13:41 Demosfeniň daşy we Kassandra tagmaly garga... | |
ÝÜZUGRA EDILEN BELLIKLER DEMOSFENIŇ DAŞY Öňräk bir gowuja daş tapdym. Ululygy guşuň ýüregi ýalyja — kiçijek. Diňe ululygy däl-de, şekilem şoňa meňzeýär. Nädip emele geldikä diýip haýran galyp oturmaly oýlansaň. Beýleki adaty daşlara meňzeş gögümtil çal ýeri hem bar, ak ýeri has köp. Akdan çal reňke geçýän ýerlerem bar... Öýde oturýan ýerimde ýatanyna bir hepde töweregi boluberendir. Birden şu wagt ony elime alanymda, «Demosfeniň daşy» diýip ýüzlenenimi duýman galypdyryn. Birinji dilime gelen şol söz boldy. Pikirlerimiň peltekliginden saplanmak üçin ony dilimiň üstüne ataýsammykam?! KASSANDRA TAGMALY GARGA... Işe gelenimde eýýäm sagat 08:39-dy. Sebäbi gijräk turdum. Onuňam sebäbi öňkülerden giç ýatdym. Oňa-da Çingiz Aýtmatow sebäp boldy. «Kassandranyň tagmasyny» okamagym onuň hem asyl sebäbi, gije 2-ä çenli eseriň deň ýaryna golaýyny okadym. Soňam oýanyp, uklap, mazaly ýatyp bilmedim. Her hili düýşler... Dünýäniň dürli künjegi... Eserler, kitaplar. Gije 5-iň ýarynda daşary çykdym. Krowatyň üstünde oturyp, ýokaryňa seretseň, bag, onuň aňyrsynda tok wyşkasy, onuň depesinde-de Aý görünýär. Ýyldyzlaram bar, elbetde. Ýörite yzyma girip, telefonymy alyp çykdym-da, bu görnüşi surata düşürdim. Täsin surat boldy. Gyş ukusyna giden şahalar... Gyş diýip, şol pursad-a gyşam däldi. Ýa dolan Aý ýylydýarmyka dünýäni? Ýa meni ýatyrmadyk düýp sebäp dolan Aýmyka?! Ýöne kitabam gowy eken. Dowamynyň nähili okaljagyny-ha bilemok. Düýn-ä okap oturan birnäçe kitabymyň ählisini bir gyra süýşürtdi. Kitap görnüşini tapyp, eliňe alyp okaýsaň ony. Häzir telefonymda okaýan. Bu gün maý bolsa, çynym bilen okasam, ony soňlaryn. Emma gyzykly kitap okaýarkaň onuň tiz soňlanaryny hem isläp baraňok. Dowam edip gidip otursa-da... Aý, ýöne islendik zadyňam ahyry bar-da. Kitabyňam. Gijäniňem. Aýam ony gündizlige öwräýjek boldy öýdýän öten gije-hä. ...Gargalaryňam köpüsi daga gidip, yzyna köwlenmedi öýdýän. Selçeňräk görünýärler şu günler-ä. Ýa hut uçup geçýän uçardan ýadyrgaýýarlarmyka?! Öňküler ýaly köpem-ä uçanok olar. Düşürdim diýýän suratymda gury şahada bir garga-da oturan bolsa, gowy surat bolardy. Öňler ol gijelerine şol bagyň üstünde oturýardy. Soň-soňlar şol ýalňyz garga gürüm-jürüm boldy. Ol barada öň ýazypdym. 200 ýaşasaňam, ahyry bir gün «gürüm-jürüm» bolmaly-da. Baky gelen ýaly, gomalyp ýöreniňden peýda ýok. Bakydyryn öýdýänleriň hem aglabasy, megerem, ene garnyna düşeninden Kassandranyň tagmasy bolup duýlanlardyr. Soň olar dünýä özleriniňkidir öýdüp başlaýarlar. Baky gelendiklerine-de güp ynanýarlar. Özleriniň ýalanlaryna imrinýärler. Soňam bir gün şol gargam ýaly, ýitirim bolýarlar. Ýazan-döreden zatlary hem yzlary bilen gaýyp bolýar. Ýazjagam bolsaň, hiç bolmanda, bir adamy ukyny gyra süýşürip, okamaga mejbur edip biljek, oýlandyrjak zat ýazmaga çytraşmaly. Çyrşamalara aldanmaly däl. Ýöne meniň özüm üçin edil şunuň ýaly çyrşamalar welin gerek. Bu meniň ertirki (irdenki) ruhy maşkym! Bu günki maşkyma dahylly bolanlygy üçin Kassandra tagmaly garga-da menden öýke etmez-dä hernä... © Orazmyrat MYRADOW | |
|
Ähli teswirler: 1 | |
| |