20:21 Galam | |
GALAM Galam ussasy täze ýasan galamyny guta salmazdan öňinçä, ony bir gyrada goýupdyr. — Seni ýola salmazdan öňürti, bilmegiň hökman bolan bäş sany zady men saňa aýtmalydyryn — diýip, ol galama ýüzlenipdir. — Şolary sen hemişe ýadyňda sakla, hergiz unutma. Şonda sen iň gowy galamlaryň biri bolmagy başararsyň.Birinji: Sen ençeme beýik işleri gaýyrmagy başararsyň. Ýöne diňe Kimdir birine seni Öz elinde saklamaga rugsat eden ýagdaýyňda şeýle bolar. Ikinji: Sen wagtal-wagtal, agyryly hem bolsa, özüňi ýiteltmeklerine sabyr etmeli bolarsyň. Sebäbi bu seniň iň bir gowy galam bolmagyň üçin hökmandyr. Üçünji: Sen öz goýberen ýalňyşlyklaryňy düzetmäge ukyply bolarsyň. Dördünji: Seniň iň bir möhüm bölegiň elmydama içiňde bolar. Bäşinji: Seni nämäniň ýüzünden ýöretselerem, sen hemişe öz yzyňy goýmalysyň. Ýagdaýyň nähilidigine garamazdan, sen ýazmagyňy dowam etmelisiň. Dürli çeşmelerden toplap, terjime edip taýýarlan: © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |