Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

12:45
Edebiýat Kafesiniň altyn çaşka baýragy bäsleşiginiň jemi


Salam, saýtyň hormatly awtorlary, okyjylary, myhmanlary. Edebiýat käfesiniň 2023-nji ýylyň «Altyn çaşka» baýragyny jemledik. Ilki Sizi bäsleşigikde Siziň beren sesleriňiz esasynda Mango agamyzyň çykaran hasaby bilen tanyşdyraýýyn:

"maglumat:

jemi ses berenler: 17 agza.
her agza 3 ses berip bilýär.
(mango, myhman, pegas, janjennet, aýgül, lacrymosa, pero, ses, küle, atsyzatly, katalizator, mergemowna, garagar, sussupessimist, kyýas, hyýalbent, nurdan)

ses beren kä agzalar 3 adamdan köp hödürledi, olaryň başda agzan üç agzasyny hasaba alyndy, galany hasaplanmady.
ses beren agzalardan kä bir kategoriýa sesini bermediklerem bar. ses berilmedik kategoriýalary hasaba alynmady.

kategoriýalar:

iň gowy eser paýlaşan kategoriýasy: @sussupessimist (Maksat Bäşimow)
(17 sesden 14 ses aldy. 5 adam sesini ulanmady)
(beýlekileriň sesi: bagabat 12 ses, mango 10 ses, gurbanmyrat sary. 5 ses, nurdan 1 ses, aýgül 1 ses, pegas 1 ses, atsyzatly 1 ses, hydyr amanmgeldi 1 ses)

iň gowy teswir ýazan kategoriýasy: @ ýaran gagmyr
( 17 sesden 11 ses aldy)
(beýlekileriň sesi: mango 11 ses, sussupessimist 9 ses, myhman 8 ses, lacrymosa 6 ses, ses 3 ses, bagabat 2 ses, atsyzatly 1 ses)

iň gowy goşgy kategoriýasy: @ awtor (Mukam Muhamow)
(17 sesden 10 ses aldy)
(beýleki sesler: begençgeldi 9 ses, aýgül 6 ses, lacrymosa 6 ses, pegas 4 ses, badahşan 2 ses, sylapberdi 2 ses, pero 3 ses, bejidow 2 ses, g. geldimyradowa 2 ses, seýran 2 ses, nurdan 1 ses, nury s. 1 ses, orazmyrat 1 ses)

iň gowy hekaýa kategoriýasy: @ küle (umyt küle)
(17 sesden 11 ses aldy. 4 adam sesini ulanmady)
(beýleki sesler: sussupessimist 10 ses, nejep 6 ses, hydyr amangeldi 4 ses, seýran 4 ses, aýgül 3 ses, musa ýusup 2 ses, ahmet mele 2 ses, merdan baýat 2 ses, sylapberdi 1 ses, bagabat 1 ses, juma hudaýguly 1)

iň gowy terjime kategoriýasy: @ mango
(17 sesden 9 ses aldy. 3 adam sesini ulanmady)
(beýleki sesler: sussupessimist 9 ses, balkanow 7 ses, orazmyrat 6 ses, pero 5 ses, bagabat 4 ses, küle 3 ses, aýgül 2 ses, ahmet mele 2 ses, ylýas abdyllaýew 1 ses)"

Şeýlelikde bu ajaýyp hasabaty bilen birlikde her kategoriýa aýratyn "altyn çaşka" hormat hatyny taýynlap kafemize ugradandygy üçin Mango köp sagbolsunymy aýdýaryn.

Ýeňijilerimiz Edebiýat Kafesiniň "Altyn çaşkasy", 50 manat pul baýragy bilen sylaglanýar:


iň gowy eser paýlaşan kategoriýasy: @sussupessimist (Maksat Bäşimow)
EDEBIÝAT KAFESINIŇ "ALTYN ÇAŞKASY", 50 manat pul sylagy bilen


iň gowy teswir ýazan kategoriýasy: @ Ýaran Ýagmyr
EDEBIÝAT KAFESINIŇ "ALTYN ÇAŞKASY", 50 manat pul sylagy bilen


iň gowy goşgy kategoriýasy: @ awtor (Mukam Muhamow)
EDEBIÝAT KAFESINIŇ "ALTYN ÇAŞKASY", 50 manat pul sylagy bilen


iň gowy hekaýa kategoriýasy: @ küle (Umyt Küle)
EDEBIÝAT KAFESINIŇ "ALTYN ÇAŞKASY", 50 manat pul sylagy bilen


iň gowy terjime kategoriýasy: @ Mango
EDEBIÝAT KAFESINIŇ "ALTYN ÇAŞKASY", 50 manat pul sylagy bilen

basleşikde orun alanlar telefon belgiňizi ýa-da kart belgiňizi meniň şahsyma ýazmagyňyzy haýyş edýarin!

Ähliňiziň sylaglaryňyz gutly bolsun, nesip etsin hormatlylar, Siz has uly sylaglara mynasyp, ýöne bu ýyl birguradan, ýagny Lacrymosaň teswirlerdäki degişmesinden başlandyda, çyna ýazdyryldy. geljek ýyllarda has taýýarlykly bolaryn. (Nesip bolsa!)

Şu ýerde aýratyn belläsim gelýän ýagdaýym bar: degişmeli teswirde Lacrymosaň "nyşanjygy Mango daýy taýýarlamaly" diýen teklibinden ugur alyp Mango iň agyr işi ýükläpdik. Bilýän, Mangoň ol zatlary ýük bilmejeginem bilýän. statistikany hem Mango zähmet bilmän, gyşarnyksyz ýöretdi. Ýöne hat üsti bilen düşünişmeli bolýanlygymyz sebäpli men Hormat hat-da nähili reňkler goýmalydygyny düşündirip bilmedim, ýa-da ol maña düşünmedi?! hat ýazamda-da dyngy belgilerini ýerinde goýman ýazanym üçin düşünişip bilmäni Mangony ýadatdym. Görsek Mango terjimelerde birinji oruna düşüpdir, iñ ajaýyp teswir kategoriýasynda-da 1-nji Mango 11, 2-nji Ýaran dayy 11 ses berilipdir, onsoň ýene ol ornyny özünden soňky awtora geçirilmegini, özüni bäsleşikden aýyrmaly diýen netijä gelen eken. emma menem ony diňläp, beýdip gazanan ýeňişini yzyndaka geçirmäge razylyk bersem uly haksyzlyk etdigim boljak. Her kim hak eden zadyny, azabyna goýulan hormata eýe çyksa gowy-da. Şonuñ üçin teswirde ornuny Ýaran daýa geçirip, terjimede Mango orun almaga zordan razy etdim))))
Garaz şeýlelik-de şu gün gije jemledik.

Soňra şu gün işe irden geldim-de, bir ýylyň içinde aýratyn tapawutlanan, kafeniň esasy awtory,
her ýagdaýda-da kafeni hereketsiz goýmazlyk üçin gyzyldanam gymmatly wagtyny sarp eden, kyn ýagdaýymda-da maňa MUGALLYM bolan, özüniň beýik adamkärçiligi bilen ähli agzalar tarapyndan hormatlanýan Mango üçin "Altyn Mango" heýkelini bejerdim:



Mango daýy, heýkeliň daşyny siziň kafemiz üçin taýýarlan sertifikatlaryñyzdan alyp, bir meñzeş taýynlamagy makul bildim Siz ajaýyp ynsan ( wiii bagyşlaň miwe diýkekdim) Sagboluň Barboluň!

onsoň agşam jemleýän wagtymyz gyzlara orun berip bolmadygyna gynandy(k). emma gyzlara bersek olardan ýokary bal alan beýleki oglan awtorlarymyzyň ornuny alan ýaly görünjegi üçin (sebäbi öň bäsleşikde aýal gyzlar aýratyn diýmedik, deňhykukly ahyr biz erkekler bilen, gender deňligi) gyzlara aýratyn simwol taýýarladym:

iň gözel goşgularyñ awtory, mähribanlygy bilen ýüreklerde ýer alan, meniň mähriban aýal doganym:), Meňli Aşyrowa Edebiýat Kafesinde bitiren işleri üçin "Altyn Pero":


Ajaýyp poeziýanyň eýesi, şygryýet dünýäsiniň melegi, ussat şahyr Aýgül Garaýewa Edebiýat kafesinden Altyn Aý içindäki güli:


Şygryýet melegi, türkmen edebiýatynyň algyr laçyny, Laçyn Pürjäýewa Edebiýat Kafesiniň altyn Laçyny:


ýene sylaglamak islänim Beýik ynsan, halypa ýazyjymyz Hydyr Amangeldä Edebiýat Kafesinden Altyn ruçka:


ýene-de hormat bilen ady tutulmalylaryň biri @myhman agzamyz, şu Kafemiz açylaly bäri bizden daşlaşmadygy üçin Edebiýat kafesinden Altyn Balyk:


ähliňiziň sowgatlaryňyz gutly bolsun hormatlylar, sylag berilmedikler hem gynanmaň, ähliňiziň ornuňyz edebiýat kafesiniň töründe, ýüreklerimizdedir, saýta aktiw gatnaşyň, owadan Watanymyzda owadan eserler döredip duruň, biziň bilen paýlaşyň, türkmen edebiýatynda iň kämilden kämil eserleriňiz bilen okujylaryňyzy begendirip duruň! Munuň ýaly bäsleşigi geljek ýyllarda has giňişleýin jemläris diýen ýagşy niýet bilen © Nurdan
Bölümler: Edebiýat täzelikleri | Görülen: 282 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Nurdan | Рейтинг: 4.5/8
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 901 2 »
avatar
0
1 Seýrаn • 16:49, 20.12.2023
Geçirenler, gatnaşanlar, ses berenler köp sag bolsunlar. Işiňizde üstünlik!
avatar
0
2 Seýrаn • 16:50, 20.12.2023
Yöne orän az adam gatnaşypdyr. Aktiwräk bolalyň indi.
avatar
1
3 Pegas • 17:07, 20.12.2023
Ähli ýeňijileri, saýt administrasiýasyny, agzalary gutlaýan.
avatar
0
4 Pero • 17:08, 20.12.2023
:)))))))Ilki bilen-ä sylagyña sagbol aýaldogan!

Bize ses berenler,sizem sagboluñ! Ynamyñyz bize ganat!

"Altyn çaşka" baýragyna we beýleki sylaglara mynasyp bolan saýtdaşlar Sizi ýürekden gutlaýan. Eserleriñiz,teswirleriñiz mundanam beýläk ýüreklere ornasyn!
Sylaglaryñyzyñ höwri köp bolsun!

Indiki ýyl,inşaalla işjeñ gatnaşylar we hasam gyzykly bolar diýip umyt edýäs.
avatar
0
5 Mekan2 • 17:09, 20.12.2023
MINNETDAR!!!

altyn balygymdan etjek üç dilegim barada pikirleneýin.
avatar
0
6 sussupessimist • 17:22, 20.12.2023
Haha, sag boluň:) Gyzykly bolupdyr ses berilşigiň netijeleri.
Sylagyňyz üçin minnetdar. Yeňijileri gutlayan!
Esasy zat – edebiyatymyzy yzygiderli ösdürmäge, yazyjylaram, okyjylaram, terjimeçilerem kämilleşdirmage ymtylalyň.
avatar
0
7 Мango • 17:30, 20.12.2023
şuwat heýkelimden utanybotym...
avatar
1
8 Katalizator • 17:33, 20.12.2023
Ähli ýeňijiler baýragyňyz gutly bolsun. Dowamly bolsun.
Administrasiýanyňam işlerinde üstünlik ýar bolsun)
avatar
0
9 Medicall • 17:36, 20.12.2023
Ýeňijiler nomerlaryňyzy maňa ýazaýyň, haýyş!

agzalaryň sesleri esasynda jemlendi, hiç kim öýke kine etmesin, ýene adyny hökman tutmaly awtorlarymyz bar, Seýran Otuzow (aýratyn hormatym bar şu awtoryň döredijiligine), Sapa Hommadow, Merdan Baýat, Nejep Baýat(Bulam hekaýalaryny gyzyklanma bilen okaýan awtorym), Ahmet Mele, Musa Ýusup, Baýram Bejidow, Balkanow... şu mahal ýadyma düşmeýän, emma hormat goýýan awtorlarym! Size-de iň owadan, ajaýyp arzuwlarymy ýollaýan!
avatar
0
10 Мango • 17:39, 20.12.2023
"teswir kategoriýasynda" ýaran ýagmyr bilen deňme-deňe çykan ekenik ( 17 sesden 11 ses)
ýaran ýagmyr 11 ses
mango 11 ses...
dawam ýokdur.. ýöne gyzykly boldy.
her kime nesip etsin.
avatar
0
11 Medicall • 17:42, 20.12.2023
şon ýaly, utanarlyk derejede erbetmi?
avatar
0
12 Medicall • 17:43, 20.12.2023
Öňünden yzy gür bolsun, nesip etsin!
avatar
-1
13 Мango • 17:44, 20.12.2023
"maňa ýazyň" diýeňde adresem bermelidämi Nurdan hanym?
avatar
0
14 Medicall • 17:45, 20.12.2023
12 adam okapdyr, birjesi birje ýyldyz beripdir, diýmek posty halamadyňyz:) şonda-da janyňyz sag bolsun, bar boluň!:)
avatar
0
15 Medicall • 17:47, 20.12.2023
bee, ýazmasaňyzam tapmak ol diýen bir kyn iş däl, ýöne her kimiň özi berse gowyda nomerini. maňa adres gerek bolup diýemok ony
avatar
0
16 Мango • 17:48, 20.12.2023
ýo... men ýöne heýkellere öwrenişemok.
ony guratman saklamagam indi maňa iş bolar.
ýa heýkeller guranokmy?
heýkel nädip gurasyn diýýäňmi? :-)
avatar
0
17 Мango • 17:48, 20.12.2023
50 manat diýdiň welin ýyzzyl ýatdan çykd-a.
avatar
0
18 Мango • 17:57, 20.12.2023
men şeýle ses beren ekenim:

«Iň gowy eserleri paýlaşan» kategoriýasy
sussupessimist / bagabat / gurbanmyrat saryýew

ses berenim alypdyr :-)

«Iň gowy teswirleri ýazan» kategoriýasy
myhman / ýaran ýagmyr / ses

munda-da ýeňiji ses berenlerimiň arasynda

«Iň gowy goşgy » kategoriýasy
mukam muham / begençgeldi orazow / ybraýym badahşan

munam bilipdirin :-)

«Iň gowy hekaýa» kategoriýasy
musa ýusup / nejep baýat / umyt küle

ýeňiji ses berenlerimiň arasynda

«Iň gowy terjime» kategoriýasy
orazmyrat myradow / balkanow / pero

ine muny welin bilmändirin.
avatar
0
19 Мango • 18:01, 20.12.2023
baýrak alanlar.
sertifikatyňyzy saýtdan skaçat edip
printerden çykarypjyk
diwardan asyp goýaweriň.
ýadygärlik bolsun.
avatar
0
20 Kyyas • 19:09, 20.12.2023
Hemmäñize baýraklaryñyz bilen gutlaýan. Gowy geçdi, edebiýata höwes edýänlere we goşant goşýanlara berekellasy bilen, işlerinde üstünlik! Ýetip gelmegiñ öñüsyrasyynda Täze ýylynyzam gutlaýan!
avatar
0
21 aygull • 20:35, 20.12.2023
Biziñ adymyz obycnyý rucka bn ýazylaýypdyr...diýip, Lacyn şumjaryp jañ etdi.)))
avatar
0
22 Medicall • 20:50, 20.12.2023
Aýgül,men irden işe baryp öz işimiñ arasynda munam şu gün goýjak diyip bir-iki adama aýdamsoñ şu güne
ýetişdirjek bolup başagay boldum, hersinden iki görnüşini taýynlapdym-da saýta ýüklämde soñkylara
Iki tayynlanymyñ birinjisini ýükläpdirin. Onam kompyuteri ýapamdan soñ, ýolda teldan seredemde gördüm.
Fotoşopda tayynlanym işdäkide papkada bardyda, öye fleşkada geçirmändirin. Oña hiç șumjarmañ, boldugyndan göwünleri görjek bold um menem.
Janyñyz sag bolsun, ikiñizede edebiyat kafesiniñ adyndan hakyky çaşka ugradaryn.

Laçyn! : Bir ýyl gijä galyp nirede bolduñ hä, nirede bolduñ? jyklaýanyñdan habarym bardy barybir. Indi geljek ýyl geçiriljek bäsleşikde çynyñ bilen gatnaşyp baş baýrak aljagyña ynanýan:))
avatar
0
23 Ýaran_Ýagmyr_99 • 20:56, 20.12.2023
“Ýokary guramaçylyk derejesinde” diýip başlasam-a, edebiýat kafesiniň lirik, romantik, platonik, ekzotik (mango tötänlikmi?), rüýa gibi howasyna býurokratik, žurnalistik, formalistik şemal haplap uraýjak ýaly. Emma, diýseň-diýmeseň hakykatdanam, galjaň hereket: edaralardan öňünçä ýylyň jemi jemlendi, profsoýuzdan öňünçä öňdebaryjylar kesgitlendi, Aýazbabadan öňünçä sowgatlar berildi.

Baýrak alanlary atduşi gutlaýaryn! Almadyklar “ýykylan göreşden doýmaz” edip, ertirden başlap täze aýlawa goşulybermeli – däp dowam eder-ä saglyk bolsa.

Arada Mango meniň bir goşgymy mikroskopyň astyna alyp otyrka, oňa “munuň ýaly kemçilikler daşary ýurt poeziýasynda-da kän” diýen manyda delil aýdyp, meni goradylar welin, şonda aýtmagy ýerliksiz görüp, içimde galdyran jogabymy häzir aýdaýyn: “Mangonyň derdi dünýä poeziýasynda däl ahyryn (iň bärkisi “Edebiýat käfesindekä”), Mangonyň, şu ýerde ýygnananlaryňam dert-aladasy öz edebiýatymyz bilen”. Biziň dünýä edebiýaty barada edip biljek zadymyz az-az, emma öz edebiýatymyz barada nämedir bir zat-bir zatlary edip bileris. Şonuň üçinem edebiýat barada başga ýerde içiňi hümledenden, gyzyklanmaýanlara gürrüň berenden ýa-da döredijiligiňi çaň basdyryp ýatyranyňdan “Edebiýat kafesinde” söhbet edeniň, bir zatlar paýlaşanyň gowy.

Täze ýyl arzuwlarymy ylham gelse goşgy bilen paýlaşaryn (ýogsa-da“goşguçy” diýlip görnüşi täzelikde kesgitlenen ýazarlara “ylham” diýen zat degişlimikä? Menem ýaşap göremok şony, ýöne “ýlham”, “ylham” diýýän il ugruna, emma ne pirleri, ne perileri görýärin joşduryp kömek edýän. Ýa men goşguçymykam? Onda şolary hiç görmerinmi? Hiýh, men şony gyssagly bilmeli. Pero, Laçyn dagylardan soramaly. Ganatly gyz, ganatly at... Goşguçylara şolary görmek ýokmuka? Goşguçylaryň goşgularyna şol zatlary çekmek bolýan däldir onda. Ýasama, galp bolar-a. Bolýar, bular soň...

“Edebiýat kafesine” etjek arzuwym bolsa, öňki döwürlerdäki ýaly bir analitik tankytçy bolsa. Özi hiç zat ýazman, goýman, diňe iki goluny çermäp, tankyt bilen meşgul bolsa. Düýn-öňňünlikde Ses dost “men şeýleräk adam” diýen ýaly etdi welin kelläme gelen şu umyt boldy. Biziň ýaly özleri ýazýanlar kän gönendirmez. Ikisini etjek bolýanlar hiç haçan birini gönendirmedik ýaly. Birini – ýa tankydy, ýa awtorlygy saýlanlardan bir zat çykaýmasa. Şonuň üçinem Ses dost ýaly synçy, tankytçy, resenziýa beruwjy biri bolsa “dokuzymyz” düzüw bolardy.

Ýyly jemleýiş çärsini guraýjylaryň we gatnaşanlaryň hemmesine minnetdarlyk bildirýärin!
avatar
0
24 Medicall • 20:56, 20.12.2023
Menem oýundaky ýaly/ eý, Hudaýeyy, näme etseñem adamlary razy edip bolanogowww diýeýinde.))))

Gyzlar ýer almady, berayyn diysemde sizden öñ oglanlar bardy her kategoriýada, onsoñ olar eşiydirip şimjarmasada içinden "bähh, hany adalat" diyerda.

Şonuñ üçin meña sizi aýratyn sylagladygym, size hormatymdy. Ýetirmek meñ bilen, begenersiñiz öydüpdim.
avatar
0
25 aygull • 21:00, 20.12.2023
Degişmedir, Nurdan, Lacyn ikimiziňki. Edebiýat üçin edýän yhlasyňa köp sag bol.
avatar
0
26 Мango • 21:07, 20.12.2023
Nomerini nirä ýazmaly.
Şu ýeremi ýa siziň poçta adresiňizemi?
Ýa şahsamy?

Men adres diýemde şony göz öňüne tutdym.
avatar
0
27 Medicall • 21:10, 20.12.2023
Yaran dayy, profsoýuz bolup işiñize juda sowuk garanyñyz, bäsleşik yglan edilse-de ýeke gezegem administrasiýa gelip awtorlañ hal yagdayy baradaky maslahatlañ birinede gatnaşmadygyñyz, teswir ýerde awtorlañ arkasynda durjagyñyz barada owadanja çykyşlar etseñizem administrasiýa hasabata, maslahata çykmadygyñyz üçin, administrasiýanyñ hatyna-da jogap ýazmadygyñyz, ynanylan wezipañize biperway seredeniñiz üçin size berk käýinç yglan edýarin. Düşündirişiñizi ýazyñ!))
avatar
0
28 aygull • 21:16, 20.12.2023
Begendik, elbetde, Nurdan. Aslynda, seniň şeýdip, ýeňiňi çermäp, işiň daşyndan "edebiýat kafesiniň" myhmanlaryna edýän hyzmatyň uly baýrak Laçyn ikimiz üçn.
avatar
0
29 Lacrymosa • 21:44, 20.12.2023
Men-ä nobel alamda-da myn ýaly begenerin öýdemok.
ernim bir ýere gelenog-a ýyryş-ýyryş dylym-dylym edýän-ä gyw.
ýuwup otys-a üýşüp.
beýleki baýrakdaş ýoldaşlarymam gyzgyn gutlaýaryn
örän gowy bolupdyr
elbetde baýrakçylaryň arasynda ýolbaşçy düzümdenem bar.
eminleň başlygynyň orunbasary diýjekmi, profsoýuz diýjekmi.
aý, näme diýeli-dä, hemişeki diýilýän: häpberekella!

ýatlanyňyza, sylagyňyza-hormatyňyza sag boluň, aýratynam Nurdan gelin, janyň sag, ömrüň uzak bolsun, çagajyklaryňa guwan! Alla senden razy olsun!
Aýgülüň aýdanlaryna-da 99 göterim goşulýan
avatar
0
30 garagar • 22:27, 20.12.2023
Gutlaýan Pero, yzy gür bolsun sylagyňyzyň.
avatar
0
31 garagar • 22:30, 20.12.2023
Myhman aga, gutlaýan. Teswirleriňiz, analizleriňiz gowy eseriň ýerini tutýar.
Haçan el açjak diýseň, myhman bolmaga taýyndyryn)
avatar
0
32 garagar • 22:35, 20.12.2023
Bitirýän işleriň üçin minnetdardyryn. Nesip bolsa, 2024-nji ýyl döredijilikli ýyl bolar. Hekaýalaryňa, romanlaryňa garaşýan, agam.
avatar
0
33 Medicall • 22:37, 20.12.2023
Nirä ýazmalydygyny postda ýazypdym...
avatar
0
34 garagar • 22:37, 20.12.2023
Mango kaka, bitirýän işleriň hetdi-hasaby ýok. Öwezine hiç zada garaşman edebiýatyň, ýazyjylaň, okyjylaň hatyrasyna edýänleriň üçin taňryýalkasyn!
avatar
0
35 Medicall • 22:38, 20.12.2023
)))
avatar
0
36 Medicall • 22:39, 20.12.2023
Minnetdar!
avatar
0
37 garagar • 22:39, 20.12.2023
Aýgül,sylagyňyz gutly bolsun. Has uly sylaglaryň gowşuryljak ýyly bolsun, täze ýylyňyz.
avatar
0
38 Medicall • 22:40, 20.12.2023
Sagboluñ! Öñünden yzy gür bolsun!
avatar
1
39 garagar • 22:41, 20.12.2023
Laçyn, sylagyňyz gutly bolsun. Eserleriňize garaşýan.
avatar
1
40 garagar • 22:42, 20.12.2023
Ýaran aga, ýaşlara göreldäňiz üçin minnetdar. Teswirleriňiziň, eserleriňiziň yzy üzülmesin.
avatar
1
41 garagar • 22:43, 20.12.2023
Nurdan dogan, janyňyz sag bolsun!
avatar
0
42 Мango • 22:44, 20.12.2023
Laçyn hanym.
köçe gürrüňini etme :-)
orunbasaram, profsoýuzam o sesleri diläp almady-ha.
oýun edýäniňizi bilýän. ýöne bu başlangyç indiki ýylam dowam etsin. hemem ses bermäge 17-den köp adam gatnaşsyn.
şu ýerde hemme zady duşundan geçiren Baýram däde ýada düşdi.
şeý diýipdi ol:

94 @Baýram_Bejidow • 11:56, 18.12.2023
Şular ýaly gyşyñ güni Birini atuwa çekipdirler diýýär.
O görgüliden sorapdyrlar, ,,iñ soñky isleg-arzuwyñy aýt, soñ güpür-tapyr atyp dynaly senden..." diýlen.
Ýañky atyljak bolup duran ,, gawun iyesim gelýär" diýipdir.
,,O-how gyşyñ güni gawuny nirden tapaly" diýseler.
,,Howlukýan ýerim ýok..." Diýen bolýar diýýär.

Şoñky ýaly howlukýan ýerim ýok menem işlerimi nesip edenden birýanýüzli edip ses bererindä.

poýez geçdi Baýram däde. indikiňe bekje bol.
umuman saýt hasam aktiwleşsin.
bu saýtyň ýoldaş profsoýuzyň belleýşi ýaly: "...lirik, romantik, platonik, ekzotik, rüýa gibi howasy" bar. bu howany zaýalamanjyk ýyllar boýy dowam etdireliň.
nesip bolsa indiki ýyl parlajak ýyldyzlarymyz kän bolar.
admin hanymada teşekkürler.
bu zatlaň sakasynda gaýrat edýäni üçin.
avatar
1
43 aygull • 22:45, 20.12.2023
Yspasy!
avatar
0
44 Medicall • 22:47, 20.12.2023
Amin, © garagar, hemmeler siz ýaly bolaýsady-da:)))
avatar
0
45 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:47, 20.12.2023
Hany, entek kollektiwi öwreneli, onsoň baha bereli diýdik. Belet bolmasaň çiglik gitmegi mümkin. Ýylboýy gydyrdanyp, dekabrda dem-dynç alyp ýatany bardyr, Kösäniň Bozzumany ýaly ýylyň aýagynda toýnagy gyzany bardyr, her ýagdaý bolup biler.

Deňagramly, deňölçegli, içgin, dykgatly seljeriş üçin wagt talap edilýär, muňa bolsa bu ýyl gijräk galdyk. Baýry işgärlere ynandyk. Dogrudanam, göwnejaý jemlenen ýaly. Özümiň-ä baýrak alşymy irräk hasapladym, ýöne "Il oňlasa atyňy soý" diýýär.

Hormat hatlaryň dizaýnlaryny maslahatlaşyp bilerdim, etmändirin. Birinji gezek üçin şularam erbet däl. Яркость и контрастность özümiz berip, parlak глянцевой kagyzda çykardarys ony.

Umuman, profsoýuzyň diňe kollektiwiň tarapynda bolmalydygyny bilýänsiňiz. Ýolbaşçylygy öwmek bize görä däl. Emma bu çäräniň saýty örän tapawutlandyran başlangyç bolandygyny hakykatyň hatyrasyna aýdan ýagşy. Näçe hysyrdyly bolanam bolsa şoňa aňryýany bilen degendir. Abraýly tutum boldy. Kiçijigem bolsa rezonansy özünden uly bolýan zatlar.

Sag boluň!
avatar
0
46 Ýaran_Ýagmyr_99 • 22:51, 20.12.2023
Sag boluň, peýdamyz degse bolany.
avatar
0
47 Lacrymosa • 22:52, 20.12.2023
o nähili köçe gürrüň-ow, gül ýaly obaň aýallarynyň gürrüňidi. olar ony öýüniň ortarasynda 40 düşekçäň üstünde oturyp, çaý başynda edýärler
avatar
0
48 Мango • 22:55, 20.12.2023
hahsy redaksiýada 40 sany düşekçe bar.
diýäýýäň senem :-)

dillere dessan bolan bolsak bolýa-da şo aslynda.
avatar
0
49 Mekan • 22:55, 20.12.2023
Minnetdar

El açsañ diýip kyn günde goýýañaý, fewrala çenli aýlygam-a ýokdur.
avatar
1
50 Lacrymosa • 22:57, 20.12.2023
Sagja bol, ömrüň uzak bolsun, içi ap-akja garagar!
1-50 51-90
avatar

Старая форма входа
Total users: 202