Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

13:11
Hyýalymdaky Şordaga zyýarat

Hyýalymdaky Şordaga zyýarat
(Ýüzugra edilen bellikler)

Bulutlar ýere degäýjek bolýar. Ilerki daga-da dykylyp, ony hem aňyrrak süýşürmäge ymtylýan ýaly. Haý, seniň daga güýjüň çataýsa, näbileýin-dä. Boş howasyň-da... Kakam: «Bulut ýagmaz, buýruk ýagar» diýerdi. Buýruk güýçli bolsa, olaryň daglary düňdermegi hem mümkin. Eýsem, siller olary opuryp, harsaň-harsaň daşlary ommuk küýze ýaly ommaldyp, togarlap alyp gaýtmaýarmy näme?! Dagam bir şol harsaň daşyň has ketderäk görnüşidir-dä. Has güýçlüräk buludyň, has gazaplyrak siliň ýanynda onuň müşgili bolmaz. Edil saman bölekleri ýaly akar gider. «Iliň güýji — siliň güýji» diýip ýönelige aýdylýan däldir-le. Ýöne daglaryň hem ýeri saklap duran myh hökmünde kakylandygy-da aýdylýar mukaddes Kitapda. Ol gowşasa, ýerem elener. Daglara degmäň, bulutlar! Siz güýçlüsiňiz, şübhäm ýok. Gaýtam, olary ýuwuň. Saplansyn. Inçejik jaýryklaryndan siňiň-de, ýüreklerine çenli ýuwuň, arassalaň. Olaryň özem, ýüregem gert baglap gidendir.
Biziň derman hasaplaýan mumyýamyz, belki, olaryň ýürek göz ýaşlarydyr?! Gatap giden, daşa dönen göz ýaş damjalarydyr, ähtimal?! Diýmek, daglaryň derdi — ynsanlar. Şonuň üçin olar gozganman durandyrlar. Olaryň özlerem sähel silkinse, örküni üzüp, uçup bilerdi ýogsam. Aslynda, Ýeriň özem giňişlikde gaýyp ýören äpet dag dälmi näme?! Dagam aýratyn bir planeta ýa-da kometa, asteroid ýaly özbaşdak — peýwagtyna uçup bilerdi ahbetin. Öz daşynda özüne degişli aýratyn gurşawam, bulutlaram bolardy. Belki, ýagan ýagyşlardan üstünde kölçeler, deňizler emele gelerdi. Depesinden syrylyp gaýdýan derýalar dörärdi...
Bulary ýazmagyma iteren zat irden ilerki daga tarap bakmagym, oňa direnip duran bulutlar boldy. Birdenem, men bularyň ol haýbatly daşky dag hakda däl-de, içimdäki dünýä — bulutlar, daglar hakdadygyna göz ýetirdim. Hä diýmän Gün çykar. Bulutlar syrylar. Belki, ol bulutlary ýel kowup äkitmezden öňinçä ýagyş sepelär?! Ýuwlar gert baglan duýgular... Dömüp çykarlar mumyýa ýaly, ähtimal. Kämahal süýr depämden ýa golumdan çykýan düwürtikler şolar bolaýmasyn?! Mumyýa bolsa-ha, ony tüpeňläp almaga meýillilerem tapylar hökman…

***

Aýsbergiň suwuň ýüzünde görünýän bölegi, suwuň astyndaky görünmeýän bölegi bilen deňişdireniňde, juda ujypsyzja zatmyşyn diýýärler. Suw astyndaky, ýagny görer gözden gizlin bölek örän äpetmişin. Meniň hem kagyza geçirip, aňladyp bilýänlerim aýdyp bilmeýänlerimiň göze görnüp duran sähelçe çümmüjek tümmejigi bolsa gerek. Ummanlaryň şor suwuny sykyp ýa susup aýryp bolmajagyna akylym çatýar. Emma içiňdäki — ruhuňdaky suwlary syksaň, sussaň, garaz, aýyrmak başartsa gerek. Şonda süňňüňde aýsberg ýaly süýji suwly duýgy dagy barlygy çyn bolsa, ol hökman görner. Belki-de, şu ýazgylarym julkuldap ýatan şol suwuklyklary aýyrmakdyr?! Ähtimal, olary aýyrýarkam süýji suwly şol buz dagyndan ýap-ýaňy erän suwuklyklaram gatylýandyr bu belliklerime... Ol dagy şeýdip kem-kemden külkeläp çykarmaly bolsa-da, çykarmaga çytraşmaly. Goşawuçlap alyp, bir gyra üýşüriberseň, ýene ol dag bolar-da. Görünmäbilse, görünmesin onsoň ol. Hawa, aýsbergiň suwy süýji bolýar diýýärler, emma içimden susup çykarylýan suwuk aýsbergiň şor gatanjy bardyr hökman. Kän duz iýlendir, galyberse-de, şor gözýaşlaryň hem ýuwdulanu-ýuwlan gezekleri az-küş däldir. Duzlanan sözlerem siňendir süňňümize. Asyl, meniň doglan, önüp-ösen, häzir ýaşap ýören obamyň ady-da Şor ahyry. Olaryň dady duýlaýmaly. Onda-da çykarjak bolmaly. Hiç bolmanda, günde birje saplaw susup almaly. Onam ýuwundy ýaly edip, ýüzugra serpip goýbermeli däl. Toplamaly edil eşrepi ýaly. Bir günden-bir gün eşreti duýlar onuň. Ýelden-günden apalamaly, goramaly. Onsoň ol ahyry bir gün, aýsberg bolmasa-da, ýeriň ýüzündäki ullakan dag ýaly bolup galar hellewläp. Hiç bolmanda, Müsür piramidalary ýaly gümmezekläp, alyslardanam göze kaklyşar. Oňa zyýarata geljeklerem tapylar. Dünýäniň dürli dillerindäki «Nirä barýaň?» diýen sowala şol birmeňzeşräk äheňdäki «Şordaga» diýen jogaplar eşidiler.
...Haýp, ýöne entek-entekler susup çykarýan suwlarym Garagum çölüniň gyzgyn çägesine sepilýän ýaly, siňip gidýär. Bähbit bolsun, ol ýer ahyry syntgylanar, syrçalanar, siňmesi galar, onsoň toplanmak, beýgelmek bilen bolar. Ilki depejik, soň baýyr, soň dag dörär...
Susuber! Üýşüriber. Susup aldygyňça, egsilmäge derek artar içiňdäki gor. Onuň gözbaşy çuňdandyr.

© Orazmyrat MYRADOW
Bölümler: Oýlanmalar | Görülen: 120 | Mowzugy paýlaşan: sussupessimist | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/3
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 2
avatar
0
1 Medicall • 02:49, 14.04.2024
Şunuñ ýaly oýlanmalary okañda paýhasly söhbetdeş tapynan ýaly bolýañ
avatar
0
2 derwushhana • 23:22, 14.04.2024
Tasirli. Gaty gowy yazgar
avatar

Старая форма входа
Total users: 203