Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

07:12
Bu aýdym sen hakda...

BU AÝDYM SEN HAKDA

Bu aýdym sen hakda
Iň soňky aýdym.
Goňras gözleriňe gabalan göwnüň
Iň soňky sedasy.
Indi men gaýdyp
Seniň gözleriňden
Çöplemen şygyr.

Dama-dama köl bolmady duýgular,
Gözlermiň owasy giden bir deňiz.
Diýdiler: «Sežde eden bir gez beýgeler»,
Beýgeldim,
Eliňden üzüldi elim.

Ýanyňda özümi del ýaly duýýan,
Kalbymy göterdiň amanat ýaly.
Obýekiti bolup galdyk şübhesiz,
Biziň eýýammyzdan öňki eýýamyň.

«Bagtly bol» diýmeli ýeri gelse-de,
Hoş sözleri ýolladym men owarra.
Saňa asla bagt diläp bilemok,
Dilim açsam,
Nalyş ýa-da töwella.

Bu aýdym sen hakda
Iň soňky aýdym...
Indi men gaýdyp
Başarmajak zadym hakda gürlemen.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: Saryýew | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 3.7/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
1
1 Мango • 10:29, 26.04.2023
Obýekiti bolup galdyk şübhesiz,
Biziň eýýammyzdan öňki eýýamyň.

"obýekt" sözüniň ýazylyşy bilenem, ony bu ýerde ulanylyşy bilenem ýerine düşmedik hasaplaýan.
***
"Bu aýdym sen hakda Iň soňky aýdym" diýseňem, 100% bilýän iň soňky aýdym däldigine :-) baý entekler aýdarsyň-a gaýta-gaýta bu aýdymy....
***
Diýdiler: «Sežde eden bir gez beýgeler»,
Beýgeldim,
Eliňden üzüldi elim.

nämä ýa-da kime sežde edip beýgeldiň?
avatar

Старая форма входа
Total users: 202