Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:41
Dört diwar

***

Dört diwar,
Dört derweze.
Çykalga ýok.
Durşy gulp.
Howp.
Diwar üstüňe gelýär,
Paralleller tapyşýar.
Aýak aýaga çolaşyp,
Dünýäň gapyşýar.
– Dat bidat…
Gülki sesleri gelýär.
Hamana diýersiň gülkili sahna.
Agladygyňça gülýäler.
Olar sen hakynda näme bilýäler?
Kim bilýä.
Diňe gülýäler.
Diwarlar sürünip gelýär.
Mynjyratjak tapyşsalar.
Tomaşaçylar kofe süzýär.
Tragediýamy, komediýa?!
Garym-gatym boljak eken,
Dünýäň gapyşsa.
Ine birden gowur ýatdy.
Elhenç dymyşlyk.
Diwarlar tapyşýar
Aşyk-magşuk dek.
Arasynda kim galdy?
Dirimi ýa öldümi?
Bular kimiň piňine?
Indi hatda gülýänem ýok.
Biperwaý ýüzlerde şol adatylyk.
Kofeler gutardy.
Turdy jemende.
Kuýaş gamgyn boldy.
Bulut düýrüldi.
Barlyk + ýokluk =
Bir bar eken,
Bir ýok eken…
Perde syryldy.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 125 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 3
avatar
0
1 Мango • 14:07, 20.01.2024
haladym.
şeýdip eksperiment edibermeli.
---
diwaryň üstüňe gelmegi, parallelleň tapyşmagy... tagamly etjek bolup duzuny artygrak sepelän ýalymy?

Diwar üstüňe gelýär,
Paralleller tapyşýar.

Diwarlar sürünip gelýär.
Mynjyratjak tapyşsalar.

Diwarlar tapyşýar
Aşyk-magşuk dek.

---
"gapyşmakda-da" şeýle....

Aýak aýaga çolaşyp,
Dünýäň gapyşýar.

Garym-gatym boljak eken,
Dünýäň gapyşsa.

ýöne, gowy 5 ýyzzyly gysganjak däl.
avatar
1
2 garagar • 17:43, 20.01.2024
Maksat, tüweleme, gowy ýazýan eken.
avatar
0
3 Küle • 19:25, 20.01.2024
Haladym. Öz ýolunyň gözlegine gowuja çykypdyr, hernä tapmaz...
avatar

Старая форма входа
Total users: 202