Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

19:33
Tenden üzülen göwünler
TENDEN ÜZÜLEN GÖWÜNLER

1

Çagajygyň lopuşja aýajygyndan gaçyp galan gyzylja çepejik awtobusyň içinde goňurja bagjygyndan dardan asylan deý sallanyp durdy. Mähnet maşyn çala çaýkansa çaga çepejigi “Gel, eýäm gel” diýip hallan atýardy. Onuň eýesi näler geljek, gelip bilenok. Ejesem manat ýarymlyk çepegi gözläp ýörmez. Çaga aýajygynyň ysyna mydama maýyl burny deşijek çepejik bolsa, hallan atar — çagyrar, boýnuny burup garaşar. Awtobus her duralgada haşşyllap gapysyny açanda “geldi” diýip tisginer. Ol näzikdi. Ol mähribandy. Ol taýsyz bitaýdy. Ol tenden üzülen göwündi.

2

Olar taýly bitaýdylar. Uly supermarketiň ikinji gatyna çykan ýeriňde, çaga aýakgaplary satylýan dükanyň çep ganatynda, her geleniň gözüne iläýjek ýerde bileje durdylar. Olar gyş ädijekleridi. Gaýyşy aňrybaş gaýyş, tikilşi kemsiz, dünýä belli markalaryň biriniň önümi. Ýeňiljek, aşagy çaganyň aýajyklarynyň beýikli-pesli ýerlerine iş edilip laýyklanan, gonçlarynyň daş tarapyna naşyja edilip güljagazlaryň şekili çyzylan — gözüňi aýryp bolanok. Olara gözüň düşenden ýüregiňde näzik duýgular döräberär. Çagalygyňy ýatlaýaň, päkize çaga aýajyklary, dünýede ýelgamak deý ondan-oňa taýçanak bolup oýnan ýyllaryň göz öňüňe gelýär. Bilmedim, her kimde birhilidir, ýöne özüm-ä, bir döwür, günortan işden ýadamda, golaýjakdaky “Çagalar dünýäsi” magazinine giderdim. Onuň oýnawaçlar satylýan bölüminde, keýpine aýlanardym. Çagalygyň ömrüň gülüdigi jedelsiz.

Hakykatdanam dükana giren her alyjy olary eline alyp görýär diýen ýaly. Ýöne her kim olaryň bahasy ýazylan kagyzjyga bakýardy-da, edil köz gysymlan ýaly, derrew yzyna goýaýýardy. Olar gymmatdy. Gapdalda, aşaky tekjelerdäki ädijeklerdir, gonuşly aýakgaplaryň bahasy olaryňky bilen deňeşdireniňde ýarpydy, hatda ondanam arzanlary bardy. Dürli-dürli, käsiniň aşagy gaty, käsi agyr, ýene biri gödensiz. Ýöne ol jübütler özüne çekiji üýtgeşik naşyjady.

- Marka-da. Muny alsaň aňsat-aňsat ýyrtylmaz. Asla-da ýyrtylmazam, könelmezem.

- Ýyrtylmanda näme, ösüp barýan çaga geýse ýeke gyş geýer, soň nätjek?

- Olam dogry. Hawa-laý, arzanyragam bolar. Hany, onda-da, geýip gör.

Oglanjyk ädigiň alynmajagyny bilse-de sag aýagyna geýdi. Hakykatdanam şaplaşyp dur. Oglanyň çep aýagyndaky köwşi ädijegiň owadanlygyndan, özüniň nähili görmeksizdigini duýan ýaly göründi. Onuň ýaňaklarynyň gaýyşy ýygyrt atyp gidene meňzedi. Yogsa, olam özüni her köwüşçe görýärdi. Çykaraweri bahymrak.

Ädijek könelen köwüşden daşaryň täsin ysyny doýa-doýa alybam ýetişmedi. Olar ýene ýalňyz galdylar. Bularyňam beýleki aýakgaplar ýaly bolaslary gelýärdi — bir ýyljyk geýdirýän, soňam gynanman zyňylýan. Aslynda welin, dükandaky ähli çaga köwüşleriniň barsynyň şol ädijeklere gözi gidýärdi. “Wah, menem şolar ýaly gelşikli bolsadym” diýýärdi. Olaryň bolsa, garagol oglanyň aýagynda köçede ylgaslary, diriň-diriň towusaslary, gar depeläsleri, ýagyşa myžžyk bolaslary gelýärdi. Çaganyň aýaklaryny sowukdan-suwdan, daşdan-demirden, tikenden-gyýçak aýnagyýykdan… goraslary gelýärdi. Uzak gün selpäp-selpäp agşam garaňky düşende, oglan uklanda, bir burçda ertire garaşyp duraslary gelýärdi. Eýesi her gün öýden çykjak bolanda olaryň düýnki çaňyny, palçygyny ýumşajyk esgi bilen süpürer. Ýörite ýag bilen ýaglap, ýalpyldatmagam mümkin.

Ana, ýene bir oglan olary geýip görýär. Kakasy alarman, ejesi welin “Bir ýyldan soň zyňjakmy bulary? Ogluň-a kiçi bolar” diýýär. Kakasy näme diýjegini bilenok. Oglanam ädigi öňki ýerinde göwünsiz goýýar. Ädikler: “Garyndaşlaryňyzyň biriniň kiçi ýaşli ogluna beräýiň. Biz gynanmarys” diýýäler. Ýöne ädikleň diline adamlar düşünmeýär… Diňe oglanyň kakasy içinden: “Bäh, gymmadyňam güni kyn eken-äý” diýenini duýman galdy.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/tenden-%C3%BCz%C3%BClen-g%C3%B6w%C3%BCnler-98e7ffd57257
Bölümler: Hekaýalar | Görülen: 104 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 4.8/5
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 11
avatar
1
1 Medicall • 21:08, 02.01.2023
Göwünler üzülmesin, "taýyndan tazykmasyn" diýýärlermi..
Oýlandyryjy ýagdaylar. Hydyr-Ylýas agalaryñ jany sag, ömri uzak, bolsun, döredijiligi
güllesin. Ýetirenñize sagboluñ!
avatar
2
2 Мango • 21:15, 02.01.2023
öň "galamdaşda" okaýdymmykan?
gowy hekaýa.
taýly bitaý bilen taýsyz bitaý - hekaýaň baljagazly ýeri.
taýsyzlyk erbet zat.
Hydyr aga, sag boluň.
okadyp duruň.
avatar
1
3 Hydyr • 21:38, 02.01.2023
Hawa, gaty gadymy zat. Geçen asyrda-da bardy. Onda-da mediumda goýaýdym. Bärik getiripsiňiz, sag boluň. Ýagşy dilegleriňiz, hoş sözleriňiz üçinem taňryýalkasyn.
avatar
1
4 Мango • 21:41, 02.01.2023
mediumam jynlyrak.
kä wagt aňsat girýä.
käwagtam poçtaňy ulanyp gir diýýämi, düşünmeýän dilimde bir topar kynçylyk çykarýar.
şoň üçürip siziň zadyňyzy bärde gaýtalaýandyryn (urugsadynam alypdym), okalmak üçin ýazylan zady okadalyňd-a.
janyňyz sag bolsun.
avatar
2
5 Hydyr • 21:45, 02.01.2023
haha boldugy hawa, boldugydyr, meň kompýuterim hötjetlik bilen şeýdip düzedýär. Aýyplaşmaweriň, mende şu meselede günä ýok.
avatar
1
6 Мango • 21:50, 02.01.2023
öz ýazgyňyzy redaktora girip redaktirläp bolýandyr.
ýazgyň ýokarky sag tarapyndaky simwoljyklaryň üstüne baryň... görersiňiz.
avatar
1
7 Hydyr • 21:55, 02.01.2023
aý men-ä düzedip bilmedim. Izmenit diýýän ýerine-de basdym üýtgeden zady bolmady. Aý, inidkide ünslüräk bolaryn-da
Ýöne gaty gowy, pedaktirläp bolýany. Seň goýan köwüşlije suratyňy menem soňuna goýaýjak boldum, mediumda etdirenok
avatar
0
8 Мango • 22:15, 02.01.2023
ýazgyň ýokardan sag tarapynda "çarhjagaz" simwoljygy barmy?
şoň üstüne kursory eltseň çep tarapynda "galam" suratlyja açylýan liniýajyk çykar. şo "galama" bassaň redaktora geçersiň. düzedip "sohranit" diýýäň. bolmaly öz-ä.
==
hä.. suratam özüm iş edinip montaž etdim.
şo köwüşjik ýeke taý bolmaly gerek?
avatar
0
9 Hydyr • 22:22, 02.01.2023
Hawa, ýeke taý. Montajmyka-da diýdim. Öňler köp bolardy.
avatar
0
10 Kyyas • 14:09, 03.01.2023
Oglanjyk döwrüm ýadyma düşüp gitdi, häzir şol duýgyny çagalarda görýän.
avatar
0
11 Мango • 11:58, 29.11.2023
şu wagt täzeden okap üns berdim welin, şol gymmat ädijeklere "güljagazlaryň şekili çyzylan" eken.
oňa hyrydar bolup geýip görýänlerem oglanjyklar.
osoň sorak çykýa: oglan ädijekleri güljagazly bolarmyka?
güljagaz näme-de bolsa gyzjagaza gelişýär.
oglan ädijekleri betmanly, supermenli... bolaýjak ýaly.
(aslynda ullakan zadam däl welin).
avatar

Старая форма входа
Total users: 203