Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

01:35
,,Içim bom-boş zat galmady aýdara"

«ELEGANT ESER» baýragyna hödürlenýär

"IÇIM BOM-BOŞ, ZAT GALMADY AÝDARA"

Içim bom-boş zat galmady aýdara,
Aýyrdym çaň basan goş-golamymy.
Örtenere ýeke sebäp goýmadym,
Daşy gülli bukja salyp ýolladym,
Goşgularymy.

Gowy duýgularmam ýolladym saňa,
Olardan ýaraňa melhem ýasap bor.
Indi meniň dolanjagym gümana,
Küýsän wagtyň kölegämem gerek bor.

Bir-biregiň gadryn bilmedikler biz,
Söýgi bizi neneň eltsin deňine?!
Soň-soňlar-a ähli zady unudyp,
Hiňlener ýöreris ganaty döwlen,
Guşlaň heňine.

...Içim bom-boş zat goýmadym aýdara
Söndürdim kalbymyň uçgunlaryny...
Indem bu ýerlerden gitjek bolýaryn,
Aýryp bilsem janserek ruhymyň
Gurçuklaryny.
Bölümler: Goşgular | Görülen: 210 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: ELEGANT ESER baýragyna, Enemähri Guwandykowa | Рейтинг: 5.0/1
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 23
avatar
0
1 Mekan • 05:43, 05.03.2024
5/10
avatar
0
2 Belki • 05:46, 05.03.2024
Bom-boş türkmen sözümikä? Türkçede kän gabat gelýän.
Ýasap bor - gerek bor - hany kapyýa?
Ganaty döwlen guşlañ heñi gowy ken. Üstünlik!
avatar
0
3 aygull • 07:48, 05.03.2024
3/10
avatar
0
4 Küle • 07:56, 05.03.2024
5/10
avatar
0
5 Seýrаn • 08:23, 05.03.2024
2-ä jogap. Türkler diýýä şeýle. Bom-güýçlendirmek üçin bolansoň, ulanyp goýbermekde aýyp ýok. Barybir bom manysyz söz. Goşguda üýtgeşiklik ýok. 5/10
avatar
-1
6 Lacrymosa • 09:00, 05.03.2024
Häpberekellaa, Häääpberekellaaa, bom-boş diýeni nämä degenok 10 bal!
Türkden alanyň özümiziňkidir!
Türkden alanyň halaldyr.
Pil sap eliňe ilse-de süýräp gaýdybergin türkden bolsa... biziňkidir.
Umumytürki gymmatlyk diý-de alyber arkaýyn
,,Bir saňa goýmandyr Oguzhan" diý!
,,Paramparçalarynam" getirseňizläň şolaň...
owadan aýdylanaý şo sözem
,,Türkden söz alypdyr" diýmeris,,,Bir sözümizi dikeldipdir" diýeris. Haýda, ýegen!
P.S. ýoksa-da Mango daýymy näm etdiňiz, iýdiňizmi???
Şoňam adyny türkden alyp, Manço daýy dakaýyn-la! Betje bolsun-la!
avatar
0
7 Pero • 09:33, 05.03.2024
4/10
avatar
0
8 Belki • 10:33, 05.03.2024
Bu gün benim doğum günüm
kelimeler büyüyor ağzımda
Bildiğim tüm hayatlar
Paaaaa-ram- parçaaaaaaa,
Pa-ram-par-ça :))
avatar
3
9 Rowaç • 10:42, 05.03.2024
Duraweri how, Lacrymosa dogan, duraweri! Beýtseňiz, "bolmazmy garym-gatym?". "Takyrap ýatyr" diý, "gugaryp dur" diý, garaz, diýere zat tapylar. Juda tapmasak, ýene oýlanyşyp görmeli. Baýaky, "bom" bolup, hiç hili many goşmajak bolsa, dilimize goşandy ýok bolsa, näme edeli, özgäniň goşuny (bom-boşuny) goş edip? Siz bir, köpüň öňüne düşýän akylly-başly, okumyş-ýazmyş ynsanlaryň hatarynda, şondan üçrip, oýna salyp-salman aýtsaňyzam, çyna berip-bermän aýtsaňyzam, men ýaly "şodur" diýjekler çykar.
Indi goşgy barada aýtsak, ýamanam däl, ýöne juda bir ýagşam däl. Içindäki iki-ýeke setirler goşgyny "götererden" ejiz gelen oguşýa. Şonuň üçrip, 4/10.
avatar
0
10 LegLek • 13:08, 05.03.2024
5/10
avatar
0
11 Hyýalbent • 14:23, 05.03.2024
5/10
Üstünlik
avatar
0
12 garagar • 14:34, 05.03.2024
4/10
avatar
0
13 Gülkamat • 14:41, 05.03.2024
Al, onda mendenem 10 bal. 10 bal beryän indikide has gowy goshgular ýazar ýaly, öser ýaly, kämilleşer ýaly, iñ esasanam, bäsleşikde ýeñiji bolaryñ ýaly
avatar
3
14 sussupessimist • 14:59, 05.03.2024
Mendenem 4/10.
3 bal berenlerimden gowy, ýöne bom-boşy bom-bolonok.
Türk inilerimiz bizden alsyn sözi)) Alsagam, boş sözleri, boşuňam bombom görnüşine ýapyşmalyň, dos-doly sözlerden ýüklenip gaýdaly.
avatar
0
15 Melike • 22:37, 05.03.2024
7/10
avatar
0
16 Мukam • 09:23, 06.03.2024
Bom-boş köplenç çagalaryñ gürrüñlerinde eşdýän. Türkden gelen söz diýesim gelenok.

Janserek ruhumyñ gurçuklary, ruhyñ gurçuklamasy, onda-da janserek ruh!

Gurçuklamasy jemlemäni pes görkezýär.
avatar
0
17 paragraph • 04:54, 07.03.2024
5/10
avatar
0
18 Pegas • 15:05, 07.03.2024
"Boraň-boş" diýýär öýdýän türkmen)
avatar
0
19 Sylapberdi • 00:35, 09.03.2024
4/10.
Bomboş
Bombo şşş...)
Bir nakyl ýadyma düşdi: dost öýünde dyrnak alma, duşman öýünde saç.
avatar
0
20 janjennet • 22:30, 18.03.2024
4/10
avatar
0
21 Мango • 01:23, 19.03.2024
Içim bom-boş zat galmady aýdara...

1) boşluk bolany üçin aýtmaga zat ýokmy?
2) aýdyp-aýdyp içiňi boşatdyňmy?

"bom-boşyň" daşyna geçipdirler-aý...
biri şeý diýen bolýady:
"gap-gara" orsça nähili aýdylar? "чоп-чорный" -bolar.
onda "sap-sary" nähili bolar? "жоп-жолтый" -bolar. :-)
----
bolmasa, "bom-boşa" "bop-boş" diýmelidir?

hmmmm...
4/10 (artygy bilenem bolar).
avatar
0
22 Medicall • 01:43, 19.03.2024
bos-boş, bom-boş biz owoda "türkle" asla ýokkada ulanýan sözlemizdi diyen bolaýyn-la)
avatar
0
23 Garlawac • 22:47, 01.07.2024
*Guwanowa bolmalydy))
avatar

Старая форма входа
Total users: 202