13:13 Sensizligiň jesedi | |
*** Çepbesine çöwrülipdir pikirlem, Ýitip barýan dar paltomyň içinde. Häzir asla peýda bolmaz şükürden, Sensizligiň jesedi bar içimde. Pikrim kesek gysan gawun mysaly, Ýemşik-ýumşuk, alga alar ýaly däl. Wysala duşmadyk söýgi däl bu dert, Söýgä öwrülmedik bir gysym hyýal. Haýkyrşymy hiç kim görmez, eşitmez, Hem köpleň aňynda bolaryn şerçi. A men bulaň hiç biri däl ýöneje Seň dünýäňde ýaşap ýören halyma, Seň dünýäňi yzlap ýören ötegçi. Halas ediň gursagymy açyň-da, Sensizligiň jesedi bar içimde. © Maksatmyrat ÇARYÝEW | |
|
Ähli teswirler: 4 | |
| |