Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

16:27
Gül ömür

GÜL ÖMÜR

Arada bir sebäp bilen köne zatlarymy döküşdirip oturşyma başlanyp taşlanan gündeligime duş geldim. “Pylan ýere gitdim. Pylany bilen gürleşdim. Howa sowugam bolsa ynha, Gün çykar — türkmeniň gyşydyr-da” diýen ýaly gündeliklerde adaty duşaýýan ýazgylarymy okap oturşyma birden ýüregim jigläp gitdi. Ömrümiň sagatlar, pursatlar, gije-gündizler bilen parça-parça edilen böleklerini kesesinden synlan ýaly boldum.

Endige görä, düýnler-şu günler, ertirler-birigünler bilen ýaşap ýörüs. Bir günem ömrümiz kirpikleriň arasyndan daman damja mysaly damar-da ýere siňip gider. Diňe daşa daman damja manysyz pytrap gidýär. Adamyň ömrüni hem minutlara, sagatlara bölseň, manysyny ýitiren ýaly bolýar. Dirikäň — sil deýin akýan günleriň akymynda akyp barşyňa — ol pursatlara ömürdirem öýtmeýärsiň. Ömür damjasyny bölüp bolmaýandygy barada oýlanmaýarsyň.

Kyrkdan soň kybla çökemde
Şeýtan güldüňmi, güldüňmi?
Ejem galpagym öpende
Ömrüm güldüňmi, güldüňmi?

Ömrüňi tutuşlygyna göz öňüňe getirmek beýle agyr zatdyr öýtmeýärdim. Onuň içinde ýaltalygym, tutanýerli däldigim, ýeňlesligim, gadyryny bilmezligim, hakyky manysyna düşünmezligim… ýaly bir giden aýplarym sebäpli ahmyra öwrülen arzuwlarym bardy. Hatda arzuwyny etmelidirem öýtmedik zatlaryma gynanjym bardy.

Şol pursat goňşy otagdan ýetginjek oglumyň ýaňy ýognap ugran sesi hem gülküsi eşdildi. Bu edýän pikirlerim özümden beter ogluma has zerur ýaly göründi. Ony ýanyma çagyrasym, adama bir käse kofäni öňümize alyp gürleşesim, iç döküşesim geldi. Emma meni nämedir bir zat beýle etmekden saklaýardy. Utançmy, dogry düşünermi-düşünmezmi diýen ikirjinlemelermi — ýaýdandyrýardy. Asylam, türkmen — ogly bolsun, hala aga-inisi — ýüregindäkini diline alyp oturmagy halamaýar. Belki, şondandyr şu ýazgylary ýazyp otyryn welin, ýüregimden oňaýsyzlyk duýgusy gitmeýär. Emma köplenç ýaşkak pikirini etmän, ýaşymyz könelşensoň hem diňe ahmyr etmelidiris öýdýän ömrümiz hakynda gürrüň açmazlyk kyn.

Eýsem, ömür ökünç bilen tamamlanmaly bir zatmyka? “Hawa, ömür şeýle zat eken” diýmegiň ömrüňe hiç many gazandyrmajagy belli. Çynyň bilen “Ýok” diýmegiň welin, ömrüňden many tapmaga, gül ömrüňi, hakykatdanam, her kesiň höwes etjek gülüne öwürmäge peýdasy deger. Sebäbi tapjagyna umytsyz adam gözleýänini, heý, taparmy? Bu ömri bize beren Alla onuň manysyny tapmagy, ýaradylanlaryň iň gymmatlysy — ynsanyň öz ygtyýaryna goýupdyr. Megerem, şonuň üçindir, ömründe many bardyr öýtmeýäniň, ondan many gözlemeýäniň haýwandanam pes derejede görünýäni.

Ömrüňi minutlara, sagatlara, netijesiz pişelere pytratman tutuşlygyna görmäge çalyşmagyň şeýle peýdaly zatdygyny ýaňy sesi ýognap ugran ogluma nädip düşündirsemkäm?! “Durmuşyň özi düşündirer” diýip oňaýsammykam? Ony çagyrdym, kofe-de taýýar.

© Hydyr AMANGELDI

Çeşme: https://medium.com/@h.amangeldi/g%C3%BCl-%C3%B6m%C3%BCr-cc6b6df0d972
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 151 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: Hydyr Amangeldi | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 7
avatar
0
1 aygull • 17:08, 29.03.2024
Gürleşeliň, gürleşeliñ. Aýdylmadyk sözler düwün döredýär. Düwnükmäliň.

Söz başlasyn, söz soňlasyn,
Bir söz diý-de, ýak yşygy!
Aýdylmadyk söz bolmasyn,
Adamzadyň ýalňyşlygy...
avatar
0
2 aygull • 17:13, 29.03.2024
6 ýaşly gyzjagazym daýzasynyň nauşnigini tapyp beripdir-de, "Indi sen meni gowy görýäňmi, daýza?" diýip sorapdyr.
Olam "Howwa, gowy görýän. Özem nauşnigimi tapyp bereniň üçin däl-
de, seniň Zyýadajykdygyň üçin gowy görýän" diýipdir.
Şol sözi gaýtalap ýör, "Meni özüm, Zyýada bolanym üçin gowy görýär, daýzam, nauşnik tapanym üçin däääl" diýip
avatar
0
3 aygull • 17:14, 29.03.2024
Şol söz gaty täsir edipdir. Özüne ynamy artany gözünden görnüp dur
avatar
0
4 Rowaç • 17:41, 29.03.2024
Aslynda, durmuş nä,
manysy näme?
On manysyna
kyn düşünäýme...
-- diýen setirler barmydy, Gurbannazarda? Şol ýada düşdi. Birem Sizif. Haýsydyr bir zady "dolduryp", onuň içine many "dykýas-da", ine, durmuşyň manysy diýýäsmi? Diýmän bilemizokmy? Diýmänimizde darka ýarylyp, ýa gün-günden pyssaryp gidäýermikäk? Sizifiň gaýta-gaýta daşy ýokary togalap çykarmazlykdan başga alajy ýokdumyka? Ol görgüsiýamanyňam bilinde griža döräpdir, soňunda.
avatar
0
5 Ak-sary • 20:11, 29.03.2024
3 -e gözünden görnüp dur. Owadan sözlem
avatar
0
6 sussupessimist • 01:40, 31.03.2024
Hydyr aga, Ylýas aga täze zat ýazanokmyka? Wagt tapyp, saýta girenokmyka?
avatar
0
7 Hydyr • 03:32, 31.03.2024
Aý, parol ýalňyş diýip goýbermän durlar, ýogsa kafe girýän. Hemme ýazgylary okamasamam, okaýanlam bar. Gowy zatlar, ullakan belligimem ýok. Araky ýaryşyňyza-da begendim. Ýeňijileri gutlaýan
avatar

Старая форма входа
Total users: 203