Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:41
Bentler
«ELEGANT ESER» BAÝRAGYNA HÖDÜRLENÝÄR

BENTLER

***
«Didäm» diýdim, gözsüz galdym,
«Bijäm» diýdim, şowsuz boldy.
«Bagtym meniň şol gyz» diýdim,
Bagtly, ýöne şonsuz boldy.

***
Hijran derdi şineledi gursakda,
Hazan ýeli şanalaýar saçymy.
Biz näçeler parasatly bolsak-da,
Bir ýerlerde ýalňyş göçdük göçümi.

***
Bulaşyk pikirden hyň berýär beýnim,
Içimde gaýgyly hiňlenýär biri.
Düýn jynazamy okady bir gyz,
A men bolsa ony diňledim diri.

***
Sagatlar, sekuntlar sensiz sanalar,
Gijeler skutda sessiz aglanar.
Ýaşaýan umytlam bir-bir ýogalar,
Aýralygyň peýzažy bu, ezizim.

Sähet SÄHEDOW
Bölümler: Goşgular | Görülen: 139 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Sähet Sähedow, ELEGANT ESER baýragyna | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 25
avatar
0
1 Gülkamat • 13:44, 19.03.2024
Hiran däl-de hijran derdi bolaýmasyn?!
avatar
0
2 Gülkamat • 13:53, 19.03.2024
"Bulashyk pikirden hyñ berýär beýnim"...

Beýniñ hyñ bermegi üçin bir pikir azlyk edäýmese...
avatar
0
3 Gülkamat • 13:57, 19.03.2024
4/10
avatar
0
4 janjennet • 14:02, 19.03.2024
4/10
avatar
0
5 Mekan2 • 14:41, 19.03.2024
aýram bolsa, duýgulary birräk eken. rifma, ritm, eýle-beýle bar.

1-nji bent. soňky iki setirinden göwnüm suw içmedi. agzy bekli bolany üçin däl, sazlaşmandyr.

göwnüm 2-nji bendiň tutuş özünden suwsamandyr.

3-nji bendi. hmmm (elimiň aýasynyň deňagramlygyny ölçeýän ýaly hereket) aý, bilmedimdä.

4-nji bendiň ýekeje setiri göwnümiň dodagyny ölledi, öliň agzyna pagta bilen suw çalan ýaly.

i togo

5/10
avatar
0
6 Mekan2 • 14:44, 19.03.2024
1-nji bendiň soňky iki setiri "sazlaşmandyr" däl, "baglanyşmandyr" bolmalydy welip, hiç, bulam ýalňyş dä prinsipiý.
avatar
0
7 Мango • 15:49, 19.03.2024
Düýn jynazamy okady bir gyz...
---
bilýäääään, gyzyň (aýalyň) jynaza okamajagyny...
bilýäääään, bu bir deňeşdirmedigini...
onda-da, göz öňüne getirip bilemok-da jynaza:aaa duran gyzy...

---
Gijeler skutda sessiz aglanar...
türkiň ulanýan sükutymyka bu skut?
sükut - geplemezlik, dymmaklyk, sessizlik, тишина...
nämede bolsa sözi maýyp etmek nämä gerek?

---
Aýralygyň peýzažy bu, ezizim...
jäjejik bilen bezejek bolupdyr, ýöne şu ýerde "peýzaž" gelişmedik ýaly...

3/10
avatar
0
8 Pero • 16:31, 19.03.2024
2/10
avatar
0
9 sussupessimist • 16:46, 19.03.2024
"näler" diýen gowy söz barka, "näçeler" diýilmegini halamadym. skuty ilki sekunt bolmalydyr öýdüpdirin.
Başga-da näsazlyklar bar.
3/10
avatar
0
10 Küle • 18:24, 19.03.2024
4/10
avatar
0
11 Hyýalbent • 22:19, 19.03.2024
4/10
Awtora üstünlik
avatar
1
12 Seýrаn • 23:58, 19.03.2024
Üýtgeşil däl-je bentler eken. 3/10
avatar
0
13 aygull • 00:09, 20.03.2024
Beŷt bolanda gutarnykly bolmaly dälmi?! Bularyñ islendigini dowam edip bolyar. Beýt goşgy ŷazandan has kyn. Onda-da, ýürek edip synanyşypdyr. 5-lik.
5/10
avatar
0
14 sussupessimist • 00:21, 20.03.2024
Aygull, beýt däl-de, bent diýýär ahbetin.

teswir 12: wariant: delje dälje bentler
avatar
0
15 aygull • 01:21, 20.03.2024
Beýt däl-de, bent. Izwinýaýus, Gije ýàrymdan soň teswir ýazsaň şeýtan bulaşdyrjak bolup durýan eken-dä.
"Beýt iki setir bolmaly ahyr?" diýsemem, "Ýok, Aýgül.Sen bulaşdyrýaň" diýip ýeň berenok-da.
Ýöne ol diňe "beýtli" ýerinde ýalňyşdyrandyr. Galan aýdanym dogrudyr(hernà).
Gowusy, ertir göreýin...
avatar
0
16 derwushhana • 02:27, 20.03.2024
2/10
avatar
0
17 paragraph • 04:46, 20.03.2024
@aygull 15nji teswire. "Remezanda sheytanlar baglanyp goyulya" diyip okapdym :)
avatar
1
18 Seýrаn • 05:30, 20.03.2024
Beýt iki setirden ybarat bolýar.
avatar
0
19 aygull • 07:48, 20.03.2024
17-nji teswir. Pylan diýip bolmaz
avatar
0
20 Gülkamat • 09:17, 20.03.2024
@aygul, sheytan diydiñ weli bir anekdot yadyma düshdi: öñem biri agyz bekleýärmish. Gaty ajygypdyr. Nahar etsem goñşulam ysyny alar, bilerler d.p ol pikirinden-ä el çekýar. Soñ kellesine bashga bir pikir gelyär: şem ýakyp shonda ýumurtga bishirinmek pikiri. Sheydyär-de yumurtga bishirinip iýýär bende. :) soñam birden wyždany oýanandyr-da: "Hudayjan meni bagyshla, men sheyle-sheyle etdim, şeýtanyñ gepine gitdim" diyse, birden şeýtan peýda bolupdyr-da: "Eý, yalan sozlemesene, şemiñ üstünde yumurtga bişirinmek meñem kelläme gelmejek pikir" diyyärmish. Şoñky ýaly senem ony biderek yere günäkärleyan bolayma :)))))))
avatar
0
21 aygull • 09:43, 20.03.2024
@Gülkamat, sen öz kelläňe gelendir diýjek bolýaňmy, eýsem? Şu çaka çenli hiç zatda günäkär bolmadym men, indem bolmaýan))))
avatar
0
22 Gülkamat • 09:47, 20.03.2024
Aýgül, шутка gyz :))))
avatar
0
23 Rowaç • 10:15, 20.03.2024
Ýaman däl, ýöne birneme işlemeli. Şondan üçrip 5/10.
avatar
0
24 garagar • 15:37, 20.03.2024
4/10
avatar
1
25 Lacrymosa • 18:11, 20.03.2024
taýak gelýänçä ýumruk diýen ýaly
ýa-da hamyr ujundan petir diýen ýaly
garaz, bolýa-da nämä goşgy gelýänçä bent ýa-da ylham gelýänçä bent........8 bal.
avatar

Старая форма входа
Total users: 202