Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

04:57
Bulutly oýlar

BULUTLY OÝLAR
(Ýüzugra edilen bellikler)


Asmanda täsin bulutlar bar. Aňrynyň işigine meňzeýär. Özem açylan işige. «Gel-de, geçiber» diýýän ýaly.
Ýa aňrydan bärligine geçýärlermikä şu pursat?
Gözüňi süzgekledip seretseň, bir alamatlaryň görnäýmegem mümkin. Ony hökman gözümiziň ýetýän, gurşap alýan çygryndaky kiçijek bir zat hökmünde göz öňüne getirmek hökman däldir…
Biz endik edipdiris, hemme zat göz dürbimiziň tegelegine ýerleşmeli diýip. Belki-de, biziň ýokarymyza garanymyzda görýän ähli zadymyz ümmülmez giňişligiň bir kindiwanja öýjügidir?! Ähtimal, Arşdakynyň oturan kürsüsiniň bir aýagynyň aşak düýbüdir?! Näme üçin şeýle bolmasyn?! Bolup biläýjek zat şu…
Edil häzir şu pikirlere gümra bolup, olary depderime geçirip otyryn welin, pikirimiň okyjysy: «Gündogaryňa bir seret, şu wagt ýöräp barýan welin...» diýip jaň etdi. Men ýap-ýaňy şol şekilleri surata düşürendigimi aýtdym. Penjirämi açyp, ýene bir gezek üýtgeşik buludy surata düşürdim.
Ony bir görsediňiz! Onuň şol Kürsiniň bize görünýän ýeke aýagynyň astyndaky täsin nagyşlaryň bir ülüşjigidigine sizem ynanardyňyz, meger!
Men öz fantaziýamy size dakjak bolýan öýdýän. Beýle bolsa, bagyşlaň, belki, seniň ýokaryňa garamaga wagtyňam, höwesiňem ýokdur. Hökür bolan boýnuň ýerden göterilmeýän bolmagy-da ähtimaldyr. Mümkin, büdremejek bolup, etek alty-ýeň ýedi halda haýdap barýansyň... Çörek almaga barýan bolmagyň hem mümkindir. «Bulutlardan garnyň doýýarmy?» diýip käýinmegiňem ahmal, bir säw bilen bu ýazgymy okasaň. Onda-da aram-aram bak ýokaryňa, gaýrat et! Beýle pursady sypdyrma...
Şu günler-ä ol meniň surata düşürýänimi bilýärmi, nämemi. Her tüýsli bolup görýär... Aňalyp galýan. Agzymam açylýan bolsa gerek. Gözüm bilen birlikde göwnümem doýýar…
Ony äpet bir batbörege meňzetsemmikäm?! Eý-ho, bu bulutlary...
Ýa bu ýylyň iň gysga gününi özboluşly uzaltmak üçin görkezilýän ylahy sahnamyka?
Ýa kakamyň 89 ýaşynyň dolmagyna asmanyň peşgeşimikä?
Ýa kakamyň özümikä?..

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 87 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 4.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 1
avatar
0
1 Мango • 10:24, 14.05.2024
bulutlar awtor kakaň kakasyny ýada salypdyr.
maňa welin bu ýazgy ejemi ýatlatdy.
tomus günleriniň agşamlary, tapçanda asmana garap bulutlary synlamak. bulutlaryň şekilini bir zada meňzetmegi ejem öwrederdi bize. soň-soňlar-a diwaryň suwagyndanam şekil görüp ýören bolduk :-)
aslynda hyýalyňy ösdürmek üçin gowy usul...

Orazmyrat kaka "..ýokaryňa garamaga wagtyňam, höwesiňem ýokdur..." diýýär welin, şo wagta we höwese şerti hem goşmaly ýaly.
şäherleşen ilatda ýuwaş-ýuwaşdan asmana seretmäge şertem ýok bolup barýar.

---
goýlan suratyň asmanynyň gök reňki we nagyş şekilli ak-altyn bulutlary birhili gazagystanyň baýdagyny ýada saldy. bu duýgyny penjiräň agajyna oýulan nagyşlar hasam güýçlendirdi. aňyrsyna bakyp duran dostumyz hem bärsine garasa gözleri çekik çykaýjak ýaly...

---
bulutlary synlamaly. ýöne çeni bilen.
gözümize her zat görnüp durmasyn soň... :-)
avatar

Старая форма входа
Total users: 202