15:50 Ýaşlygyñ ýasy/sonetler çemeni | |
ÝAŞLYGYÑ ÝASY 1 Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn». Ýaşlykda garramak aýypdyr, belki — Düşendir ýüzüme keşbi hem reňki, Şüdügär topragy köp gezdim basyp. «Juda ir düşüpdir maňlaýňa gasyn». Çagalykda teşne janym ýakypdym, Gojalaryň ellerne suw akytdym, Deregne pent aldym susaklap susup. Geçen günlerimiň okap tepbedin, Men bu gün tutsamam ýaşlygmyň ýasyn, Ýüzümem, ýüregmem bolmaz gap-gaty. Düşse-de, ýüzüme, goý, düşsün ýygyrt. Ýüz ýüň mata däldir ýamap ýelmäre, Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk». 2 Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk», Adamlaň içinde azmy şeýlesi?! Ýaş bolmaga arza berip meýletin, Melguna ýüz tutýar bir goja ýortup. Sapak alyp, al salmaga çalyşýar, Isleýär ikinji ýaşlygy, belki. Indiki ömründe bolar ol kimsi, Adam gümanyna özi bulaşýar. «Uçýan» diýýär, kerte tarap uçýandyr, Gaz ýöreýşin etseň, satan çat açar. Garynjalar azsa, ganat açýandyr. Bir uçsaň gonjagyň juda gümürtik, Ýaşlyk gelmez ganat bilen, per bilen. Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp. 3 Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp, Düýnüm şonuň ýaly, galdy zibilde. Ýatlamadan peýda ýok, indi bildim, Bat berip, sesiňe bogazyň gyrsaň. «Alnan haryt gaýtarlanok yzyna». Oglumyň arlygnyň ýüzünde gördüm. Bir daýza alakjap güýzünde ömrüň, Deňleşmekçi dars ýasaýan gyzyna. Ýaby galsa guýrugyndan, ýalyndan, Göwher dak, boýag çal, meňzemez ata. Arzan bolar çyn bedewiň nalyndan. Gozgamak nä derkar ýürek ýarasyn?! Ýyrtyk surat keýpe sogan dograýar, Islän külbedreden alyp garasyn. 4 Islän külbedreden alyp garasyn, Nepi degmez ýöne ertämiz üçin. Eneden aýrylyp entände güjük, Emme ýok, oňmaly ýalap ýarasyn. Ýetime ýer bermez dört sany ýeňňe, Iki güni ýer tapsa-da keçeden. Gowudyr, ähtimal, mundan geçenem, Köpekligem heniz öňdedir, emma Derrew seň boýnuňa salynar zynjyr, Hojaýnyň, güjügiň gulusyň onsoň. Üstüňe jöw-jöwlär gürjüdir ganjyk. Ömür gara geçiň hamydyr gatan, Ýatsaň, tursaň, saňa garasy, ýogsam — Bir tarapy gara, bir tarapy ak. 5 Bir tarapy gara, bir tarapy ak, Durmuş meňzeş çal başly bir gassaba. Läş göwräni aýagyndan asýar ol, Etmişli, etmişsiz, tapawudy ýok. Nesimini, nepisligi bilenok, Derkar oňa diňe sugry bagana. Dogulmaga oýun, aşyk… bahana, Ýöne muňa oýnamaga gelen ýok. Ölmäge gelinýär, bu dünýe pany, Tütjaram, neçjaram ölmeli ahyr. Jany satyn alan bir kimse barmy?! Jan alan weli bar, döküp al gany, Garramak ne ýagşy gar düşüp saça. Olar geçen gije-gündizlem ýaly. 6 Olar geçen gije-gündizlem ýaly, Ynha, ýene bir gün — bir gyl agarýar. Agarýar-da, soňra tänýär — azalýar, Oň bilen deň damýar gözlemmiň ýagy. Ýüze gasyn düşen garrylyk gözel, Sugry bagana dek başda bolandan. Garry goýun köp ýalbardy bogazka: «Dogulmawer sugry bolup, jan guzym!» Gözellik dünýäni edýärmi halas Ýa-da dünýä gelip bolýarmy pida?! Çözmeklik siz bilen, mesele, hana… Pytransoň aýrylyp sünbülden däne, Siňer ene ýere, birigmez gaýta. Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli. 7 Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli, Emma ertekide galan Akpamyk Golaýna-da barmaz süýtli Akmaýaň, Janam berip bolmaz ölene — gäbe. Bir girilen derýa ikinji ýola Giren heniz ýokdur, bolmaz indi hem. Siliň garşysyna, aýdyň, kim ýüzen?! Diri çykanam ýok inip girdaba. Düýbünden peýdasyz dirilik suwy. Ýaşlyk dolanmaýar a:l-pirim bilen, Bugaryp, ho-ol göge gidensoň bugy. Gojalygam geçýär, görden çykan ýok, Açyp berselerem o dünýä işik, Emma bundan düýne bir-de gapy ýok. 8 Emma bundan düýne bir-de gapy ýok, Düýn haýsy, bu gün nä, olam gümürtik. Ölüp dynýasmy biz gözel ömürden Ýa çykýasmy görden, çatmaz akylym?! Durmuş bizi kem-kem süýşürýär gyra, Bu ömürden düýnem galmaz, erte-de. (Ertiriňem birigüni bar, elbetde, Galaryn ýazaýsam sygman çygyra). Çünki Ýer üstünde gezip bir pursat, Gör, näçe döwürler bolýas astynda?! Döwlen sagat ýaly sem bolýar gursak… Soň bir döwür okar açyp ýar haty, Ýöne ýaşlyk bukja däldir açara. Girseň hemişelik ýapylýar gapy. 9 Girseň hemişelik ýapylýar gapy, Gussa düşegi hem ejir ýassygy Bärde galýar, gojalygam, ýaşlygam, Onda gum ýassanyp ýatylýar baky. Ömür, şöhrat ýaly, injikden däl-de, Soňlanýar müddetiň dolansoň bir gün. Öňüň tüm, yzyňa garasaň, görgi, Tümlük, ýagtylygyň sebäbi pälde. Eltýär ýola däl-de, göre bu ýoda, Düýn ýaşlygyň soňky tostun göterdim, Ýyrtyk suratym dek döwüldi bada. Perwana men, dört gün ygamsoň ýele, Gül diýip gonanym dowzah ýalyny. Uçmahyň açarny isleýäs ýene. 10 Uçmahyň açarny isleýäs ýene, Bäşinji gün öýlän bolaýýar gijräk. Guşlukda başymyz aýlaýar hijran, Melgun gözel bolup özün beslese. Ham hem süňküň arasyndan ýer tapan Şeýtandan gorasa, goý, düşsün gasyn. Güldürip gözlerin, açyp ýakasyn, Onuň şägirtleri derrew şer tapar. Serpende ýüzünden syrly perdesin, Gara äýnek bilen goranmaýyn men. Goý, çürkese, gasyn meni çürkesin. Gözler kösemesin ýylan deý çakyp. Dogry, terk etmek kyn bu dünýäň keýpin, Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky. 11 Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky, Altyndan dişlerem bir gün poslaýar. Wagtyň serhetinden çykyp kosmonawt, Garraman galanok ýaşlykda baky. Älemde, Zeminde ýokdur, agtarma, Baky ýaşlyk asla syganok kellä. Gidýäň, bir gün ýene bu dünýä gelýäň, Ýaş sen, salam berýäň goja agtygňa?! Goý, gowsy ýatlasyn ogul-gyzlaryň. Syýahatçy üçin has täsin häzir Dinozawryň özi däl-de, yzlary. Bärde galýar ýaşlyk, baýlygam, mülkem, Goýup bilseň, daşda yzyň goýmaly. Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin. 12 Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin, Ýaşlyga howlugan çagalyk hany?! Kiçjik şytyr kelle suratda galdy. Ýylçyr gojalygam bolar, ynha, düýn. Ýüze gasyn düşer, saçyňam düşer, Ösmez ýaly syrar ýyllaň päkisi. (Köşgi bezän bilbilgöýäň käkili, Peri bir garyba bolupdyr düşek). Girseň penjiresiz, tutusyz jaýa, Eşitmersiň bilbilgöýäň owazyn. Yzyňda ýaňlanar tutuk jynaza. Almagam gerek däl ýoluňa azyk, Ikibaka ylgamagam suw diýip. Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy. 13 Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy, Çölde gül gögerse, köp-dä, ah, tirjek. Gutulma ýok gaçyp, bolup hatyrjem, Ölüm ölüm bolar, bilmez perýady. «Wagtyndan ir…» diýen ýalňyş jümläni Gaýtalaýas köplenç ýerliksiz ýere. Dogulmak babatda dogrudyr, meger, Tüýs wagtydyr gitseň goýup dünýäni. Ajala alaç ýok, dolsa sanalgaň. Gül bolup küýzede ýaşajak bolmak, Ummanda ýapyşmak ýaly samandan. Solmaz diýselerem çyn gülüň reňki, Düýnki gunça birigün zibile düşer. Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki. 14 Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki, Gümana görjegim ýene gök asman. Gabagym oň öňün örter-de, ahmal, Irden gök reňkine boýalar meňzim. Indiki demimi aljagym güman, Olaryň her biri öňden hasaply. Gaýtalaýan adyň, gora azapdan, Bereweri Özüň, Alla jan, iman. Aýdylýan sözlerden ýa aýna garap, Düşünýän ýaşlygyň geçýänne magat. Çünki käte ýara bilemok ýarap. Şübhesiz, geçmeli ömrüňem basym. Hakykat ýüzüňe aýdylsa ýagşy, Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn…». Magistral Köp diýýärler maňa: «Maňlaýyň gasyn». Diýilmese bolýar: «Äý, ýüzi ýyrtyk». Zyňdym düýnki düşen suratym ýyrtyp, Islän külbederden alyp garasyn. Bir tarapy gara, bir tarapy ak, Olar geçen gije-gündizlem ýaly. Çöpläp dikeltjek bor üm bilmez däli, Emma bundan düýne bir-de gapy ýok. Girseň hemişelik ýapylýar gapy, Uçmahyň açarny isleýäs ýene, Ýöne herki zadyň bar ahyr çaky. Geçen düýş, geljegem şeýledir, mümkin, Salgym — salgym bolýar, ýok öňi-ardy. Düýnem däl, ertir däl, şu günüm meňki. Orazmyrat MYRADOW. | |
|
Ähli teswirler: 5 | |
| |