Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

18:38
Mert bolup ýaşamak kyn eken munda

Exclusive

MERT BOLUP ÝAŞAMAK KYN EKEN MUNDA

Köňül közün dörjeleme, alawlar,
Suw sepjek tapylar goranyp bolmaz.
Seret dünýäň gözlerinde elem bar!
Gara ýere taşlan nejasatyna
It uýalar,
Ýöne adam uýalmaz.

Mert bolup ýaşamak kyn eken munda,
Ajalyň kükregne nazaryň sanjyp.
Eýesiniň boýnuna ýüp salyp barýar,
Guýrugyn ýamzyna gysdyran ganjyk.

Ýaşamakmy dyza çöküp ýaýaplap?!
Başsyza baş egip görjegiň näme?!
Allaň öýün — köňül öýün haraplap,
Metjide ýykylyp aljagyň näme?!

Mert bolup ýaşamak kyn eken munda.
Hudaý — edýän günälerňe ýapynja,
Pygamberiň ady — jennet açary.
Bizi bizden gorarmyka perenje?!
Gel, ýürek, gozgama gowsy içeli!

Adam gadym dünýäň bagryna düşen
Soguljan, süýrenji, mugthor gurçuk.
Özüňe ýigrençden kalbyň çürüşer,
A ýöne ölmersiň.
Ajaldan gorkup,
Golaýlaşdygyça boşar içegäň.
Öz ysyňdan gaçyp, demigip halys,
Öý dikjek bolarsyň gamda ýa gümde,
Imanyňy satyp,
Satyp pohly gan.

Ýürek urna kimin doly maslykdan,
Siňekler daşynda küşt depýär ýaýnap.
Bagt ahyr, muň üçin hergiz hamsykma!
Dirikäň jynazaň bedenňe ýaýrar.

Däl diýmäne hetdi ýokdur lallaryň,
Ýagşy päli bolanda nä serinde.
Geň däl bu dünýäde ýerlemezligiň,
Mert bolup ýaşamak kyn eken munda.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 146 | Mowzugy paýlaşan: kysmat | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 14
avatar
0
1 Medicall • 18:49, 26.02.2024
Haladyp dur-a bi goşgy!

Gödegiräk ýerlerinem ýürekden ýazylanlygy bagyşlatdy.

jany ýangynyny
bir zarbada aýdan ýaly,(säginmän yazan ýaly duygy berdi,) Ajap!
avatar
0
2 Medicall • 18:50, 26.02.2024
Exclusive bolanokmy bu?!
avatar
0
3 kysmat • 18:55, 26.02.2024
Wah, men exclusive edip goýup bilmedim...
avatar
0
4 Medicall • 18:58, 26.02.2024
Bolyar, özüm goyaryn, esasy Exclusivdigini bilsem yazyanla
avatar
0
5 Küle • 19:03, 26.02.2024
Exclusive bolanda yylyn ahyrynda jemlenjek baslesige hodurlendigi bolyara, seyle dalmi?
10/10
avatar
0
6 Medicall • 19:12, 26.02.2024
Hawa, ýylyñ ahyryna, onda-da mendenem 10/10
avatar
0
7 kysmat • 19:15, 26.02.2024
10/10
avatar
0
8 Мango • 23:27, 26.02.2024
6/10

"siňekleň küşt depmesini" halap bilmedim,
küşt depmek üçin töwerekleýin belli bir
tertipli hereket etmeli. siňekleriň uçuşynda
tertip barmy? siňekleňki - haos.

"dirikäň jynazaň bedenňe ýaýramagy" - ???

jynaza diýip:
1) kepenlenip tabyda goyulan, gömülmäge taýýar öli ynsan.
2) ölüni gömmek çäresi (jynaza namazy).
indi, haýsy manysynda pikir etseňem
"jynazaň bedene ýaýramagy" düşnüksiz...
avatar
0
9 Seýrаn • 08:26, 27.02.2024
Bulara-da ses bermelimi?
avatar
0
10 Medicall • 08:30, 27.02.2024
Ýok, Ses Däde, entek olara wagt bar:))
avatar
0
11 aygull • 12:05, 27.02.2024
Maksatmyrat Rahady okap, täsirlenipdir öýdýän. Ýöne bu stili
Ýamanlygam
Ýagşylygam
Undaly!
Hyjuwmyzdan
Ýaza garaşyp ýatan
Bägüller güllesin
Güllesin dünýä!
Ýagşylyk gül bolsun, ýamanlyk tiken.
Barybir ikisem bir jan-u bir ten.
Degme meň göwnüme, degme sen, dilber!
diýýän Maksatmyrada gelişdirmedim.Rahat ömürem beý diýmez,meselem.
avatar
0
12 Küle • 15:56, 27.02.2024
Tersine, Maksatmyrady eksperimentden saklajak bolmaly dal. Goy capsyn.
avatar
1
13 sussupessimist • 17:27, 27.02.2024
Aý, täsiri edil Rahatdan ýa başga birinden gözlemäge mätäç oglan dälmikä diýýän Atdaşmyrat. Özi duýandyr, ýazandyr. Ikisem bir radiotolkundan tutan bolmagy ahmal.
Güýçli, töwekgelçilikli goşgy.
"dirikäň jynazaň bedenňe ýaýramagy" diýen ýaly setirlere gös-göni düşünmeli däl, umuman, poeziýa bn fizikany garýan bolaýma, Mango akga? Her kim pata ýerde doga okanda - ruhuna degsin diýip okaýar. Bu paradoksal jümle. Degmek - fiziki hereket, ruh bolsa material bolmadyk aňlatma (näçe 21 gramm agramy bar diýibersinler, subut edilenok). Dogry dälmi? Maksatmyrat - ruha degmän, öli janly adama (ýa-da fizika taýdan diri maslyga) jynaza okaýar, "bedenňe siňsin" diýip. Bu ýerde agyr ironiýa bar, meniň pikirimçe.
avatar
0
14 Belki • 06:01, 02.03.2024
Köñül közün dörjeleme, alawlar
Alawlar diýýämi alawla:r diýýämi? Ikinjisi bolmaly. Sebäbi alawlar diýjek bolsañ dörjelemäñ diýmeli bolýa.
Suw sepjek tapylar, goranyp bolmaz. Nämeden goranmaly? Otdanmy? Hiç kim suw sepmän özi goranmak isleýämi? Suw sepmese gorandygy bolmaýmasa.
Nejasatyna item uýalýandyr öýdemok.
Dilime gelenleri aýdaýyn, logika gabat gelse gelsin, düşünseler düşünsinler, düşünmeselerem, poeziýa bu, pylan zat üçin diýjek boldum dip allaşdyrybermeli. Şu pikir bilen ýazylýan ýaly käbir goşgular.
Gödeklik diýseñ...Goşgy diýlen zadyñ tebigaty mylaýym bolmaly diýip pikir edýärdim öñlerem, häzirem şeýle.
Okamda lezzet alyp bilmeýän awtorlarymdan.Üstünlik!
avatar

Старая форма входа
Total users: 203