Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

10:57
«Gözlerim ýetmedi duýgularyňa...»

***

Gözlerim ýetmedi duýgularyňa,
Sözlerim bilenem aýdyp bilmedim.
Beletsiň belki-de meň gylygyma,
Tenim içre tüweleý deý düwledim.

Ýülmedim ne gözel arzuwlarymy,
Serhetden geçmäge gurbum çatmady.
Uzakda şagallaň uwlamalary,
Ot berdi gursaga
Ahyr çatlady.

Emr edere ne erk galdy, ne ýürek,
Ýarym aý dek bir bölegim hüýt gara.
Şu hal gelip alyp gitse batbörek
Sesim çykmaz gökde bürgüt tüýtse-de.

Bir bişowyň bijesi men, gözgyny
Boýny burlan hyýallaryň ýesiri.
Ýöne bagtlylaryň nesibi bolup,
Asla gama batyrmaryn bu ili.

Bir goşgy ýazaryn, okap bererin,
Diňläp ýylgyrarsyň, ýöne köýmersiň.
Meni özüň bilen äkitmersiň hiç,
Hem hiç haçan özüme-de goýmarsyň.

Alakjap ulukjyn açaryn ýolda.
Şagal däldir bir uwwuldy eşitseň.
Gözlerim ýetmedi duýgularyňa,
Nädeýin söz bilen aýdyp bilmesem.

© Maksatmyrat ÇARYÝEW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 185 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Maksatmyrat Çaryýew | Рейтинг: 5.0/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 24
avatar
0
1 Küle • 16:27, 31.01.2024
Jümş
avatar
0
2 Lacrymosa • 08:42, 01.02.2024
ZiňK!
avatar
0
3 Küle • 19:17, 01.02.2024
Şu goşga Lacrymosa ikimizden basgan teswir yazman bilisine gen galdym.
avatar
0
4 Мango • 20:42, 01.02.2024
jümş we ziňk - bumy teswir?
:-)
avatar
0
5 Medicall • 01:28, 02.02.2024
"ýolda ulukjyn açmak" näme diýmekka? ýolda çat açaryn diymekmika ýa?

Super goşgy eken! Beter gowy! 5- lik.

Ýetirip duruñ!
avatar
0
6 sussupessimist • 09:23, 02.02.2024
Alakjap ulukjyn açaryn ýolda / Şagal däldir bir uwwuldy eşitseň

guduz açyp kaňkar ýörerin diýýärmikä diýýän
avatar
0
7 Lacrymosa • 10:27, 02.02.2024
Ulukjyn --- ulug jyn, ýagny uly jyn, jynlaryň iň ulusy

....ýoksa-da, meniň 1-nji teswirimiň goşgy bilen baglanyşygy ýokdur, Puşkin. goşgy harika. ondan gorkmadym. Küle efendi jümş edende gorkdum.
avatar
0
8 Kyyas • 12:04, 02.02.2024
Ulukjynmy?, Ulakjynmy? Bilemok. "Telpeginin ulukjynyny çözmek, ulakjynyny çöşlemek..."
avatar
0
9 garagar • 12:21, 02.02.2024
ulukjyn açmak — Ýakymsyzlyk etmek, garagolçulyk etmek.

Kyýas, uçgur bolaýmasyn diýýäniň?!
avatar
0
10 Lacrymosa • 13:11, 02.02.2024
Begler, men size fanat-da
Telpegiň ulakjyny diýene bir fanat weli, Gürrüň kelläň gaby barada gidip duuuka uçgur diýene has fanat men.
Telpegiň bir görnüşine gulakjyn diýilýär. Bu hili telpekleriň biçüwi silkme telpekden farkly. Olaryň iki tarapynda gulagyňy örtüp, ýapyp duran ýörite bölek bar, silkme telpege ol gerek däl, oňa gulagyň-sulagyň girip gidýär. Iki tarapy gulagyňy örtýänskiý bolany üçin o hili telpeklere gulakjyn diýilýär ýa-da telpegiň iki tarapyndaky bölegine telpegiň gulakjynlary diýilýär.
Uçgur bolsa tammanyňy, içdonuňy (ştan) saklaýan üüüüüp
avatar
0
11 Lacrymosa • 13:13, 02.02.2024
üp näme diýäým-ow, garagar
üp-ýüp bolýar
üzärlik diýen ýaly
avatar
0
12 garagar • 14:02, 02.02.2024
Çözmek, çöşlemek diýenine seredip, salgy berşim boldy. Sen mamla, Laçrymosa!
avatar
0
13 Mekan2 • 14:37, 02.02.2024
şol gulakjynlaryňam (biz gulakçyn diýýäs) ujunda ýüpjagaz (bagjyk) bolýar, ony islän wagtyň eňegiň aşagyndan daňýaň, isleseňem (ýa-da islemeseň) gulakjynlary ýokaryň epläp ýokardan daňýaň.
avatar
0
14 Çary5306 • 15:56, 02.02.2024
"Alakjap" sözüniň hemmelere düşnüklidigem bir gowy zat, ýogsa adamlary JYN urana döndi, tas içki eşiklere geçip gidipdiler. Ýogsa-da, "alakjap barýarkaň nädip ulukjyn açyp bolýandygyny göz öňüne getirmegem kyn welin, göz öňüne getiräýeňde-de, ony goşgyň manysyna baglamak kyn
avatar
0
15 Çary5306 • 15:59, 02.02.2024
"Arzuwlaryň ýülmenmegi" gowy zatmy ýa erbet zat? Näme üçin ol negatiw manyda alnypdyr?
avatar
0
16 Çary5306 • 16:05, 02.02.2024
"Diňläp ýylgyrarsyň, ýöne köýmersiň". "ýöne" sözi ýerindemikä?. Dördünji bent tutuşlygyna şeýle çaprazlyga ýugrulan ýaly
avatar
2
17 Mekan2 • 16:23, 02.02.2024
Maksatmyrat diýýä:

"Şagal däldir bir uwwuldy eşitseň"

onda başdaky öz eşidenem (hany, gursagyna ot beren

"Uzakda şagallaň uwlamalary"

bar-a)

şagallar däl bolmaly. şo duýgy bilen "Alakjap ulukjyn açyp ýörenleň" sesi bolmaly (aralarynda men ýokduryn :-))
avatar
-3
18 Kyyas • 21:10, 02.02.2024
Mbah... Türkmen hemişe-de şol türkmenligi, kimdir biri ýalñyşsa ( belki öz gepleýşi şeýledir şiwesinde bardyr) üstünden gülmek bilen ýa-da kemini gözlemek bilen.

Öñem bir okuwçy hajathana gidip gelip dir üsti hapa öl diýýä, mugallymy näme etdigiñ bu diýse, "utguýyny tötüp biýmedim" diýipdir (muña okuwçylaram mugallymam gülüpdir)
mugallym bar eşigiñi çalyşyp gel, diýse, "öyde hit kim gok" (üstünden gülünene hem hamsykýar, hem utanýarmyşyn)diyipdir. Mugallym bolýa öýüñe gidiber erte geläý diýipdir.
Okuwçy gözlerini balkyldadyp, " mugallym men tize ede diydem bolýamy?" Diýipdir muña ýene gülüşipdirler. Mugallymam ýalñyş düşünip men sizede siýsem bolýamy diýendir öýdüpdir. Ýok beýlede zat bormy? Akyllyja bol-da diýip öýüne ugradypdyr.

Aslynda eje diýsem bolýamy diýen ekeni...

Ulukjyn- bizde ulugjyn diýilýär. Jynlyramak.
Ulukmy? Ýa ulakjynmy? Telpegiñ gulagyna, bagyna diýilýär.

Minnetdar! Hemmäñize sylag hormatyñyza...
avatar
0
19 sussupessimist • 08:49, 03.02.2024
Çary aga, bu ol aýdan normatiwleriňize sygýan goşgy däldir :) "Diňläp ýylgyrarsyň, ýöne köýmersiň" diýýän ýerinde köýmegiňem öz ýerinde bir eşretdigi göz öňüne tutulýar. Liwerpulyň janköýerleriniň futbolda janyny köýdürişi ýaly.
Ýylgyryp oňarsyň, ýöne süýji yzasyny duýmarsyň diýen manydaky duýgular bar ol setirde. Sizem goşgy ýazýaňyz ahyryn, heý, bu duýgulardan mahrummy siz?
avatar
0
20 sussupessimist • 08:53, 03.02.2024
Ne gözel arzuwlaryny ýülmäp, reallyga görä eglişik/oňşuk edip, syntgylamagy, elbetde, praktiçny bolsa-da, romantikler üçin gowy zat däl.

Goşguda Seýran Otuzowyň döredijiligine mahsus romantizm bar. Pragmatiklere ters hem düşnüksiz görnüp biljek näzik duýgular.
avatar
0
21 Çary5306 • 11:56, 03.02.2024
Näçe bulaşyk, ýalňyş, düşnüksiz ýazsaň, gürleseň, ýaşasaň, şonça-da romantiki, şahyrana, seýranizmli bolýanyna düşünýänem welin, mendirin-dä: ertirki nesil bir-birine düşünmän, žestler (hereketler) bilen gürleşmeli bormyka diýip howatyr edäýýän-dä.Ýülmenen ne gözel aýdymlaň janKÖÝERlerini görmän ýöremok. Goşgylaryň janköýerleriniň o derejede köp däldigine begenäýmelimi nämemi? Biziň döwrümizde "ezýeti bolmasa, eşreti barmy?" diýip sözlemi dogry ýazaňda-da ýazgaryp bilýärdiler. Aý, bizem garraýandyrys-da ýa eýýäm garrandyrys.
Menem düýn agşam gar ýagyp durka pikir ederdim ol goňşym ol goňşymdan süýt alýarka öňňun dükanda un berilýär diýdiler sol wagtam marsahodlar aýyn deňinden geçip barýardy
avatar
0
22 sussupessimist • 12:12, 03.02.2024
Dogry aýdýaň, Çary aga. Öňküler kosmosa çykdyk diýip begense, indi Marsa ýetilip barýa...
avatar
0
23 Çary5306 • 12:31, 03.02.2024
Beh, şular öz diline geçsiberseň, diýmedigiňe-de düşünäýjek ýalylar-la! "Adwokaty köp bolsa, gamburgeri haram" diýýädimi geljek nesiller?
avatar
0
24 Мango • 20:14, 03.02.2024
teswir 21-den:
Menem düýn agşam gar ýagyp durka pikir ederdim ol goňşym ol goňşymdan süýt alýarka öňňun dükanda un berilýär diýdiler sol wagtam marsahodlar aýyn deňinden geçip barýardy.

bu ajap hekaýa Çary aga...
dowamyny okasymy getirdi.
:-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202