Terjime Hyzmatlary:

ses.terjime@gmail.com

telefon: +99363343929

EDEBIÝAT KAFESINDE
Durmuş adaty bolardan has süýji, Men howa şarynda uçup barýaryn
© AÝGÜL BAÝADOWA
EDEBIÝAT KAFESINDE
Häzir size hakykat barada Bir erteki aýdyp berjek, diňlemäň...
© SEÝRAN OTUZOW
EDEBIÝAT KAFESINDE
Azajyk ýazylan zatlary okamagy halaýan. Sebäbi gysga zada başlaýaň we tamamlaýaň
© MANGO
EDEBIÝAT KAFESINDE
He-eý guşlar Siz ýöne-möne däl, Ýedi gat ýeriñ Hut teýinden - kapasa bedenden Çykan guşsuñyz. U-ç-u-u-u-ñ!!!!!
© MEŇLI AŞYROWA
Meniň ölmezligim şundan ybarat!
© MERDAN BAÝAT
EDEBIÝAT KAFESINDE

14:01
Butana gidýäs!

BUTANA GIDÝÄS!


Dalaý Lamanyň ynanjy bolan buddizm ynançly Butana suratly gezelenç edelimi? Onda gitdik, öňümizde tigirlenen kökejik, yzynda men, ýanymda siz.

Butan – Hytaý bilen Hindistanyň aralygynda gysylyp oturan buddistik döwlet. Ýurda Monarh howandarlyk edýär.


Butanlylar don geýmegi halaýalar, saçlaryny päki bilen syrýarlar.
Ok atmagy, mergenlikde ýaryşmagy halaýarlar. Monarh öz halkynyň däp-dessurlary barada alada edýär. Elbetde, däbe görä bu ala dony geýmänem bilersiň, zorluk ýok, ýöne..... (geýeniň gowy).

Bu ýurtda telewizorda görkezmäge zat bolmansoň - eýýäm näçe ýyl bäri, telewideniýe diýlen zat GADAGAN! (Bellik: häzir bu gadaganlyk aýrylan bolmagam ahmal.)

Bu ýurtda ýere taşlanan çilim görmersiňiz – çilim çekmek GADAGAN!

Buddizmden başga ähli dinler hem GADAGAN!


Monarh köçedäki ýazgylar we tabliçkalar barada hem alada edýär.
Hemme ýazgylar hemme ýerde gök fonda ak harplar bilen ýazylýar.


Butanlylar howandarlary Monarhyň buýrugy bilen öýlerini owadan nagyşlar bilen bezeýärler. Edil mamam janyň çäýnekli-süýjili şkafy ýaly.
Jaý bezemek işi arzan däl. Hemem olar ýaryşýalar - kimiň jaýy bet bezelen diýip.
Ähli jaýlary, döwlet edara jaýlaryny, aeroporty, dükanlary.... umuman jaý bolsa, şony eli bilen nagyş çekip bezeýärler.


Rowaýada görä, 500 ýyl ozal bir ýagşyzada öz .... zady bilen arwah-jynlary göreşip ýeňmegi başaranmyş. Şo sebäpli (esasan oba ýerlerinde) käbir jaýlarda (köp jaýlarda) o rowaýaty ýatladýan surat çekmekden utanmaýarlar.


Gözden-dilden goraýar diýip her oba öýleriniň girelgelerinde bu surat bar.

Şäher ýerlerinde bu suraty esasy köçelerde dälde, çet ýerlerdäki sowarak geçelgerdäki jaýlaryň girelgelerinde çekýäler. Nämede bolsa, şäherliler obalylara görä utanjaňrak bolýalar.


Bu-da oba öýleriniň biri. Mamamyzyň nagyşlyja gyzyl şkafyny tanadyňyzmy? Üç gözlije tahyly (çekeri) hem bar. Bularam stena degiş-degiş edip surat asmagy halaýalar. Hindi artisti öýdän ol stenadaky gyz.


Biziň däbimize görä - jaý körpäňki, bularyň däbine görä - jaý uly gyzynyňky. Oglanlar jaýy özleri gurmaly.


Dynç günleri, marylylaň bazar güni Butanly monahlar monastyrlaryndan çykyp, şäherde, bazarda wagt geçirýäler. Eger, monastyrda ýaşap bizar boldum diýýän dönükler tapylaýsa, olar monastyra 200 $ (olar üçin kän pul) töleýärler we monastyrdan çykyp adaty durmaşa geçýäler.


Butanlylar ölensoň ony ýakýalar, külüni ak toýun bilen bile ýugurýalar we suratdaky ýaly forma ýasaýalar. Onam ak ýa-da altyn reňk bilen boýaýalar we dagyň gaýalarynda goýýalar.


Butanlylar öz jaýlarynyň depesinden ak mata (baýdak) asyp goýýalar. Hemme zat gowy bolar ýaly. Şondan bärem Butanda hemme zat gowy.

Artemiý Lebedewiň syýahatyny (2011) täzeden gürrüň beren: © MANGO

Çeşme: tema.ru
Suratlar: Artemiý Lebedewiňki, käbirleri internetden.
Bölümler: Ýol ýazgylary | Görülen: 150 | Mowzugy paýlaşan: Мango | Teg: mango | Рейтинг: 5.0/4
Похожие материалы

Awtoryň başga makalalary

Ähli teswirler: 12
avatar
2
1 Bagabat • 15:20, 01.02.2023
Oglanjyk kakasyndan soraýar:
-Kaka butan näme?
-Gaz,-diýip himiýadan gowy başy çykýan kakasy sagynman jogap berýär.
-Bilmediň. Ýurt.-diýip oglanjyk ýyrşarýar.
avatar
1
2 Bagabat • 15:20, 01.02.2023
Zäherli gaz bolan butanyň formulasy - C₄H₁₀.
avatar
1
3 Bagabat • 15:22, 01.02.2023
Butanly dermanhana girýär-de, penjirejige kellesini uzadýar:
-Baş üstüne, aýdyberiň, size nähili derman gerek?-diýip melhemçi soraýar.
-Özüňe goýanyňdan beräýsene,-diýip ýylçyryny sypalan butanly haýyş edýär.
avatar
1
4 Bagabat • 15:25, 01.02.2023
Butanly aýna seredip, ýylçyryny sypalap durşuna iňkise gidýär:
"Bih... bü şytyryň rožasy ýaman tanyş welin, men ony nirde gördümkäm-ä?".
Birdenem oň ýadyna düşýär:
-Wiý! Hä-ä! Dellekhanada-how!-diýip ol begenjini daşyna çykaranyny duýman galýar.
avatar
1
5 Bagabat • 15:29, 01.02.2023
Biri Butana syýahata gidip gelýär-de, dosty bilen gabatlaşýar.
-Ýeri nähili eken?-diýip dosty gyzyklanýar.
Jahankeşde ýüzüni sortduryp durşuna dostunyň şyr-takyr lowurdap duran kellesine äňedýär-de, hüňürdeýär:
-Äý... nirä seretseň ine şü saňa meňzeş s...den dolup dur-laý...
Sebäpsiz ýerden göwnüne deglen dostam gep alyp galmaýar. Syýahatçyň lopbuş ýüzüne ümleýär-de, diýýär:
-Esasy zat saňa meňzeş g...den dolup durmasa bolýa-da.
avatar
0
6 Bagabat • 15:38, 01.02.2023
Butanda jaýlaryň nomerleri ýazylmaýar-da, surat edilip çekilýär...
...
avatar
2
7 Мango • 15:48, 01.02.2023
Ýok, Butanda jaýlaryň nomeri ýazylýar, ýöne dagdan agajy, ýüzärlik ýa-da alaja asylanok.
göz degmeden başgarak goranýalar.
bizde garagol okuwçylar mekdep haýatyny butanlylar ýaly bezäp, öz mekdeplerini gözden-dilden goraýarlar.
şoň üçin mekdeplerimize göz degenok.
avatar
0
8 Bagabat • 16:32, 01.02.2023
Yslamdan öňki Gök Deňriçilik dininde her bir emlägiňem, jansyz zadyňam öz eýesi, öz nesibesi, ýazgydy, bagty, ryzky bar diýlip hasap edilipdir. Olaryň hemmesi "gut" ýa-da "eýe" (hoja) diýlip atlandyrylypdyr.
Gök Taňry dininiň ynançlaryna görä, eger-de öz zadyň, öýüň, sallançagyň, çemçäň, gazan-ukajyň, eýeriň, keçäň, atyň, nalyň, pyçagyň, iňňäň, saçdaragyň, ýüňdaragyň, kilimiň, setiliň, gowaň... umuman her bir zadyň özüňe uzak wagtlap gowy hyzmat etmegini hem-de şol zadyň özüňe betbagtlyk ýa-da başga bir ýaramazlyk dartyjy zada öwrülmezligi üçin şol zadyň gutunyň (eýesiniň) senden hemişe razy bolmagyny üpjün etmeli ekeni.
Munuň üçin:
1.Şol zadyňy harlaman, ätiýaçly saklamaly, tygşytly ulanmaly;
2.Şol zadyňy ýaman işler etmek üçin ulanmaly däl. Mysal üçin odun çapmaga niýetlenen palta bilen nähak gana galmaly däl;
3.Şol zadyňy dürli nagyşlar, gorag nyşanlary bilen başardygyňdan bezemeli;
4.Şol zadyňy harsal saklajak, har edip ulanjak adama bermeli däl;
5.Şol zadyňy çalşanyňda ýa-da satanyňda oňa kembaha garamaly däl we ony ýagşy dilegler bilen ugratmaly (bermeli, çalyşmaly);
6.Şol zadyňy her gezek ulananyňdan soň oňa tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirmeli ýa-da oňa ýagşy sözleri diýmeli ("Gowa gowy diýmeseň göwni galarmyş" diýen nakyly ýadymyza salalyň);
7.Eger-de şol zat döwülse ony bejermek mümkin bolsa hökman bejerip, täzeden ulanmaly, isrip etmeli däl. Eger-de bejermek mümkin bolmasa-da ol zadyň böleklerini başga bir zatlary ýasamaga ýa-da abatlamaga ýaramly bolsa hökman ulanmaly.
Gadymy türkleriň ynanjyna görä eger-de emläkler babatda şu düzgünler berjaý edilmese, onda ol emlägiň guty (eýesi, hojasy) aklyndan azaşyp, "küýe" (arwaha, jyna, albassa) öwrülýärmiş. Soňam ilki bilen-ä özüni har eden öňki hojaýynyna, soňam gabat gelen adamsyna görüner-görünmez zeper ýetirmäge başlaýarmyş, olara gije-gündiz gargap, ýamanlyk dileýärmiş.
Gadymy Gök Deňriçilik dinine uýan türklerde has ajaýyp häsiýetli zatlara ynsan ady dakylyp, olar edil naýbaşy, abraýly adamlar bilen deň derejede görlüpdir. Mysal üçin: at-awazaly gylyçlar, naýzalar, ýaýlar, çekiçler, halylar, öýler, surnaýlar, depler, ädikler we ş.m.
avatar
0
9 Bagabat • 16:38, 01.02.2023
Alaja bolsa eýýäm Gök Taňryçylyk dininde däl-de, ondan soňrak dörän Zaratuştranyň otparazçylyk dininiň ynançlarynyň hataryna girýär. Alaja, ondaky gara we ak sapaklaryň çilşirilip gelmegi owalbaşda otparazçylyk dininde Ýagtylygyň hem Ýagşylygyň Hudaýy Ahura-Mazdanyň (Ormuzdyň), Tümlügiň hem Ýamanlygyň Hudaýy Ahura-Man (Ahriman, Ahrumanýu) bilen ebedi dowam edýän söweşini aňladypdyr. Otparazlaryň mubadlary (ruhanylary) ilki-ilkiler şonuň ýaly alajalary tesbi deregine göteripdirler. Uzagyndanam şeýle alajalar halk köpçüliginiň arasynda gözden-dilden goraýan tumar hökmünde ulanylyp ugrapdyr.
avatar
0
10 Bagabat • 16:41, 01.02.2023
Öýlerden çakyr süňk, dagdan asylmagy gadymy Gök Deňri dininiň ynançlarynyň hataryna girýär.
Aslynda gadymy döwürlerde dagdan (adyş) agajy iň bir özünde ýagşylygy (gowy, položitel energiýany) uzak hem köp saklaýan agaç hökmünde ykrar edilipdir. Belli belli döwürlerde adyş (dagdan) agajyna "Taňry taýagy" hem diýlipdir. Sebäbi Gök Deňriçilik ynanjyna görä Gök Taňrynyň hasasam adyş agajyndan ekeni.
avatar
0
11 Bagabat • 16:51, 01.02.2023
Aslynda öýleriň girelgesinden, diwarlardan, derwezelerden çakyr süňküň, mal aýagynyň, keýik şahynyň we beýleki buýnuzlaryň asylmagynyň köklerini has irki döwürlerden, ýagny adamlaryň ilkidurmuş jemgyýetçilik gurluşy döwründe, gowaklarda we emeli jaýlarda ýaşamaga başlan zamanalardan gözlemeli diýlip hasaplanylýar. Sebäbi şol eýýamlarda çatmaň ýa-da gowagyň agzyndan şeýle süňkleriň asylmagy birnäçe maksada gulluk eden bolmaly:
1.Öýüň eýesi bolana awçynyň şowlulygyny, gaýratyny, başarjaňlygyny görkezmek;
2.Animizmden, ýagny aýry-aýry haýwanlary özleriniň totemi (ruhlar dünýäsindäki penakäri, oňony) diýip ykrar edip, olara we olaryň emeli şekillerine çokunmakdan gelip çykýan ynançlaryň esasynda, kelleçanagy ýa-da süňki asylan haýwanyň ruhunyň şol öýüň "garawuly" (penakäri) hökmünde çykyş edýändigine bolan ynanç;
3.Şowlulygy çagyrmak üçin ynam, ýagny häzirki döwürde gapjykdaky hemme puly sowup, ony taňkyratman, adamlaryň onda köpelerine "gorluk" birki manat ýa-da teňňe goýup yrym edişleri ýaly we ş.m.
avatar
0
12 Mekan • 19:51, 03.02.2023
Gyzykly. Täsin.

Serdar agañkylaram şeýle.
avatar

Старая форма входа
Total users: 203