar
1
7 Medicall • 21:58, 01.02.2023
Kölegäñ boýuñy aşmagy, soñ Günüñ ýaşmagy..
Adamyñ ömri kölegesi, ruhy özümika bakyýete barjak, garaşyp ýatmak, nämä garaşylmaly.. Sogabamy, zelele.. Gysgajykda bolsa köp manyly, oýlandyryp bildi bu oýlanma..
avatar
3
8 Medicall • 22:05, 01.02.2023
Serdar Aga, juda gowy ýazypsyñyz, HALADYM!

Bulary başga post edip açsañyz, öz papkañyzda durardy, teswirlere garyşyp gitmesin bular ýaly ajaýyp ESERLER..
avatar
3
9 Medicall • 22:17, 01.02.2023
"Ýatyryn" diyip Serdar Agany joşduryp bildiñiz, hezil edip okadym, gowy zatlara sebäp bolduñyz, Alla ýalkasyn, sogabyñyza ýazylsyn!

Ýöne Size ýatmak bolanok bu mahal, entek sogap ýygnabermeli,
avatar
2
10 Мango • 22:28, 01.02.2023
belki, Serdar kakaň arhiwine aralaşan bolaýmaly...
Serdar kaka maslahat - bulary aýratynja edip täzeden saýtda ýerleşdirse, ajap boljak.
hakykatdanam gowy zatlar.
suw syzyp çykyp çyg bolar-a (soň çeşme bolup akar), şolar ýaly ýüreginden syzan çyg, türkçerägem bolýa welin - syzynty - diýesim gelip dur.
aýratyn açmaga wagty ýok bolsa rugsat etse özüm açyp bilerin.
avatar
2
11 Мango • 22:40, 01.02.2023
goşgy diýmäge utanýan (baý, utanjaňam bolupdyryn-a), ýöne bu setirgepletmämde görünmeýän wagty duýup bolar, 1) ikindi (kölegäň uzamagy), 2) agşam (günüň ýaşmagy) we 3) gije.
"ýatmak" - ölüm diýibem düşünip bolar...
garaşmagam - ömrüň netijesi ýalyrak.
netije diýen zadam - howply, riskli...
belki, amallaryň "gijäňi" ýagtyldar, belki-de ölügsije yşyk berer, belki-de (hudaý saklasyn) yşyk saçjak hiç amalyň gelmez (bolmaz)...
garaşmak - muny gysgajyk düşündirmek kyn.
avatar
1
12 Medicall • 22:58, 01.02.2023
Siz onda arhiwine aralaşyp bize okamaga sebäp bolduñyz,
avatar
0
13 Mekan • 19:00, 03.02.2023
Şuña öñ komment yazan yaly bolup durun, dežawu bolmasa.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203