10:48 Ikatýoguň owazy | |
IKATÝOGUŇ OWAZY (Ýüzugra edilen bellikler) Men-ä bir zatlar ýazjak bolaýyn diýen niýet bilen, işe wagtyndan has ir gelýän. Käbir kişi meniň ir gelýänimi görüp, ýolda duşup, gybat etjek, gümür-ýamyr etjek. Şu günem 3-nji etažyň açyk duran penjiresinden Wolodýa gygyrýar: «Gel, iş wagty bolýança çaý içeli» diýip. Işlemelidigimi aýtsam, jaň edip, ýene çagyrýar. Gowy ýigit ol. Wah, ýöne men has gowy görýän adamlarymy öýde galdyryp, işe diýip çykyp gaýdýan ahbetin. Agtygym bilen enesi daşarda gezelenç etmäge çykdylar ir bilen, meselem. Eglenjek bolsam, men şolar bilen eglenmeli ahyry. Olar maňa iň mähriban ynsanlar-a... Irden ikatýok gygyrdy oturdy. Şu wagt şol ýadyma düşýär. Ol edil sagat sekuntlarynyň sesi ýaly bolup, ömrüň hasabynyň urlup durlandygyny ýatladýana meňzeşdi. Hakykatdanam, şeýle bolsa gerek. Ýönelige bolmaýar hiç bir zat. O-da wagtyň çäklidigini ýatlatmaga gelendir, belki. Umuman, ol köp zady ýatladýar. Rowaýata görä, iki sany atyny ýitiren çopan—atbakar ýitiginiň gözleginde guşa öwrülenmişin hem diýýärler. Ine, ýatlatma! Ýitirmejek bolmaly, ýitirseň, soň, «gözlän — tapar» diýselerem, munuň aňsat däldigi hak... Kakam: «Ikatýoguň sesi galýança ekibermelidir, şol ses galýança ekip ýetişen ekiniňden hasyl alyp bilersiň...» diýerdi. Ine, ýatlatma! Ol sesiň ahyry bir gün belli-külli galjaklygyna-da şek-şübhäm ýok. Ony eşitmez derejede boljaklygymam bilýän. Sözüň uly manysynda bu... Şoňa çenli ekeniň-ekeniňdigine düşünýän. Hatda uzak wagtyň dowamynda ýetişjek, miwesini özümiň görjegim-görmejegim gümana bolan «daragtlary» hem ekmelidigime düşünýän. Inşalla, özümem onuň hözirini görerin. Umyd-a edýän... Hä, şol guşuň ýumurtgasyny özgäniň höwürtgesine taşlaýanlygyny hem eşidipdim. Munuň aňrysynda esas barmy-ýokmy, bilmedim. Ýöne bu-da bir ýatlatma ahyry. Belki-de, bu ol guşuň adama berip biljek iň uly sapaklaryndan biridir?! Öz nesliň öňünde uly jogapkärçilik duýmak gerekligi barada beýik ýatlatma bu... ...Şu zatlary ýazyp, sagat 9-a ýakynlansoň, menden bir gat ýokarda oturýan Wolodýany göräýjek bolýan ýaly, ýokaryk — petige seredip, hamana, ol eşidip duran ýaly: «Ine, ir bilen ýanyňa baran bolsam, ikimiziň söhbedimiz, çaý içişligimiz diňe wagt öldürmek bolardy. Bimany söhbetlerden ne peýda? Ine, birden, sen, nesip edip, şu ýazgylarymy okasaň, mümkin, meniň bilen ylalaşarsyň! Ýogsa-da, sen bu gün ikatýoguň sesini eşitmediňmi?» diýip oňa ýüzlendim. Ýokarda petikden başga hiç zat ýok hem bolsa, onuň ýüzünde irden gören başga bir guşumyň sudury peýda boldy. Ol ýaltalyk bilen ganat kakyp gelýän gyrgydy. Ikatýoguň sesiniň sem bolmagyna getiren şoldur, meger. Ýa gyrgy ony kakyp alyp ötägitdimikä? Ümsümlik boldy daş-töwerek. Ikatýoguň owazynyň şu ýazgyma siňen bolmagy hem ahmaldyr. Diň salyp görüň, eşidersiňiz. © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 10 | |
| |