Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

03:13
Aýdaý, näme uçin?!
AÝDAÝ, NÄME ÜÇIN?

Eý, gardaş, belki-de, sen meni tanaýan hem dälsiň, emma şu ýazgyny okap, meniň hut özüňe ýüzlenýändigimi duýansyň... Sebäbi men hem seniň hut şu pursatdaky halyňda bolup gördüm. Çünki biziň hemmämiz hem adam. Hany, aýt bakaly, hut şu pursat sen näme üçin bikär otyrsyň? Aýdaý, näme üçin? Seniň berjek jogabyňy özüňden özge eşitjek ýok. Sen bu ýazgyny hem häliden bäri nämä güýmenjegiňi bilmän, gazetden krossword gözläp, eýlesine-beýlesine garanyňdan soň, ýokarky sözbaşyny görüp, köne aýdym ýadyňa düşenligi sebäpli, okap başlan bolsaň, gerek. Eger-de sen şu nokada çenli gelýänçäň okap, bu ýazgynyň özüňe dahylly däldigine göz ýetiren bolsaň, onda mundan artyk okap wagt ýitirme-de, bähbitli işiň bilen bol.
Dogryňy aýt, ir bilen awtobusa garaşmaga kararyň ýetmän, duralgadan biraz daşlaşyp, taksi tutjak bolup duran sendiň gerek!? Sebäbi şeýle etmeseň, işden gijä galjaksyň. Gijäniň bir wagtyna çenli söýgi hakdaky filmi görüp, ukudan galyp otyrkaň, näme üçin sen wagtynda turup bilmän, ýatyp galaýmagyň mümkinligi hakda pikir etmediň? Aýdaý, näme üçin?
Özüňe çekdiňmi? Göwün etme! Hut özüm şeýle ýagdaýlary başymdan geçirip görenim üçin, soňundan bolsa hut özüme şeýle sözler bilen igenýänligim — igämi sürtýänligim üçin aýdýaryn.
Şu maglumata bir pursat üns beriň! Ömrümiziň dowamynda ortaça:
Uka — 27 ýyl sarp edýäris.
Işleýän wagtymyz 10,5 ýyl.
8.5 ýyl ýolda bolýarys.
7.6 ýyl telewizor görýäris (käbir ýurtlarda 19,5 ýyl).
5.5 ýyl nahar iýýäris.
2,8 ýyl syrkaw bolýarys.
2,3 ýyl (kitap) okaýarys.
2.6 ýyl mekdebe gidýäris.
1.5 ýyl bedenimize timar berýäris.
1.5 ýyl hiç zat edemzok.
Ony okanymdan soň bu babatda meniň öz-özüme berýän sowallarym köpeldi: «Näme üçin seniň uka berýän wagtyň işleýän wagtyňdan köp bolmaly? Aýdaý, näme üçin? Hiç bol- manda, bu meselede tereziniň iki tarapyny deňläp bir bolaýsady... Näme üçin seniň nahar iýmäge sarp edýän wagtyň ruhy iýmite — kitap okamaga sarp edýän wagtyňdan iki esseden hem artyk? Aýdaý, näme üçin? Iň bolmanda, hiç zat edilmän geçirilýän 1,5 ýyly kitap okamaga sarp edäýseň bolmaýarmy? Bikär oturmakdan, wagtyňy bihuda geçirmekden ne peýda?! «Müň bimardan bir timar» diýipdirler, bolmanda, timarlanmaga berýän pursadyňy artdyrsaň hem boljak ahbetin! Ol müddeti bir bähbitli işe gönükdirseň-ä, gör, ne ajap bolardy!» Isleseň, gardaş, sen-de bulary hut özüňe beren sowallaryň hökmünde kabul et!
Sowal bermek aňsat-la, oňa jogap bermekde, şol jogabyň yzynda durmakda iş bar. Onuň üçin gaýrat gerek. Hereket etmeseň, işlemeseň, kelläňde dörän ajaýyp pikirden hiç hili bähbit bolmajaklygyny akyldarlar ündäpdirler. Tomas Edison islendik bir üstünligiň diňe 1-2 göteriminiň zehine, 100-lügüň galan böleginiň bolsa zähmete — der dökmäge baglydygyny nygtapdyr. Kitaplarda okan, durmuşda-da göz ýetiren ýene bir hakykatymy öz sözlerim bilen beýan etmäge çalşaýyn: Bikär kişiler diňe bikär adamlaryň ýanyna barýandyrlar, şonuň ýanynda eglenýändirler. Garabaşyna gaý bolup işläp oturan adamyň ýanynda bikär kişiniň uzak eglenip mazasy bolmaz. Könekileriň aýdan şygar edinäýmeli ýene bir sözi bar: «Gaýnaýan gazana siňek üýşmez».
«Ýatana berseň, maňa ber!» diýip, çäşerip ýatsaň-a, hiç zadyň hem berilmejekligini durmuş müňlerçe ýola subut edip, bu baradaky hakykat tymsala öwrülip gidipdir:
Bir adam tokaýda gezelenç edip ýörkä, bir agsak tilkä sataşypdyr. Şeýle ýagdaýda-da onuň nädip ölmän ýörenligine geň galyp, tilkä ymykly syn etmegi ýüregine düwüpdir. Basym ol agzyna ullakan lukma et alyp, sümme tokaýdan çykyp gelýän ýolbarsy görüpdir. Ýolbars etden biraz bölegini iýipdir-de, galanyny tilkä goýupdyr.
Bu ýagdaýy synlap duran adam geň galypdyr we «özümi şol tilki ýaly alyp barsam, Ýaradan onuň ryskyny ýetirişi ýaly, meniňem ryskymy berer» diýen netijä gelipdir. Ol aşak oturypdyr-da, garaşmaga başlapdyr. Esli wagt geçipdir, emma üýtgän zat bolmandyr. Adam barha tapdan düşüp, gözi garaňkyrap başlapdyr. Ahyry halys ysgyndan gaçyp, ýerinden galyp bilmez ýaly hala ýeteninde, bir owaz eşidilipdir: «Sen agsak tilki däl-de, güýçli ýolbars boljak bol. Şonda özüňem hor bolmarsyň, özgelerem hor etmersiň».
«Islemek» sözi bilen «Işlemek» sözüniň ýazylyşyndaky meňzeşlik hemişe meniň ünsümi çekýärdi. Bir tapawut — bu sözleriň ikinji harpyndaky çyzyjak. Şonsuz islegiň hasyl bolmajaklygy aýan. Bu meňzeşlik hem bu tapawut islegiň hasyl bolmagy üçin işlemegiň zerurdygyny ýaňzydýan ýaly bolup dur meniň göwnüme.
Ýazgynyň şu ýerine ýetip, esli wagt böwrümi diňläp oturdym. Içimden bir seda ýaňlanan ýaly boldy: «Ýeri, bu aýdan zatlaryma özüm beri eýermegi başarýanmy? Näme beýle ham-hyýal bolup otyrsyň? Aýdaý, näme üçin?»

© Orazmyrat MYRADOW
Görülen: 86 | Mowzugy paýlaşan: Medicall | Teg: Orazmyrat Myradow | Рейтинг: 5.0/2
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 0
avatar

Старая форма входа
Total users: 203