Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:28
Awtobusda

AWTOBUSDA

(Hekaýajyklar horjunyndan)

Obamyza gidýän awtobusyň içi hemişe depilip dykylan şifoner ýalydyr. Gapysyny açybilseň bolany, güwläp üstüňe ýykyljakdan. Her gezek işden çykyp öýe gaýtjak bolanymda, bar aladam irräk baryp, awtobusdan ýer almak däl-de, durar ýaly amatlyja ýer tapmak. Ýogsa gapyň agzynda haçan münüp-düşäýerlerkä diýip durmalydyr, bir aýagyňy basgançakda, beýleki aýagyňy gapy bilen basgançagyň arasyndaky boşlukda hallan atdyryp. Şu zatlary ýazyp otyrkam-a hezilem ýaly şol pursat. Aslynda, hezillik näme işlesin diýseňizläň?! Başyndan geçirenleriň başyny ýaýkap, ýylgyrjagy-ha hak.
Hemişekiler ýaly bu günem awtobusda aýaklarymy arkaýynja goýar ýaly ýeriň bolmagyny diläp, bardym duralga. Awtobuslaryň içinde obamyň ady ýazylgysyny gözledim. Eý-ho, gözlerim näme görýär?! Awtobusyň içi boş. Birlän-ikilän adamyň ýagyşdan soň çykan kömelek ýaly, çalaja kellesi görünýär diýäýmeseň, jemende ýok içinde. Hem begenýän, hem geň galýan. Mundan öň nirede görlen zat beýle «urdumşalyk». Entek awtobusa münmänkäm arzuw-hyýallaryň gerşine mündim. Yzdaky oturgyçlaryň birine geçerin, gulaklygymy dakyp, arkaýynja kino görerin, aýdym diňlärin. Has ümsümräk bolsa, kitabam okap bolaýmagy ahmal. Pişigiň ýyndamlygy samanhana çenli diýişleri ýaly, meniňem arzuw-hyýallarymyň tizligi awtobusa münýänçäm boldy. Hemme ýer eýeli. Ýöne oturgyçlarda «kimler» deregine «nämeler» otyr. Bir ýerde gapjyk, birinde torba, ýene birinde suw, hatda birnäçesinde çörek goýup gidenem bar eken. Has kelle işleden bolmaly-da.
Hemme zat öňki-öňkülik. Yzyrajykdan durar ýaly amatlyja ýer peýledim-de, duruberdim gelene-geçene seredip. Ulagyň ugramagyna 10-15 minut galanda awtobusyň içi ýuwaş-ýuwaşdan dolup ugrady. Birinji bilen awtobusa üç çagasyny ýaşylbaşyň jüýjesi ýaly edip yzyna tirkän 45 ýaş töweregi daýza mündi. Bellän oturgyçlaryna bir laý göz aýlap, ählisiniň ýerindedigine göz ýetirenden soň, bir ýan ujundan çagalaryny oturdyp başlady. Asyl, ähli çörekli ýerler şonuňky eken. Soň talypdygy egin-eşiginden bildirip duran iki sany gyz geldi. Sumkaly ýerlerem eýesine gowuşdy. Suwly ýeriň eýesi öz dul-degşir goňşym bolup çykdy. Garaz, geliberdiler, geliberdiler. Münüberdiler, münüberdiler. Awtobusyň «garny» ýuwaş-ýuwaş doluberdi.
Goňşym bilen gürrüňe gyzanymy «ýaşylbaş sürüsiniň» pasyrdysyndan, gyk-wagyndan soň bildim. «Men awtobusa pul töleýän. Nä ýüzüň bilen meň çagamy turuzýaň», «Näme ataň belläp ýa goýup giden ýeri bardymy?», «Otur senem. Häk, men saňa öwretmedimmi kim gelse-de turaýma diýip. Gaýdyp gymyldanyňam göräýmäýin», «Eý, Hudaý-eý, ýuwaş bolsaň agzyňdakynam aljak, gyz, şular».
Ýaşynyň ýetmişden aganlygy sorag belgisine öwrülip giden ýagyrnysyndan bildirip duran garryja ene gykylyga allaniçigsi boldy. Gözüni tegeläpjik bir ejesine, bir özüne serdip duran çagajyga ýerini tabşyrmakdan başga alajy galmady. Bir zatlar diýesi gelip dodagyny kümşüldetdi. Diýmedi. Gürlemäne haly ýokdumy ýa-da aňy-düşünjesi ýerinde adama gep düşündirip bolmajagyny bildimi-nämemi özüne garşy dikilen gözlerden haraý isläp, «ýaşylbaş sürüsiniň» ýanyndan çekilmek bilen boldy. Özi ýaly birlän-ikilän garrynyň duýgudaşlygy, birem dik duranlaryň nebsagyryjylykly bakyşy diýäýmeseň, garra hiç kimden haraý bolmady. Gaýta indi her kim öz ýerinden howatyr edýän ýaly, mümkin boldugyça oňa seretmejek bolýardylar. Goňşym beýle wakalara öň belet bolmaly. Meniň ünsüm sowlanyndan gulaklygyny dakynyp, «uklapdyr». Talyp gyzlaryň eýýäm näçinji düýşde gezip ýörenem belli däl. Hemmesiniň wyždany gulaklykda aýdym diňläp, meýmiräp otyr. Olary oýaryp bolmaz. Oýa adamlary nädip oýarjak. Beýlekileriňem haly olaryňkydan üýtgeşik däl. Köpüsi başagaý. Hiçisiniň sokur körden tapawudy ýok. Biri dagy garra seretmejek bolup torbasyny ýedi gezek dörüp, ýedisindenem eli boş çykdy.
Awtobus uludan bir demini alyp, argynlyk bilen hereket edip ugrady. Garryň aýak üstünde durmaga mejaly ýokdy. Elindäki torbasyndan bölejik elýaglyk çykaryp, ýere taşlady-da, hyk-çoklap, oňa-muňa ýapyşyp zordan oturdy. Oturanda dyzlarynyň şakyrdysy awtobusyň haşşyldysyny unutdyrdy diýsem, lap etdigim bolmaz.
«Ýatanlar» ýuwaş-ýuwaşdan «oýanyp» ugrady. Az-kem rahatladylar. Indi gozgalaň dik duranlaryň arasynda başlady. «Durara ýer ýok welin, bular eýtjek-beýjek oturjak», «Biz adam dälmikäk», «Süýşsene», «Tüýs bolaýdy» we ş.m. Diňe üç sanjak suw ýaly çaga ellerindäki çörekden aram-aram bir agyz dişläp, garrydan gözlerini aýyrman seredipjik otyrdylar. Gözleriniň gyrp-gyrp edipjik durşy oňa duýgudaşlyk bildirýän ýalydy. Garryny enelerine meňzeden bolmaklaram ahmal. Dogrudanam, eneleri ýatlaryna düşendir. Hökman şeýledir. Sebäbi, şu awtobusyň içinde enesini ýatlap biljek ýeke-täk adam şolardy.

Maksatmyrat ÇARYÝEW.
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 133 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Мango • 01:40, 14.06.2023
...üç sanjak suw ýaly çaga ...garrydan gözlerini aýyrman seredipjik otyrdylar.

şu sözlemden soňky sözlemler geregem däl ýaly.
***
"ýaşylbaş sürüsi" - şujagaz tapyndynam 3 gezek gaýtalaýaň. 3-njisi artyk ýaly.
***
ýöne gowja zat.
hekaýaçy synçy eken, synlan zatlarynam şirelije gürrüň berip bilýän eken.
üstünlikler Maksatmyrat daýy.
avatar
0
2 Gülkamat • 11:29, 27.02.2024
Hekayany okap ýylgyranymy duýmadym. Mundaky sýužetler meniñem her günki görýänlerim. Ýüregime jüñk boldy... Awtor çeper beýan edip bilipdir.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202